Türkmenistan 27-nji oktýabrda ýurt garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny, ýagny SSSR-iň düzüminden çykyp, özbaşdak ýurt bolmagyny baýram edýär. Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň respublika bolanyna 90 ýyl dolýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan SSR-i bolşewikler partiýasynyň karary esasynda döredildi we 1991-nji ýylda SSSR dargaýança kommunistleriň ýolbaşçylygy esasynda dolandyryldy.
Bu ýagdaý taryh kitaplarynda we halk arasynda «türkmen döwletiniň ençeme asyrdan soň gaýtadan döredilendigi üçin diňe bolşewiklere, kommunistlere minnetdar bolmaly, şolar bolmadyk bolsa, türkmen döwletliligi dikeldilip bilinmezdi» diýen ýaly pikirleriň döremegine sebäp boldy.
Eýsem bu pikirler näderejede dogry we türkmen döwletliliginiň hakyky taryhy nähili öwrenilmeli?
Azatlyk radiosy bu barada çap edilmedik taryhy romanlaryň birnäçesiniň awtory, aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.