Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda, Türkmenistanda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň käbiri Mary welaýatynda çäkli möçberde satuwa çykarylan bolsa, Aşgabadyň "Teke bazarynda" satuwdan aýryldy. Bu ýagdaýlaryn jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky we paýtagtdaky habarçylary 18-nji dekabrda habar berdiler.
Ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleri 17-nji dekabrda irden sagat 5:00-da Mary şäheriniň "Maru-şahu jahan" bazaryndaky ýerzeminde, hökümetiň gurnan göçme dükanlarynda satuwa çykaryldy.
Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, şonda towuk budunyň 1 kilogramy 15 manatdan, 10 sany ýumurtga 6 manatdan, 1 kilogram şeker 7 manatdan we buz garylan towugyň 1 sanysy 25 manatdan satyldy.
"Köp adam bu ýere öz dogan-garyndaşlaryny we tanyşlaryny hem çagyrdy. Harytlar sagat 11:00-a çenli satyldy" diýip, bu ýerden azyk satyn alan maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçy marylylaryň ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümlerini almak üçin 18-nji dekabrda daňdan sagat 3-de agzalýan ýerde ýene nobata durup başlandygyny hem aýtdy.
Onuň sözlerine görä, nobata duran adamlaryň sany 500-den geçdi. Ýöne sagat 7:00-da göçme dükanlaryň satyjylary we polisiýa işgärleri adamlary dargatdylar. Polisiya işgärleri ilata bu harytlaryň indi etrap we şäher dükanlarynda satyljakdygyny aýtdylar.
"Adamlar sowukda birnäçe sagat biderek ýerden nobata durdular. Köp adam ýüzlerini sallaşyp öýlerine gaýtdy. Käbir adamlar bolsa, "sowukda nobata duranymyza görä şu gün 1 kg şeker beräýiň" diýip haýyş etdiler. Polisiýa işgärleri adamlary diňleman, olary haýbat bilen dargatdylar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Bu aralykda, Marynyň "Gök bazarynda" towuk buduny satyn almak isleýän adamlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawanyň bolandygyny "turkmen.news" neşiri habar berýär.
Neşiriň 18-nji dekabrda çap eden habaryna görä, 17-nji dekabrda bazara sekiz guty towuk budy geldi. Marynyň ilaty hatara düzülen mahaly, etrap ýaşaýjylary hem üç awtobusda bazara bardy.
"Marynyň ýaşaýjylary towuk butlarynyň diňe şäher ilaty üçin getirilendigini aýdyp, olary nobata goybermek islemediler. Emma uzak ýol söküp gelen etrap ýaşaýjylary yza çekilmedi. Netijede, waka şaýat bolanlaryň sözlerine görä, köp sanly polisiýa işgäri tarapyndan aýrylmaly bolan söweş başlandy" diýip, neşir habar berýär.
Azatlyk bu maglumaty öz habarçylaryna tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi. Bu barada Marynyň bazaryndan hem maglumat alyp bolmady.
Bu aralykda, paýtagtyň "Teke bazarynda" ilata ýeňillik bahadan satylýan azyk önümleriniň satuwy birden bes edildi.
Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, mundan ozal bu bazardaky döwlete degişli söwda nokadynda towuk budunyň 1 kilogramy 10 manatdan, ýerli towuk önüminiň 1 kilogramy 13 manatdan, ösümlik ýagynyň 1 litri 13 manatdan we şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýardy.
Şol bir wagtda, ilat bu geçginli azyk harytlarynyň ýany bilen tüwi, şireli içgileri, tomat önümlerini we çüýşeli suwlary hem satyn almaga mejbur edilýärdi. Ýöne habarçy indi üç gün bäri bu azyk önümleriniň satuwa çykarylmaýandygyny aýdýar.
Munuň sebäpleri barada bazar resmileri tarapyndan düşündiriş berilmeýär. Ýöne bazardaky satyjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli dükanyň müdiri towuk buduny gutulap satýan mahaly, güýç gulluklary tarapyndan saklanýar. Şondan soňra bu dükanda ýeňillikli bahadan satylýan önümleriň satuwy togtadylýar.
Paýtagtyň "Teke bazarynda" bu önümleriň satuwynyň bes edilendigini beýleki bir habarçymyz hem tassyklap, 18-nji dekabrda ilata diňe "barbaris" tagamly spirtsiz içgileriň satuwa çykarylandygyny aýtdy. Bu içgileriň 1 gutusynda 12 sany 0,45 gram agramyndaky içgi bolup, onuň bahasy 25 manada barabar.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada "Teke bazaryň" resmilerinden hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy bazarda käbir azyk önümlerini görkezilen bahadan däl-de, has gymmat nyrhdan satmak tejribesiniň heniz-de dowam edýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, bahasy 3 manat diýlip görkezilen kelemi satyn almak üçin baranyňda, satyjy onuň 4 manat bahalanýandygyny aýdýar.
Türkmenistan dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Döwlet dükanlarynda gündelik iýmit önümleriniň gytçylygy ýygy-ýygydan emele gelýär. Munuň bilen bir wagtda, hususy söwdada azyk önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini, importuň ornuny tutýan önümleriň ýyl-ýyldan köp öndürilýändigini ynandyrmaga çalyşýar. Ýöne Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň golaýda çap eden maglumatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardan import edýän azyk önümleriniň möçberiniň geçen ýyldaka garanda hem köpelendigini görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.