Azatlygyň Lebapdaky habarçysy geljek ýylyň ýanwaryndan başlap, sebitiň polisiýa bölümleriniň işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylmagynyň planlaşdyrylýandygyny, ýüzlerçe polisiýa işgäriniň işini ýitirmegine garaşylýandygyny habar berýär.
Hususan-da ýol gözegçiligi we gorag bölümleriniň ofiserleri köpçülikleýin işden boşadylar, olaryň arasynda pensiýa ýaşyna ýeten işgär has kän; boşadylan ofiserleriň işleriniň, Saparmyrat Nyýazow döwründe bolşy ýaly, harby gulluga çagyrylan esgerleriň üstüne ýüklennek ähtimallygy hem ýok däl, adamlar alym-berimiň azalmagyna garaşýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Şu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" hem, öz çeşmelerine salgylanyp, geljek ýylyň ýanwaryndan her sebitde 300-e çenli polisiýa işgäriniň işden boşadylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.
Neşiriň IIM-däki çeşmeleriniň maglumatyna görä, ilkinji nobatda pensiýa ýaşyna ýeten polisiýa ofiserleri işden boşadylar. Açyk statistiki maglumatlar elýeterli däl, ýöne ýurduň ýol gözegçiligi polisiýasynda pensiýa ýaşyna ýeten ofiserleriň sanynyň has köpdügi aýdylýar.
Şeýle-de, ulgamda 25 ýyl işlän we seržant derejesi bolan, adatça, bölüm nobatçysy diýen ýaly "ýeňil" işlerde işleýän ofiserleriň ştat kemeltmä düşürilmegine garaşylýar.
Mundan başga, TH-nyň habarçylary Içeri işler ministrligi institutyna alynýan studentleriň hem sanynyň azaldyljakdygyny habar berýär.
Maglumat üçin aýdylsa, bu ýokary okuw jaýynda 18 kafedra işleýär we, bulardan başga, onuň ýanynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýan we ilkibaşdaky taýýarlyk okuwlaryny geçirýän Okuw merkezi hereket edýär.
Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, polisiýa işgärlerini taýýarlaýan alty aýlyk kurslaryň, şol sanda gulluk ýaragyny ulanmagy öwredýän kurslaryň hem ýapyljakdygy aýdylýar.
Azatlyk bu maglumatlary resmi çeşmeler arkaly tassykladyp bilmedi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dekabryň başynda, ýanwar-noýabr aralygynda edilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde öňde durýan ştat kemeltme barada hiç zat aýdylmady.
Wikipedianyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Içeri ministrliginiň gözegçiligindäki polisiýa güýçleriniň hatarynda takmynan 25 müň ofiser bar.
Bu edaranyň ýolbaşçylary 1990-njy ýyldan bäri ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Ýerli synçylar soňky otuz ýyldaky on bir ministriň arasynda Poran Berdiýew bilen Isgender Mulikowyň öz wagtynda döwlet baştutanyna iň ýakyn duran we soň has agyr jeza çeken resmiler bolandygyny belleýärler.
Ýatlatsak, IIM-niň ministri wezipesinde iň köp saklanan we ahyrynda korrupsiýada aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Isgender Mulikow döwlet TW-sinde kellesi syrylan, eli gandally ýagdaýda görkezildi.
Ýogsa ol, hökümetdäki çeşmäniň Azatlyga bu wakadan has öňünden beren maglumatyna görä, "ýokarsyndaky bulutlar garalandan" soň hem, prezidenti dürli sowgatlar, şol sanda Rowaç atly taýçanak bilen begendirip, öz wezipe ömrüni uzaltmagy başarypdy.
IIM-niň häzirki başlygy ýurtda 2017-nji ýylda turan korrupsiýa galmagallarynyň arasynda, korrupsiýa garşy döredilen we soň IIM-niň garamagyna geçirilen gullugyň ýolbaşçysy hökmünde, korrupsiýa garşy görülýän çäreler barada beren hasabatlary bilen tanaldy.
Ýöne synçylar onuň hem indi, prezidentiň kakasynyň adyny ýaşaýyş toplumyna dakmak, onuň işine we durmuşyna bagyşlanan muzeý döretmek bilen, öňki ministr I.Mulikow ýaly, döwlet baştutanyna ýaranmakdan başga çäresiniň ýokdugyny aýdýarlar.
IIM-niň 11-nji ministri Mämmethan Çakyýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dekabryň başynda geçirilen mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowa polisiýa işgärleri üçin Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşandygy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Gürrüňi edilýän ýaşaýyş jaý toplumy 20-nji noýabrda açyldy we prezident dabarada polisiýa işgärlerine ýüzlenip eden çykyşynda döwletiň mundan beýläk-de olaryň maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly üns berjekdigini belledi.
Hünärmenler Türkmenistanyň soňky ýyllarda ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Emma türkmem hökümeti kynçylyklary boýun alman, milliardlarça dollara durýan gurluşyk taslamalaryny dowam etdirýär we işsiz galan adamlar barada maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.