Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalar çolarýar, sary garynjalar adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryna howp abandyrýar – ýerli ýaşaýjylar


Illýustrasiýa suraty. Sarygarynja
Illýustrasiýa suraty. Sarygarynja

Ahal welaýatynyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän obalarda peýda bolup başlan sary garynjalar ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna howp abandyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp maglumat berýär.

“Bu mör-möjekler jaýlaryň üçeklerindäki tagtalary, agaç diregleri köwýärler. Netijede, üçekler çökýär, adamlaryň ýaşap oturan jaýlary howp astynda galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne şeýle ýagdaý, ýerli ýaşaýjylara görä, ‘bir günüň içinde’ ýüze çykmaýar, “döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar” diýlişi ýaly, birnäçe wagt öňünden jaýlardaky agaç bölekleri, tagtalar gopup, ýere gaçyp başlaýar.

“Howply alamatlaryň öňünden ýüze çykyp başlaýandygyna garamazdan, başga çykalgasy bolmadyk adamlar, onsuz hem üpjünçiligi pes bolan hojalyklar garynja çozuşlarynyň astynda galýan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy dowam etdirýärler” diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýdýar.

Azatlyk Radiosy öňki ýyllarda hem ýurduň günorta we günorta-gündogar sebitlerinde, hususan-da, gurakçylyk döwründe sary garynjalaryň köpçülikleýin peýda bolmagy, olaryň ilatly ýerlere howp abandyrmagy barada habar beripdi.

Ýatlasak, geçen ýylyň tomus aýlarynda günorta sebitde ýerleşýän Gypjak, Herrikgala we Ruhabat ýaly ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde sary garynjalar peýda boldy. Üçeklerini esasan agaçdan gurduran hojalyklaryň birnäçesi şonda üçeklerdäki tagtalary metal sürünler bilen çalyşmaly bolupdy. Gurby çatmaýan hojalyklar bolsa, sarygarynja garşysynda goragsyz galmakdan şikaýat edipdi.

Soňky habarlar bilen günorta sebitlerde birmeňzeş ýagdaýlar gaýtalanýar.

“Gurby çatýan hojalyklar üçeklerini söküp, hatda ýaşap oturan jaýlaryny ýykyp, täze jaý gurýarlar” diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

“Gurby çatmaýan hojalyklar bolsa, üçeklerine goşmaça direg diräp, howp astynda ýaşamagy dowam etdirýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň çäginde hasaba alynýan sary garynja, termit çozuşlary barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmeýär. Ýerli häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan mör-möjek çozuşlary barada resmi beýanat bermeýärler. Döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler günorta sebitde emele gelen ýagdaýlary agzamaýar.

Hünärmenlere görä, termitleriň käbir görnüşleri gurak howa şertlerinde giňden ýaýraýar we guran agaçlardan iýmitlenýärler. Barlaglara görä, hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen Merkezi Aziýa sebitinde termitleriň birnäçe görnüşi hasaba alnypdyr.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde zyýankeşleriň, şol sanda çekirtgeleriň we beýleki mör-möjekleriň köpelmegi bilen bagly habarlar has-da ýygjamlaşýar. Bu ýagdaý hususan-da oba ilatynyň durmuşyny bökdeýär. Şeýle-de, ekerançylyk ýerleri, daýhanlar zyýankeşlerden ejir çekýär.

Galyberse-de, zyýanly mör-möjekleriň köpelmegi bilen bagly hadysalar howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalaryň dowam edýän pursatlaryna, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitiniň, şol sanda Türkmenistanyň soňky ýyllarda gurakçylykdan, suw ýetmezçiliginden has köp ejir çekýän döwürlerine gabat gelýär.

Ýöne Azatlyk Radiosy gurakçylyk bilen sarygarynja çozuşlarynyň arasyndaky göni arabaglanyşygy ýerli hünärmenlere tassykladyp bilmeýär.

Obalar zyýankeşlerden zyýan çekýär

“Sary garynjalar ýoluň gyralarynda agaçdan ýasalan elektrik sütünleriniň hem içini köwýär” diýip, ahally ýaşaýjylar aýdýar.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, hususan-da, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň çäginde oba hojalyk ekinleriniň çekirtgelerden zyýan çekmegi, ýa-da käbir sebitlerde alakalaryň we syçanlaryň köpelmegi barada ençeme gezek habar berildi.

Oba hojalyk resmileri şeýle habarlaryň fonunda bu ugurda görülýän çäreler barada hiç hili hasabat bilen çykyş etmeýärler.

Beýleki käbir Merkezi Aziýa döwletlerinde termitleriň ýaýramagyna garşy, mundan ozal, käbir çynlakaý çäreleriň ýerine ýetirilen pursatlary boldy.

2013-nji ýylda goňşy Özbegistanda giň ýaýran termit çozuşlarynyň arasynda, mör-möjeklere garşy göreşmek üçin ýörite agentlik döredildi.

Şonda özbek häkimiýetleri termit çozuşlarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy Hywa şäheriniň diwarlaryna-da zyýan ýetirendigini aýtdylar. Şeýle-de, termitler şonda goňşy Özbegistanda oba hojalygy pudagyna we aragatnaşyk enjamlaryna-da zyýan ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal, Ahal welaýatyndaky käbir sebitler bilen bir hatada Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda, hususan-da etrabyň Momataý geňeşliginde termitleriň, sary garynjalaryň ýaýramagy barada habar berdiler.

Sary garynjalar ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna, oba durmuşyna howp abandyrýar - ýerli ýaşaýjylar
Sary garynjalar ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna, oba durmuşyna howp abandyrýar - ýerli ýaşaýjylar

Hünärmenler, hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen, çöl tokaýlarynyň çolaryp, gyrymsy agaçlaryň azalandygyny, munuň bolsa, sebitde termitleriň birnäçe görnüşiniň örňemegine getirendigini aýdýarlar.

Momataý geňeşliginde iki ýyl ozal, ýatlasak, bir maşgalanyň, sary garynjalaryň ýaşaýyş jaýyndaky pollary köwmegi sebäpli, agşamlyk edinip oturan ýerlerinde pollary çöküpdi.

Geňeşligiň beýleki bir ýaşaýjysy ýaşaýyş jaýyndaky şiferleriň, ýagny ýapyrgyçlaryň sary garynja sebäpli çökendigini habar berdi.

2020-nji ýylyň oktýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata, Halkabat we Gazojak sebitleriniň azyndan dört şäherçesinde termitler peýda boldy. Sebit ýaşaýjylary uly zyýan çekdi.

Has öňki ýyllarda, Halaç etrabynda bir orta mekdebiň penjireleri, gapylary sary garynjalar tarapyndan gemrilipdi.

“Ilat şeýle howplaryň garşysynda ýeke-ýalňyz galýar. Hökümet ejir çeken adamlara ýardam bermeýär, umuman geleňsiz galýar” diýip, ahally ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal ýurduň dürli sebitlerinde obalaryň çolarmagy, çet sebitlerde ilatyň, iş, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli, oba ilatynyň, oňarsalar, şäher ýerlerine, hatda has aňrylara, daşary ýurtlara göçmäge hyjuwlanýandyklaryny ençeme gezek habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG