Şäherliler yssy howadaky arzyly 'adalaryndan', suw çüwdürimlerinden mahrum edilýär
Işlemez ýaly, şäheriň suw çüwdürimleriniň köpüsiniň suwuny boşatdylar; içi suwly duran fontanlar her gün bir sagat, öýlän sagat 18:00-dan 19:00-a çenli işledilmeli, galan wagtlarda, birden çagalaryň gelip, bu ýerde suwa düşmezligi üçin, olara berk gözegçilik etmeli diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.