Syýasy repressiýalar, türkmen edebiýaty we ýaşlar baradaky söhbetimizi, Gökdepe galasynyň synmagynyň ýyl dönümi mynasybetli, 140 ýyl ozal, dünýäden üzňe we yzda galany üçin gyrgynçylyga uçran halkdan gizlenýän taryh hakyndaky gürrüň bilen dowam etdirýäris.
Gökdepe galasynyň partladylyp, öz ýurduny basybalyjylardan goramaga çalşan adamlaryň, şol sanda aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň şol döwrüň iň kämil ýaraglary bilen ýaraglanan rus goşunlary tarapyndan rehimsiz urlup-çapylan gününden bäri 140 ýyl geçdi we rus generalynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan bu aýylganç gyrgynçylygyň ýyl dönümini türkmen döwlet metbugaty ýene bir gezek dymmak bilen garşy aldy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly edebiýatçynyň pikirine görä, türkmen hökümeti indi otuz ýyl bäri öz ilatyny dünýäniň ösen böleginden üzňe, bisowat we mätäçlikde saklamak üçin göreşýär we oňyn bitaraplyk syýasatyna duwlanýan diýdimzorluk halky pandemiýa döwründe has-da agyr ýagdaýa saldy.
"Eger-de halkymyz uzaga çeken üzňeligiň özleşdirilmedik sapaklaryny internet asyrynda hem özleşdirip bilmese, bu agyr ýagdaý dowam eder" diýip, edebiýatçy bu meselede daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň köp iş edip biljekdigini belledi.
Gökdepe betbagtçylygynyň ýyl dönümi bu gezek türkmen hökümetiniň ýene bir sapar ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek barada gürrüň edip, bu ugurdaky döwlet syýasatynyň 2025-nji ýyla çenli döwri öz içine alýan programmasyny tassyklan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Hökümet tankytçylary bu syýasatyň ýaşlaryň beýnisini öňküsinden hem beter ýuwmak, ýülmemek üçin işlenip düzülendigini, onuň özeninde ýurdy yzagalaklyga salan şowakör syýasata tabyn adamlary ýetişdirmek wezipesiniň gizlenýändigini aýdarlar.
TDH-nyň 8-nji ýanwardaky maglumatyna görä, döwlet baştutany türkmençilik ýolunyň, ata-babalardan gelýän däp-dessurlaryň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýetini ýene bir gezek belläp geçdi, ýöne türkmenleriň watan ugrundaky ganly söweşleri, olaryň manysy we ýaşlara düşündirilişi barada hiç zat aýtmady.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, türkmenleriň ýurduň basylyp alynmagyna garşy alyp baran söweşleri hakynda ýaşlara ozal berlen maglumatlar hem kesgin azaldyldy, 12-nji ýanwarda resmi derejede bellenen Hatyra güni bolsa 6-njy oktýabrda, 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan tebigy betbagtçylygyň "kölegesinde", ýer yranan gününde bellenýär we milli metbugat rus goşunlarynyň Gazawatda we Gökdepede amala aşyran rehimsiz gyrgynçylyklary hakynda sowet döwründe eýelän berk dymmak pozisiýasyna dolanyp geldi.
Şu günki günde türkmen ýaşlarynyň arasynda rus patyşasynyň basybalyjylykly syýasatynyň pidasy bolan ata-babalary hakynda tasdan hiç zat bilmeýän adamlar-da bar. Resmi Aşgabatdan tapawutlylykda, resmi Moskwa türkmen topragyny basyp alan we gala ýykylanda guma tarap gaçan adamlary gyrmaga özi hem gatnaşan generalyny şindi hem hormatlaýar.
Has anygy, türkmenler arasynda "gözi ganly general" adyny alan Skobelewiň 1912-nji ýylda Moskwanyň Twerskaýa köçesinde dikilen ilkinji ýadygärligi soň bolşewikler tarapyndan ýykylyp aýryldy we, iňlis taryhçysy Aleksandr Morrisonyň pikiriçe, Mihail Dmitriýewiç Skobelewiň 2014-nji ýylda Moskwanyň Wernadskiý prospektinde dikilen täze ýadygärligi Orsýetiň öz kolonial geçmişini, basybalyjylygyny inkär edendigine we 'ak general' diýilýäniň şahsyýet kultunyň gaýtadan dikeldilendigine ýene bir delil bolup durýar".
Ýewropada ýaşaýan aşgabatly edebiýatçynyň pikiriçe, Moskwanyň ýa rus milletçileriniň Skobelew baradaky pozisiýasy türkmen topraklarynyň basylyp alynmagy üçin "goşuny ähli zerur zatlar bilen doly üpjün eden" we Gökdepe synanda juda begenen rus imperatorynyň pozisiýasyndan hem ýowuz we adamkärçiliksiz bolup görünýär.
Rus çeşmeleriniň maglumatyna görä, iki ýyla niýetlenen Gökdepe urşunyň has gysga wagtda tamam bolmagy Aleksandr II gaty begendirýär we ol Skobelewe doly generallyk derejesini bermegi, ony merhemetli Georgiý ordeniniň ikinji derejesi bilen sylaglamagy buýurýar.
N.Hojageldiýewiň "Gökdepe galasy" oçerkinde bellenmegine görä, rus awtorlary we harby işgärleri 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda amala aşyrylan gyrgynçylyk barada buýsanç bilen ýazypdyrlar.
"Olar Gökdepe galasy alnandan soňky gyrgynçylygyň bilkastlaýyn edilendigini, onuň galanyň söweşsiz boýun egip-egmezligine bagly bolmandygyny hem aç-açan ýazýarlar" diýip, ýazyjy ýarylan galadan guma tarap gaçan adamlaryň general Skobelewiň ýolbaşçylygynda, ätiýaçda duran toply-tophanaly otrýad tarapyndan 15 wýorsta çenli kowalanandygyny mysal getirýär.
"...bosgunlaryň iň güri ýerlerini topa tutupdyrlar. Tekeleriň gaçyp giden ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. ...Bosgunlaryň yzyndan kowulanda çagadyr aýal-erkek 8.000 adamyň gyrlandygyny 1881-nji ýylyň 20-njy fewralynda Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine iberen maglumatynda Skobelew hut öz eli bilen ýazypdyr" diýip, awtor bu sanlaryň beýleki rus harby işgärleriniň ýatlamalarynda hem tassyk bolýandygyny belleýär.
Wladimir Fetisowyň ýazmagyna görä, gala synandan soň, Skobelew soldatlaryna üç günlük talaňçylyk rugsadyny berýär. Emma N.Hojageldiýew galany talamak üçin dört günlük rugsadyň berlendigini aýdýar.
Rus taryhçylarynyň bellemegine görä, bu däp gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýar, ýöne XIX asyrda medenileşen ýurtlarda beýle zada ýol berilmändir. W. Fetisow rus imperiýa goşunynda talaňçylyk düýbünden gadagandy, beýle işe ýüz uranlara harby-meýdan sudunda garalýardy diýip ýazýar.
"Hywa bilen Kokandyň basyp alynmagy gyrgynçylyga we talaňçylyga ýüz urulmanda hem oňup boljakdygyny görkezdi" diýip, Fetisow Skobelewiň bu düzgüni bozandygyny belleýär. Onuň pikiriçe, rus goşunlarynyň harby artykmaçlygyna, beýle kän gan dökmän, talaňçylyk etmän oňup boljakdygyna garamazdan berlen buýruk hiç bir jähtden aklanyp bilmez we ol, şu günki günüň ülňülerinde uruş jenaýatçysy bolýar.
Uruş wakalaryna gatnaşyjy A.K.Geýnsden sitirlenen sözlere görä, galadan çekilen we pyýada hem atly goşun tarapyndan gyrgyna berlen çagalaryň, aýallaryň arasynda galan türkmenleriň bir bölegi ýolda ýaraglaryny taşlaman, ölümi bolmalysy ýaly kabul etse, köpüsi yzdan kowýanlara garaşyp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup, başa-baş söweşe girdiler we iňlemän ýykylyp, aýylganç ykbala hiç bir arman alamatyny görkezmän kaýyl boldular.
Türkmenleriň beýle ýowuz gyrgynçylyga sezewar bolmagy olaryň öz topraklaryny gorap, basybalyjy güýçlere garşy alyp baran söweşlerinden gazaply ar alynmagy, rus goşunlarynyň abraýyny dikeltmek maksady bilen düşündirilýär.
Ruslar Hywany, Buharany we Kokandy ele geçirenlerinden soň, W.Fetisowyň ýazmagyna görä, tekeler 1876-njy ýylda Eýranyň şasyna pars raýatlygyna geçmek haýyşy bilen ýüz tutýarlar we Orsýetiň Tährandaky wekili I.A.Zinowýew şa hökümetine öz ýurdunyň bu çärä el-aýak garşy çykjakdygyny duýdurýar.
Gökdepe urşundan biraz yza çekilip aýtsak, türkmenler 1873-nji ýylyň tomsunda hem rus gyrgynçylygyna sezewar bolupdy we bu gyrgynçylyk sowet döwründe bolşy ýaly, soňam çeke durulýan tema bolup galdy. Sebäbi okan adamlar syýasy repressiýanyň diňe şu güne däl, geçmişe hem berk gözegçilik edýändigini gowy bilýärdiler.
Türkmenleriň Gazawatdaky gyrgynçylykdan bary-ýogy birnäçe ýyl soň, 1877-nji we 1878-nji ýyllarda general N.P. Lomakiniň ýolbaşçylygyndaky rus goşunlaryna gaýtawul bermegi 1879-njy ýylyň ýanwarynda Peterburgda ýörite maslahat geçirilip, Gökdepe galasynyň alynmagy barada aýgytly karar edilmegine alyp gelýär. Netijede, imperatoryň tassyklamagy bilen, türkmen topraklarynyň basylyp alynmagy üçin gowy ýaraglanan 7 müň pyýada, 2900 müň atly goşun jemlenýär.
Ýöne ruslar ýene-de şowsuzlyga uçraýar. N.Hojageldiýewiň ýazmagyna görä, 28-nji awgustda Gökdepe galasyny goraýjylaryň 2 müňe, käbir maglumatlara görä 3 müňe çenli agzasyny hatardan çykaran ruslar, hüjüme geçen 3 müň esgeriň 453-sini ýitirýär, türkmenler 600 berdanka olja alýar. Hut şu ýagdaý hem imperatoryň Gökdepä general Skobelewi ibermegine sebäp bolýar.
N.Hojageldiýew türkmenleriň ýeňilmeginiň esasy sebäpleriniň birini olaryň dünýäden üzňe galmagy, hiç kimden kömek alyp bilmändigi bilen düşündirýär.
"Eger tekeler iňlislerden ýarag kömegini alan bolsadylar, eger olar ruslara garşy diňe sowuk ýarag bilen uruşmaly bolmadyk bolsadylar, belki, ruslara galany almak başartmazdy. Gökdepe urşunda ýaragyň ýeňendigi hemme kişä belli zat" diýip, ýazyjy Skobelewiň goşunyň top bilen üpjünçiligine aýratyn üns berendigini belleýär.
Aýdylmagyna görä, ol Gökdepäniň eteginde her müň goşunyna 10 – 12 top hasabyndan, azyndan 80 – 100 top jemlemegi maksat edinipdir we bu maksadyna doly ýetipdir.
Rus harbysy N.I.Grodekowa salgylanyp berilýän maglumatlar Gökdepäni goraýjylaryň sanynyň 30 müňe çenli bolup, olaryň atly goşunynyň 10 müňe çenli, galada ýaşaýan ähli ilatyň bolsa 45 müňe çenli adam bolandygyny görkezýär.
"Galany goraýjylaryň 5 müňe golaý tüpeňi bardy, olardan 600-si tiz atýan tüpeňdi, 6 funt kalibrli bir mis top we iki sany stanokly çoýun zemburek bardy. Sowuk ýarag, gylyç we naýza goraýjylaryň hemmesinde bardy" diýip, "Gökdepe galasy" atly öçerkde Grodekowa salgylanyp aýdylýar.
Ýewropada ýaşaýan türkmen edebiýatçysynyň rus çeşmelerine salgylanyp aýtmagyna görä, rus goşunlarynyň gala synandan soň eden gyrgynçylyklary barada alan hasabaty hatda rus imperatoryny hem haýran galdyrýar. Netijede, ýokarlandyrylan harby çinine we alan sylaglaryna garamazdan, Skobelew basym tasdan dynç alşa iberilýär we bir ýarym ýyl soňra, 1882-nji ýylyň iýun aýynda, 39 ýaşynda, gümürtik ýagdaýda aradan çykýar.
Türkmen intelligentsiýasynyň we aktiwistleriniň taryhy hakykatyň dogruçyl beýan edilmegi ugrunda eden tagallalary netijesinde, 1980-nji ýyllaryň aýagynda we 90-njy ýyllaryň başynda, Gökdepe söweşine şaýat bolan adamlaryň ýazgylarynyň we metbugat materiallarynyň esasynda, türkmen dilinde bir topar maglumat çap edildi, ýazyjy Ata Gowşudowyň sowet ýyllaryndan ýiten hasaplanan "Perman" romany bölekleýin dikeldildi we okyjylara ýetirildi.
Taryhçy alym Myrat Annanepesowyň (1932-2013)we beýlekileriň, şol sanda ýazyjy N. Hojageldiýewiň eden işleri, çap etdiren makalalary we kitaplary häzir gaýtadan, uly nusgalarda çap edilse ýa-da ozal terjime edilen taryhy ýazgylar ýaşlara giňden düşündirilse, watançylyk terbiýesi barada edilýän boş gürrüňlerden has peýdaly bolardy diýip, aşgabatly edebiýatçy pikir edýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Seýitmyrat Öwezbaýewiň 1920-nji ýyllarda rus dilinde Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi esasynda ýazan "Gönübek" atly taryhy eseri 1991-nji ýylda türkmen dilinde çap edildi we onuň elektron görnüşi 2010-njy ýylda hökümetiň däl, daşary ýurtlardaky türkmen ýaşlarynyň tagallasy bilen internetde, sanly görnüşde hem okajaklara elýeterli edildi.
Bellemeli ýeri, 90-njy ýyllaryň başynda S.Öwezbaýewiň makalasy esasynda döredilen, käbir pikirlere görä durşuna edebi ogurlyk bolan "Gala" oýny türkmen teatrynyň sahnasynda hem goýuldy we ony döredijiler eýýäm şol döwürde Magtymguly baýragyna mynasyp boldy.
Şeýle-de, N.Hojageldiýewiň akademik M.Annanepesowyň redaksiýasy bilen çap etdiren gysgaça taryhy oçerki internetde okajak adamlar üçin elýeterli edildi.
M.Annanepesowyň bu kitapça ýazan sözbaşysynda bellemegine görä, taryhçylar Gökdepe söweşine "dürli wagtlarda dürli hili çemeleşdiler" we esasan patyşa Russiýasynyň harby ekspansiýasyny ýuwmarlajak bolup, ýerli halkyň gahrymançylygyny peseltmek, onuň wekillerini aýyplamak, gala üstünde bolan söweşiň ähmiýetini kiçeltmek synanyşyklaryny etdiler.
Emma indi bu söweşiň ähmiýeti, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleriniň öz halkyna we onuň taryhyna garşy alyp barýan repressiw syýasatlary astynda peseldiljek bolunýana meňzeýär.
SSSR-iň ýykylmagy bilen dörän uly mümkinçiliklere garamazdan, türkmen taryhy, öz ýurduny goran adamlar baradaky taryhy hakykat hem, öwrenjek, ýazjak adamlary gorkuzmak, köplenç bolsa geçmişdäki gahrymançylyklary bilkastdan görmezlige salmak we 1991-nji ýyldan soň dörän täze "serdarlary" ideallaşdyrmak netijesinde, köplenç halkdan ýaşyrylyp saklanýar diýip, 61 ýaşyndaky edebiýatçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň 1990-njy ýyllaryň başynda taryhy hakydany dikeltmek ugrunda eýelenen pozsiýalardan barha kän yza çekilmegi bilen, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krisiz, iş başyndaky prezidentiň halk içindäki abraýynyň soňky birnäçe ýylda aşa peselmegi netijesinde, resmi Aşgabadyň gaýtadan Moskwanyň howandarlygyna "örän mätäç bolmagyna" alyp gelene meňzeýär.
Sözsoňy ýerine
1881-nji ýylyň 12-nji ýnawarynda galanyň partladylan ýerinde azyndan 700 adam ölüpdir. Türkmenler 23 güne çeken gabaw döwründe 7.000 adam ýitiripdirler. A.N. Maslowyň ýerli adamlara salgylanyp ýazmagyna görä, galany goraýjylar gabaw döwründe we galanyň alnan güni ölen adamlary 20.000 diýip hasaplapdyrlar.
"Boýy bary-ýogy 600 sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14.000-e çenli öý, oraça, çatma dikilen, 40.000-denem köp ilatly kiçijik galanyň içine 23 güne çeken gabawyň dowamynda 872.000 tüpeň oky, 12.400 top oky atylypdyr. Diňe gala zabt edilen güni 5.604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müň, atly goşun tarapyndan12.500 ok atylypdyr. Deňeşdirip görmek üçin 900 günläp dowam eden Leningrad gabawynda nemes basybalyjylarynyň şähere 148.478 top okuny atandygyny ýatlalyň" diýip, N.Hojageldiýewiň agzalan öçerkinde täsin deňeşdirme getirilýär.
Galanyň synan güni 3.000-den gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Olary guma çekilen adamlary yzlaryna dolamak üçin ulanypdyrlar.
Rus goşunlary 12-nji ýanwarda talaňa başlanda, galanyň etegine 227 ofiser, 6.672 soldat bar eken. Jemi 6.899 adam. Bir ýerden jerçiler peýda bolupdyr. Türkmen halysynyň bahasy bir bulgur araga gelipdir. Soldatlar ne gözel halyny bir bulgur araga berip, duran ýerlerinde içip, ýene haly getirmäge gidipdir. Maslow soňra 1883-nji ýylda şol halylaryň bir çetiniň Parižiň Gousman bulwaryndaky Aziýa önümleriniň magazinine baryp ýetendigini ýazýar. Grodekow gala alnandan soň talanan zatlaryň bahasyny 6.000.000 rubl diýip kesgitleýär.
Gökdepede gyrlan adamlaryň jesetleri ençeme günläp jaýlanman, meýdanda porsap galypdyr. Skobelew jeset jaýladyp, soldatlarynyň mädesine degmek islemändir we bu işde gulçulykdan boşadylan 500 sany ýesiri ulanypdyr. Emma olar jeset jaýlamagyň deregine talaň bilen meşgul bolup, rus soldatlaryndanam beter wagşylyk edipdir. Ahyry Skobelew olary gala goýbermegi gadagan etmäge mejbur bolupdyr. Boşan pars ýesirleri "ozal ýesir alnan gelin-gyzlarymyz" diýip, türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowularyny seçip-saýlap alyp gidipdirler diýip, N.Hojagelediýew ýazýar.
Ýewropada ýaşaýan türkmen edebiýatçysy synçylaryň köpüsiniň, sşol sdanda N.Hojageldiýewiň Gökdepe gyrgynçylygynyň rus ýaragynyň ýa goşunlarynyň ýeňilmezlik şan-şöhratyny dikeltmek zerurlygy bilen düşündirilmeginiň o diýen dogry däldigi baradaky pozisiýasy bilen doly ylalaşýar.
Ýazyjy bu meseldäki düýp sebäbi kolonizatorlaryň Orta Aziýa halklaryny adam hasaplamazlygyndan gözleýär we bu pikirini Grodekowyň deň bolmadyk söweşde gyrlan adamlaryň uruşdan başga zady bilmeýändigi, ýaşaýyşa ukypsyzdygy, olaryň hökman ölüp gutaryp gitmelidigi hakda satan "weliligi" bilen delillendirýär.
Gökdepe urşunyň taryhyny çap edilen materiallar we Orsýetdäki arhiw maglumatlary esasynda çuňňur öwrenen we uly göwrümli taryhy eser ýazan ýazyjynyň ynanjyna görä, Grodekowyň öz ýurduny goran adamlary "ýer şarynyň ýüzündäki gara tegmil, adamzat üçin masgaraçylyk" diýip atlandyrmagy şol wagtky niýetiň gyrgynçylykdan başga zat bolmandygyny subut edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.