Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mekdep okuwçylary mejbury pagta ýygymyna çekilip başlandy


Arhiwden alnan surt
Arhiwden alnan surt

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

"Farapda 9-10-11-nji synp okuwçylara her gün pagta ýygdyrýarlar. Olar ýarym iş güni işledilýär. Eger olaryň okuwy 13:00-da başlaýan bolsa, onda olar ir sagat 7:30-dan 12:00-a çenli işleýärler. Eger olaryň sapaklary 7:30-da başlaýan bolsa, onda olar 13:00-dan agşam sagat 19:30-a çenli ýygymda bolmaly. Resmiler olaryň ýygan her 1 kilogram pagtasy üçin 20 teňňe wada berýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy býujet işgärleriniň we mugallymlaryň ençemesine salgylanyp, okuwçylaryň pagta ýygymyna çekilmegine sebitdäki döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň Kerki we Köýtendag ýaly etraplara ýatymlaýyn pagta ýygymyna iberilmeginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Etrapda pagta ýygjak býujet işgäri ýokdugy sebäpli bu işe okuwçylar çekilýär. Etrabyň esasan 12-nji, 18-nji we 23-nji mekdepleriniň okuwçylary pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Olar esasan Magtymguly, Pristin ýaly obalaryň golaýyndaky pagta meýdanlaryna çykýarlar" diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de habarçy Farap serhet galasynyň esgerleriniň hem pagta ýygymyna gatnaşdyrylýandygyny aýdýar. "Olar nyzama durup, 50 esgerden 10 topara bölünip pagta ýygýarlar. Olar Farabyň ähli obasynda göçme çadyrlary gurnap, ýatymlaýyn pagta ýygymyna gatnaşýarlar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtda, habarçy okuwçylar we esgerler pagta ýygymyna iberilip başlanan bolsa-da, etrabyň gowaça meýdanlarynda ýetişip oturan pagtanyň juda azdygyny aýdýar.

"Giç ekilen pagtalara heniz-de ýapraklaryny düşürýän dermanlar berilmedi. Oktýabr aýy golaýlasa-da, pagtalaryň gozasy açylman duran ýerleri köp" diýip, ol belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Farap etrap häkimliginden, bilim bölüminden, şeýle-de agzalan mekdeplerden goşmaça maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Bu aralykda, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy edara-kärhanalaryň işgärlerinden pagta ýygym möwsümi üçin mejbury pul ýygnamak işleriniň dowam edýändigini habar berýär.

"Býujet işgärleri pagta ýygymyna günin gitmeli bolsalar, onda her gün üçin 30 manady, ýatymlaýyn gitmeli bolsalar, 10-15 gün üçin 500 manady edara başlyklaryna töleýärler. Başlyklar öz gezeginde bu jemlenen pullary häkimlige tabşyrýarlar" diýip, maryly habarçy 24-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimlikler bu pullar esasynda pagtaçy kärendeçilere hakyna adam tutup bermäge borçlanýar. Ýöne habarçy bilen söhbetdeş bolan pagtaçy kärendeçiler häkimlige pagta ýygmak üçin adam sorap baran daýhanlara "ýeterlik adam ýok" diýlip jogap berilýändigini aýdýarlar.

"Egerde häkimlikde ýa-da organ işlerinde işleýän tanşyň bolsa, onda häkimlige haýyş edip barýan adama derrew pagta ýygmak üçin adam ugradýarlar. Bu ýerde sorag ýüze çykýar: Býujet işgärleriniň pullary nirä gidýär?" diýip, maryly kärendeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçy häzirki wagtda hakyna tutulan adamlara 1 kilogram ak pagta üçin 40 teňňe, ýüpek pagta üçin 50 teňňe tölenýändigini hem belledi.

9-njy sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "ak pata" bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, bu möwsüme Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda badalga berildi.

Ýöne Azatlygyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna baryp 17-nji awgustda çekilip başlanandygyny habar berdiler. Bu habardan bir hepde soň bolsa, Marynyň käbir býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna ýatymlyk iberilip başlanandygy mälim boldy.

Şeýle-de, geçen aýyň ahyrynda Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynyň polisiýasynyň maska režimini berjaý etmeýän wagty ele salnan we munuň jerimesini töläp bilmeýän adamlary pagta ýygmaga mejbur edýändigini habar berdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda pagta hasylyny ýygmaga esasan edara-kärhanalaryň işgärlerini, esgerleri mejbury çekmek kada öwrülene meňzeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary käbir ýyllarda bu mejbury işe çaglaryň hem çekilýändigini habar berip gelýärler.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda mejbury çaga zähmetinden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankyt edip gelýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury çaga zähmetini çürt-kesik gadagan edýän bolsa-da, hukuk goraýjylar, şeýle-de ýerli synçylar ýurduň degişli kanunçylygynyň iş ýüzünde doly amal edilmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG