XIX asyrda Orsýet eneçeme kolonial söweşler alyp bardy hem ýurduň, çägini basylyp alnan topraklaryň hasabyna giňeltdi. Bu söweş asyryň 2-nji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletlerine tarap gönükdi.
Taryhy sebäpler
Rus patyşasy, hamana, Hytaýa geçmek üçin, gazaklaryň hem gyrgyzlaryň ýerlerini basyp alan bolsa, Buhara emirligini, Hywa hanlygyny hem erkin türkmenleri tabyn edip, Hindistana aşmakçydy diýilýärdi.
1873-nji ýylyň tomsunda rus generaly K.P. fon Kaufman Hywa hanlygyna hüjüm edip, ony sanly günüň dowamynda dyza çökerdi. Emma söweş munuň bilen tamamlanmady.
Hywa hanynyň maslahat bermegi, şeýle-de öz tejribesine eýeren rus generaly şol ýylyň 7-24-nji iýuly aralygynda Hywa türkmenleriniň üstüne hüjüm etdi. Hamana türkmenler talap edilen harby kontribusiýany wagtynda tölemändiler. Ol talap edilýän garamat türkmenlere töletjegem däldi we asla mümkin däldi. Onsoňam türkmenler garamat tölär ýaly hiç bir zada; döwlete ýa-da goşuna eýe däldi.
Türkmenler çakdan-aşa agyr şol salgydy tölemäge razylyk berseler-de, ruslar gepleşik geçirmek islan il ýaşulularyny zamun aldylar hem hiç bir ylalaşyga gelmediler.
Gyrgynçylyk
Ruslar Gazawat kanalynyň boýunda oturan türkmenleri, Ysmamyt atanyň hem Ýylanlynyň töwereklerindäki obalary aýylganç jezalandyrdy. Olar aýratyn-da ýomutlary rehimsizlik bilen gyrdylar. Ýaragsyz milleti, aýallary, çagalary gylyçdan geçirdiler. Pyýada gaçyp barýanlary atly ýetdiler. Gutulmak üçin özüni suwa uran eli cagaly aýallaryň yzyndan suwa girip, depesinden gylyç saldylar.
Bu gyrgynçylygy gözi bilen gören, oňa boýdan-başa şaýat bolan amerikan žurnalisti Mak-Gahan “Amyderýanyň boýundaky söweş we Hywanyň synmagy” (J.A. Mac-Gahan: Campaning on the Oxus and fall of Khyva. London. 1874.) atly taryhy taýdan iňňän gymmatly kitap ýazdy.
Ol öz kitabynda: “Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim, beýle urşy biziň günlerimizde gaty seýrek görmek mümkindir” diýip, haýran galmagyny açyk beýan etdi.
Şol mahallar Russiýadaky amerikan diplomaty Ýujin Skuler “Türküstan. Russiýanyň Türküstanyna syýahatdan bellikler” (Schuyler E. Turkistan. Notes of a Journey in Russan Turkistan, Khokand, Bukhara, and Kuldia. London 1876.) atly kitabyny ýazypdy.
Bu gazaply gyrgynçylygy hywa taryhçylary hem ýazga geçirdiler.
Täsirler hem seslenmeler
Rus patyşasynyň kolonial hüjümi şeýle bir ýowuz bolupdyr, türkmeni asla tanamaýan günbatarlylar hem bu wagşy gyrgynçylaga haýran galypdyrlar. Marksizimi esaslandyryjylaryň biri F. Engels “Anti-Dýuring” atly belli eserinde buržuaz ahlagynyň nä derejelere baryp ýetendigini hut rus patyşasynyň türkmenleriň garşysyna alyp baran söweşi bilen düşündirmek isläpdir.
Ol şeýle ýazýar.
«Diýmek, iki erkiň “doly deňligini” ýok etmek üçin we siwilizlenen talaňçy döwletleriň yzda galak halklar barasynda edýän hemme masgaraçylykly işlerini, tä ruslaryň Türküstanda eden wagşylyklary ýaly işlerine çenli-de, aklamaga mümkinçilik berýän ahlagy tassyk etmek üçin, diňe bir ahlak taýdan däl, belki akyl taýdan hem deňsizlik ýeterliklidir. General Kaufman 1873-nji ýylyň tomsunda tatarlaryň ýomut taýpasynyň üstüne çozup, olaryň çadyrlaryny ýakyp, buýrukda aýdylyşy ýaly, “köneki oňat Kawkaz däbine laýyklykda” aýallaryny we çagalaryny çapym-çapym etmegi buýran wagtynda, ol hem, ýomutlar azan adamlar bolany sebäpli, olaryň erki duşmançylykly erkdir, şoňa görä-de olaryň erkini jemgyýetçilik ýaşaýşynyň çäklerine salmak maksady bilen boýun egdirmek gutulgysyz zerurlyga öwrüldi we meniň ulanan serişdelerim maksada has laýyk serişdelerdir diýip tassyklaýardy…» (F.Engels, Anti-Dýuring, Aşgabat, 1970. 112- sah.)
Soňky dymyşlyk
Bulaşygrak bolsa-da, F. Engelsiň şeýle ýiti hem açyk sözüne ne patyşa intelligensiýasy, ne-de soňky kommunistler üns berdiler. Marksizimi-leninizmi özlerine baş ýörelge edinen sowet taryhçylary hem bu sözden ugur almadylar. Ýogsa kommunistler dil ýüzünde rus patyşasynyň alyp baran syýasatyny ýazgarýardylar. Kolonial basybaljylyk şeýle ýowuz bolup, ol halkyň hakydasyny doňdurmagy maksat edinýärdi, köp alymlar hem şol ideýa, ýagny döwlet syýasatyna gulluk etdiler.
Yurt Garaşsyzlygyny alyp özbaşdak bolanynda, kommunistleriň syýasaty aradan aýryldy hem Orsyýet Türkmenistany özygtyýaly we garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Hut şol döwürde hem amerikan žurnalisti Mak-Gahan ýatlanan kitaby türkmen diline terjime edildi. Ol 1992-nji ýylda çap boldy.
Gynansak-da, bar iş şonuň bilen tamamlandy. Ýöne Gazawat gyrgynçylygynyň dowamy bolan Gökdepe söweşi her ýylda, Matam güni hökmünde giňden bellenilýär.
Gökdepe söweşi batada kitaplar ýazyldy, sahna eseri döredildi hem şehitleriň hatyrasyna metjit guruldy. Indi bolsa ol ýerde örän uly memorial kompleksi – ýadygärlikler toplumy dörediljek diýen habar bar.
Gazawat gyrgynçylygy bolsa ýatlanman gelýär.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişlidir.