Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atabaýew we Aýtakow: Ýaşlar olar hakda näme bilýärler?


Nedirbaý Aýtakow (çepde) we Gaýgysyz Atabaýew.
Nedirbaý Aýtakow (çepde) we Gaýgysyz Atabaýew.
Türkmenistanyň sowet döwründäki ilkinji döwlet ýolbaşçylary bolan Gaýgysyz Atabaýew we Nedirbaý Aýtakow barada soralanda, Türkiýede bilim alýan Bahar atly ildeşimiz bu şahsyýetleriň ady bilen paýtagtyň käbir köçeleriniň atlandyrylandygyny, şeýle-de olaryň Türkmenistanyň ykbalynda möhüm rol oýnandygyny aýdýar.

Emma Bahar olaryň bitiren anyk işleri barada takyk maglumatlary bilmeýändigini belleýär: “[Aýtakowyň we Atabaýewiň] sowet döwri Türkmenistan üçin kän işleri alyp barandyklaryny bilýän. Şu zatlary bilýän diýäýmesem, başga zatlary onçakly hem bilemok”.

Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan beýleki türkmen talyby Humaý-da, Atabaýew we Aýtakow diýlende, diňe olaryň atlaryny eşidendigini, emma bu adamlaryň geçen durmuş ýoly barada hiç hili maglumatynyň ýokdugyny aýdýar.

Humaý: “Men Gaýgysyz Atabaýew barada-da, [Nedirbaý] Aýtakow barada-da kän bir zat eşitmändim. Mekdepdäki taryh sapaklarymyzda olaryň atlary biraz agzalyp geçilýärdi, şondan ýadyma düşýär. Mundan başga meniň-ä olar barada maglumatym ýok” diýdi.

Häzirki wagt Bangladeşde bilim alýan Azat atly ildeşimiz hem mekdep döwri Atabaýew we Aýtakow barada doly maglumatlaryň berilmändigini, şol şahsyýetleriň ykbaly barada sowet metbugatynda hem köp agzalmandygyny aýdýar.

Muňa garamazdan, Azat “Türkmeniň ykbalynda möhüm rol oýnan gerçekler” diýip tanalýan Gaýgysyz Atabaýewdir Nedirbaý Aýtakow barada özüniň maglumat tapyp, olaryň işleri bilen gyzyklanandygyny gürrüň berýär.

Ol: “[Atabaýewiň we Aýtakowyň] söwet döwründe-de repressiýa düşendigi sebäpli, olar barada köp maglumat saklanyp galmandyr. Ýöne men olaryň tire-taýpa baştutanlaryny bir ýere üýşürip, Türkmenistanyň häzirki wagtdaky döwlet durmuşynyň emele gelmeginiň esasyny goýandyklaryny bilýärin”.

"Ruhnamanyň" täsiri

Häzirki Türkmenistanyň emele gelmeginde iň möhüm roly oýnan diýlip hasaplanylýan Gaýgysyz Atabaýew we Nedirbaý Aýtakow barada ýaşlaryň arasynda näme sebäpden çäkli maglumatlaryň bardygy soralanda, biziň söhbetdeş bolan ýaş türkmenistanlylarymyzyň ählisi-de belli bir derejede munuň bilen ylalaşyp, muny ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň syýasaty bilen düşündirdiler.

Türkiýede bilim alýan Bahar mekdep programmasyna "Ruhnama" kitabynyň girizilmegi bilen, Türkmenistanyň taryhy bilen bagly maglumatlaryň çäkli derejede berlip başlanandygyny aýdýar.

Humaý öz gezeginde ýokarky soraga şeýle jogap berdi: “Nyýazow olar [Atabaýew we Aýtakow] barada hiç hili maglumat berdirmän, Türkmenistany, hamala, özi guran ýaly edip görkezjek bolandyr. Indi bolsa Türkmenistan, Türkmenistanyň taryhy diýlende, kellä diňe Saparmyrat Nyýazow gelýär. Muny biziň kellämize guýupdylar-da...”

Bangladeşde okaýan Azat-da Aýtakowyň we Atabaýewiň “diňe bir adamyň şahsyýet kulty” diýip atlandyran kampaniýasynyň pidalary bolandygyny aýdýar. Sözüniň soňunda Azat şol şahsyýetleriň durmuş ýolunyň öwredilmegi ýaş nesil, umuman, tutuş ýurt üçin-de peýdaly boljakdygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG