Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlar hasylyň pesdigini, terezide 'haklarynyň iýilýändigini', häkimiýetleriň 'wadada tapylmaýandygyny' aýdýarlar


Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest bildirýän aktiwistler. Arhiw suraty
Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest bildirýän aktiwistler. Arhiw suraty

Türkmenistanda mejbury zähmet hökmünde tankyt edilýän pagtaçylygyň raýatlar üçin döredýän goşmaça aladalary köpelmese, azalmaýar diýip, regionlardan gelýän habarlarda aýdylýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy pagta ýygymynyň barşy we ýerlerdäki hakyky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, welaýatyň gyrak-çetdäki obalarynyň käbiriniň ekin meýdanlaryna aýlanyp gördi.

“Mary welaýatynyň çetki obalaryna baryp, adamlar bilen gürleşdim. Türkmengala etrabynyň Zähmet we Täze dünýä daýhan birleşiklerinde bolmak başaratdy, bu obalar Türkmenabada gidýän uly ýoluň gyralarynda ýerleşýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýol ýakalarynda ekilen gowaçanyň gowy ýerleri hem bar, bu ýol ýakasyndaky ekine biraz gowy seredilýändigini görkezýär. Emma muňa garamazdan, çeträk ýerlerde gowaça gowy däl, kel ýa-da ala biten, gowy boý alyp bilmedik gowaçaly meýdanlar hem az däl.

Şeýle-de habarçy kärendeçileriň bu ýylky hasyly hem juda alada edýändiklerini gürrüň berdi.

Gozalar dökülýär, gowaça meýdanlaryna öz wagtynda derman sepilmedi, gowaça şireje düşdi” diýip, daýhanlar Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.


Aýdylmagyna görä, daýhanlardan her gektardan pagta harmanyna 2 tonna pagta tabşyrmak talap edilýär.

Sowet döwründen gelýän we hemişe real bolmadyk pagta plany hem-de emele gelen praktika bilen baglylykda, agrotehniki kadalaryň ýeterlik berjaý edilmezligi, suwaryş, dökünleýiş we bejeriş ileriniň gijikdirilmegi ýa kemeldilmegi, ýerleriň şorlamagy Türkmenistanda hasyllylygyň pese gaçmagyna alyp geldi. Türkmenistanyň prezidenti ýerleriň şorladylýanyny, hasyllylygyň pesdigini ençeme gezek boýun aldy, emma ol özüniň geçen ýyl eden täze oba hojalyk tekliplerinde bu problemalary nädip çözüp boljagyny anyklaşdyrmady.

Sowet ýyllarynda bu ýagdaýlar kolhoz we sowhoz başlyklarynyň ýokardan berilýän pagta planlaryny pagta satyn almagyň hasabyna doldurmagyna alyp geldi.

Bu praktikanyň garaşsyzlyk ýyllarynda hem saklanyp galandygy aýdylýar. Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, häzir pagta bazalarynda plan dolmak üçin satylýan pagtanyň tonnasy 1500 manat bahalanýar.

Edil häzir pagta satyn almakçy bolsaň, ýok diýýärler. Ýöne pagta bazasynyň ýolbaşçylarynyň gurply maşgalalara ýa-da öz tanyşlaryna häzirem pagta satýanyny eşidýäris” diýip, kärendeçileriň biri Azatlyk radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, pagta bazasynda pagta öňküler ýaly bol däl, sebäbi daýhanlaryň tabşyrýan pagtasy azaldy.

Geçen ýyllarda kärendeçiler pagta bazasyna pagta tabşyranda, bazanyň terezide durýan çekimçileri olara tonnasy 1200 manatdan bardyr diýip, pagta satmagy teklip edýärdiler, indi baryp haýyş etseň hem ýok diýen jogaby alýarsyň” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne ol geçen aý gurply hojalyklaryň birnäçesiniň tonnasy 1500 manatdan pagta satyn alandygyny hem sözüne goşdy.

Pagta tabşyrýan daýhanlar pagta bazasyndaky çekimçileriň terezä getirilen her tonna pagtadan 150-200 kilogram pagtany hapasy, çyglylygy üçin diýip kem ýazýandygyny hem gürrüň berdiler.

Şeýle-de habarçy Täze dünýä we Zähmet daýhan birleşiklerindäki durmuş, ýaşaýyş şertleriniň şäheriň golaýyndaky obalardakydan has pesdigini, tebigy gazyň gelşi pes bolansoň, adamlaryň daşardaky ojakda odun, sygyr tezegini ýakyp, nahar bişirýändiklerini, gazyň gyş aýlarynda hasam peselýändigini, şeýle-de adamlaryň elektrik togunyň ýetmezçiligi zerarly örän kösenýändigini gürrüň berdi.

“Gazyň, toguň pesligi zerarly, kebşirleýji enjamalary ulanyp, tok güýçlendiriji ýasanyp, olar ýarylanda öýlerindäki telewizorlaryny we beýleki elektrikde işleýän enjamlaryny ýakdyryp, uly zyýana galýanlar hem bar” diýip, habarçy bilen gürleşen daýhan aýtdy.

Mundan başga, kärendeçilere tabşyran pagtasy üçin “awans pullaryň” hem gijikdirilýändigi habar berilýär.

Pagta tabşyranyma 10 gün bolup geçdi, emma şindem puluny doly alyp bilemok. Pagtamy Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl pagta bazasyna tabşyrdym. Kärendeçileriň käbiri 15 gün mundan ozal ýygyp tabşyran pagtasynyň hem puluny alyp bilmeýär. Awans bolanda pagtany ýygdyrmak üçin 1 kg ýüpek pagta 80 teňňe, ak pagta bolsa 60 teňňeden pul berilýär. Soňra ol pullar umumy girdejiňden tutulýar” diýip, daýhan aýtdy.


Şeýle-de ol ýolbaşçylaryň tabşyrylan her bir tonna pagta üçin 1 halta künjarany ýa-da kepegi döwlet bahasyndan bermegi wada berip, heniz bu wadada tapylmaýandygyny aýtdy.

Ýerli synçylar sowet ýyllarynda ýokardan berilýän real däl pagta planlary sebäpli türkmenistanlylaryň aglaba köplüginiň okamak, degerli bilim almak mükinçiligini ogurladandygyny aýdýarlar. Halkara hukuk toparlary Türkmenistany pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmagy bes etmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG