Şu gün Türkmenistanda 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasynyň rus patyşasynyň goşunlarynyň öňünde synan güni we bu sene ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda resmi taýdan Hatyra güni diýlip yglan edildi. Emma dört ýyl çemesi mundan öň bu senede bellenilýän Hatyra güni ýatyrylyp, başga senä, oktýabrda bellenilýän Matam gününe goşuldy.
Ýöne muňa garamazdan, adamlar ýurduň dürli ýerlerinde 12-nji ýanwarda bellenilen Hatyra gününi bellemegi, şol gün merhumlary ýatlamaklaryny dowam etdirýärler. Bu barada şu gün Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy hem maglumat iberdi we adamlaryň ir ertirden gonamaçylyklara, taryhy ýerlere toplanyp, sadaka berendiklerini aýtdy.
Azatlyk radiosy Hatyra gününiň bellenişi we halk hakydasynda galan taryhy senelere çemeleşiş barada taryhçy ýazyjy Amanmyra Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.