Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmesinde diri ýiten tussaglaryň ýene ikisiniň jesetleri garyndaşlaryna berildi


Poran Berdiýew (2002 ý.)
Poran Berdiýew (2002 ý.)

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen ozalky ýokary derejeli resmileriň ýene iki sanysynyň – Saparmämmet Weliýewiň hem-de Poran Berdiýewiň türkmen türmesinde ýogalandygy, olaryň jesetleriniň garyndaşlaryna jaýlamak üçin berlendigi belli boldy.

1942-nji ýylda doglan S.Weliýew dürli wezipelerde, şol sanda döwlet ministri, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy bolup işledi, 2005-nji ýylyň 12-nji awgustynda “işde goýberen düýpli kemçilikleri, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanadygy üçin” diýlip wezipesinden boşadyldy, 22-nji awgustda hökümet mejlisinde 80 million dollar möçberinde döwlete zyýan ýetirmekde aýyplandy we tussag astyna alnyp, gahrymanlygyndan we beýleki döwlet sylaglaryndan mahrum edildi.

2005-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Weliýewiň Türkmenistanyň Ýokary sudy tarapyndan 24 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi belli boldy diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy habar berdi.

Ýerli çeşme Saparmämmet Weliýewiň tussaglykdaky hal-ýagdaýynyň garyndaşlaryna hem belli bolmandygyny, ony olara görkezmändiklerini, dogan-garyndaşlarynyň tussagyň saklanylýan ýerini diňe çak edendigini, “o ýerdemiş, bu ýerde saklanýarmyş” diýip, birnäçe çaklamanyň bolandygyny gürrüň berdi.

Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Saparmämmet Weliýewi bir ýarym aý mundan öň Nebitdagda, Gara ahun gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Soňky gowşan maglumata görä, ykbaly näbelli tussaglaryň ýene biri, S.Nyýazowyň hökümetinde birnäçe uly wezipede işlän Poran Berdiýwiň jesedi hem garyndaşlaryna berildi we bir hepde ozal jaýlanyldy.

Poran Berdiýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň birinji orunbasary, içeri işler ministri, Türkmenistanyň prezidenti, goşun generaly S.Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň rektory, milli howpsuzlyk ministri wezipelerinde işledi.

Ol 2002-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň milli howpsuzlyk komitetiniň Muhammet Nazarowyň ýolbaşçylygyndaky ofiserler toparyny aýyplaýjylaryň başlygy rolunda çykyş etdi we bu çykyş şol wagt türkmen telewideniýesinde halka görkezildi.

P.Berdiýewiň soňky wezipesi Balkan welaýatynyň häkimligi boldy. Ol 2002-nji ýylyň noýabrynda Balkan welaýatynda pagta planynyň dolunmazlygynda aýyplandy we “işinde düýpli kemçilikleri goýberendigi, gulluk borçlarynyň hötdesinden gelip bilmändigi üçin” diýlip, işden boşadyldy. Soňra onuň bada-bat tussag edilendigi aýdylýar.

Poran Berdiýewiň türmede ýa-da içerki sürgünde ýogalandygy, jaýlanandygy barada mundan öň hem birnäçe gezek gürrüň ýaýrady, emma ol gürrüňler ne tassyklandy, ne-de ret edildi.

Soňky gelen maglumata görä, Poran Berdiýewiň jesedi bir hepde ozal garyndaşlaryna berlipdir we ol Gyzylarbadyň Parawbibi gonamçylygynda jaýlanypdyr (Onuň asly Gyzylarbadyň Paraw obasyndan diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi).

"Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň anyk bilinýänleri 112 töweregi adam hasaplanylýar.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri türmede ölen bendileriň jesetlerini garyndaşlaryna berip başlady.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Akmyrat Rejebowyň jesediniň garyndaşlaryna berlendigi mälim boldy.

Rejebowdan öň, şu ýylyň maýynda “Türkmenstandartlarynyň” ozalky başlygy Baýram Hasanowyň türmede ýogalandygy belli boldy. Ol Berdimuhamedow prezident bolandan soň türmä basylyp, tussaglykdan öli çykan resmileriň birinjisi (bilinýän) hasaplanýar.

Hasanowdan öň, şu ýylyň ýanwarynda ozalky general, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdesi Tirkiş Tyrmyýewiň jesedi garyndaşlaryna berildi.

Ondan öň “türkmen türmelerinde ýiten” hasaplanylýan tussaglaryň ikisiniň - Wekil Durdyýewiň we Annadurdy Annasähedowyň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamaga berildi.

XS
SM
MD
LG