Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?


Itler üçin penahana, Türkmenistan (arhiw suraty)
Itler üçin penahana, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz haýwanlaryň rehimsiz öldürilmeginiň fonunda sosial mediada haýwanlaryň wagtlaýyn saklanýan ýeri üçin maliýe serişdesiniň toplanýandygy hakynda bildiriş peýda boldy.

Bildirişde tutulan haýwanlaryň penahanalara däl-de, eýsem “ýeke-täk ýere, zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawoduň giňişliginde ýerleşýän wagtlaýyn saklaýyş punktuna” alnyp barylýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna bu bildirişiň çeşmesini anyklamak we onuň bilen habarlaşmak başartmady. Emma Azatlyk bilen Aşgabatdan söbbetdeş bolan haýwanlary goraýjy aktiwistler bildirişde agzalan ýeriň ençeme aý bäri doly üzňelikde saklanýandygyny we ol ýere meýletinçileriň goýberilmeýändigini aýdýarlar.

“Ýok bolup barýan angar, haýwanlaryň aýylganç şertlerde gynalyp ýogalýan ýer wagtlaýyn saklaýyş ýer diýlip atlandyrylypdyr. Emma nädip wagtlaýyn saklanýar. Olar bu ýerden soň başga hiç ýere berilmeýär” diýip, haýwanlary goraýjy aşgabatly aktiwist aýtdy.

Öýsüz haýwanlar üçin agzalan bu penahana Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýji zawodyň territoriýasynda ýerleşýär.

Bu ýerdäki ýagdaýlary görkezýän wideo ýazgysy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy. Bu kadrlar geçen ýylyň tomsunda, haýwanlara ideg eden meýletinçileriň bu ýere goýberilmeginiň bes edilmeginiň öňüsyrasynda gizlin surata düşürlipdi.

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Wideoda haýwanlaryň aýylganç şertlerde saklanýandygyny, hor we keselbent itleri, dargap ýatan jesetleri görse bolýar.

Aktiwistleriň sözlerine görä, Çoganlydaky penahana meýletinçiler üçin 22-nji awgustda ýapylypdyr, şondan bäri onuň elektrik togy we suw üpjünçiligi kesilipdir. Onuň daşyna haýat we tikenekli sim çekilipdir.

“Bu priýomnik meýletinçileriň hasabyna we olaryň sosial media arkaly ýygnan puluna saklanýardy. Suwy we elektrik toguny hem meýletinçiler çekdiler. Olar itleriň gezelenç etmegi üçin ýeri döretdiler” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, şondan bäri saraýa hiç kim goýberilmeýär, emma kätä kadadan çykma-da bolýar.

- Golaýda bir adam saraýyň territoriýasyna barmagy başardy. Ol ýerde aňkap ýatan maslyklaryň we hapalaryň arasynda çalajan haýwanlar zordan gymyldaýar. Hut şu ýere tutulan haýwanlaryň käbiri getirilýär.

Haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, häzirki wagtda öz ýiten it- pişiklerini gözläp bu ýere gelýän ýaşaýjylary goýbermeýärler. Azatlygyň söhbetdeşleri häzirki wagtda awlanan it-pişikleri penahanadan pula satyn almak mümkinçiliginiň hem aradan aýrylandygyny aýdýarlar.

- Öň satýardylar, ýüz manatdan başlanýan nyrhdan satyn alyp bolýardy. Men şeýdip öz pişigini yzyna gaýtaran adamlary bilýärin.

Şol bir wagtda-da, türkmen paýtagtynda it-pişikleriň rehimsizlik bilen köpçülikleýin awlanmagy dowam etdirilýär.

"5-nji dekabrda Parahat-3 etrapçasynda alabaý itini urup öldürdiler. Muny ýerli ýaşaýjylar, şol sanda çagalar hem gördi. Ol gana bulaşyp, tutuş etrapçada gaçyp ýördi. Öldürdiler. 8 sany güjük galdy” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu meseläni kommentirlemekden saklanmagyny dowam etdirýärler.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aktiwistleriň pikirine görä, häkimiýetler idegsiz haýwanlaryň awlanýandygyny resmi taýdan boýun almasalar-da, penahanany saklamak arkaly ýurtda öýsüz haýwanlara ideg edilýändigi hakynda pikir döretmek isleýän bolmaly.

XS
SM
MD
LG