SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň birnäçesi, şol sanda Orsýet Federasiýasy hem bolşewikler rewolýusiýasynyň güni bolan 7-nji noýabry azda-kände belläp geçdi. Şol gün “Beýik Oktýabr Sosialistik Rewolýusiýasy” diýilýän döwlet agdarylyşygynyň 95-nji ýyl dönümi boldy.
Oktýabr rewolýusiýasy diýilýäni 20-nji asyrdaky iň uly taryhy öwrülişik bolup, millionlarça ynsanyň takdyryna öz täsirini ýetiripdi.
Ol syýasy we ykdysady durmuşdan daşary, medeniýete we sungata-da örän güýçli täsir edipdi. Sosialistik syýasatyň ýaýbaňlanmagy bilen, döredijiligiň ähli ugurlarynda bu syýasata hyzmat edýän “sosialistik realizm” diýen usul hem peýda bolupdy. Bu usulyň döremegine hem şu ýyl 80 ýyl bolýar.
Eýsem, SSSR-iň dargamagy bilen, döredijilige sosialistik realizm usulyndaky çemeleşmeler türkmen edebiýatynda ret edildimi ýa-da ol özboluşly bir görnüşlerde dowam edýärmi?
Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu meseleler bilen baglanyşykly öňki partiýa we metbugat işgäri, garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýry bilen söhbetdeş boldy.
Şu baradaky gepleşigi diňlemek üçin şu ýere basyň: