Türkmenistanda dowam edýän ýiti azyk krizisiniň arasynda, Lebabyň häkimiýetleri hojalyk hyzmatlarynyň şu ýyl üçin töleglerini doly hasaplaşmadyk maşgalalara paýok görnüşinde satylýan iýmit önümleriniň berilmejekdigini duýdurdy. Ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän mahaly, köp sanly maşgala bu hyzmatlaryň tölegini öz wagtynda hasaplaşmakda kynçylyk çekýär. Munuň bilen bir wagtda, sebitiň käbir döwlet dükanlaryna paýok uny we ýagy indi iki aýa golay wagt bäri gelmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy dekabrda Lebapdan habar berdi.
Şu hepdäniň başynda Farap we Darganata etrap häkimlikleriniň resmileri, habarçymyzyň aýtmagyna görä, ilata 2020-nji ýylda sarp edilen gaz we elektrik tok töleglerini şu ýylyň ahyryna çenli doly geçirmegi tabşyrdylar.
Bu tölegleri hasaplaşmadyk ýaşaýjylara döwlet dükanlary tarapyndan ilata ýeňillikli bahadan satylýan paýok ununyň we ýagyň berilmejekdigi duýduryldy.
"Tölegleri geçirmek üçin iň soňky wagt möhleti dekabryň ahyry diýlip kesgitlendi" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran darganataly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gaz, suw we elektrik togy tölegli edildi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri hojalyklaryň ählisinde hasaplaýjy gurallaryň oturdylmagyna we bu hyzmatlar üçin tölegleriň öz wagtynda alynmagyna gözegçiligi güýçlendirdiler.
Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, köp sanly maşgalanyň bu hyzmatlaryň töleglerini öz wagtynda hasaplaşyp bilmän kösenýändigini yzygiderli habar berip gelýärler.
Lebaply habarçy diňe Darganata we Farap etraplarynda gaz we tok töleglerini öz wagtynda geçirip bilmeýän maşgalalaryň 10-dan gowragyny tanaýandygyny aýdýar.
"Häkimiýetler ilaty paýok berilmejekdigi bilen gorkuzyp, gaz we tok töleglerini almaga synanyşýar. Ýöne aýlyklar köp zada ýetmeýär. Üstesine-de, aýlyklary we pensiýalary öz wagtynda nagtlaşdyryp bolmaýar. Adamlar gaz, tok töleglerini däl-de, iýjek çöregini alada edýärler" diýip, darganataly ýaşaýjy belledi.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy Farabyň 55, 17 we 2-nji döwlet dükanlaryna indi iki aýa golaý wagt bäri paýok ununyň we ýagynyň gelmeýändigini habar berýär.
Şeýle-de, ol bu dükanlaryň indi 8 aý çemesi wagt bäri plastik bank kartlary arkaly söwda etmeýändigini aýdyp, bularda azyk önümleriniň tölegleriniň diňe nagt talap edilýändigini hem belledi.
"Dükan satyjylary söwdanyň diňe nagt görnüşinde amala aşyrylmalydygy barada özlerine ýokardan tabşyryk berlendigini aýdýarlar. Hususy dükanlar bolsa, bahalar durnuksyz bolany sebäpli adamlara karzyna haryt satmaýarlar. Adamlar ýene bir täze ýyly çykgynsyz ýagdaýda garşy almaga taýýarlanýar. Bu ýagdaý indi 4-nji ýyl gaýtalanýar" diýip, faraply ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Farap we Darganata etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanda indi dört ýyla golay wagt bäri ýiti ykdysady we azyk krizisi, şeýle-de maliýe ýetmezçiligi dowam edýär. Bankomatlarda nagt we döwlet dükanlarynda azyk önümleri kadaly tapdyrmaýar, harytlaryň hususyýetçilerdäki bahasy dowamly gymmatlaýar.
Galyberse-de, Türkmenistanyň dürli regionlarynda Täze ýyl baýramynyň öňýany, resmi kursy 3,5 manada barabar dollaryň gara bazardaky bahasy yzygiderli peselip-beýgelýär. Şu hepdäniň başynda 28 manada çenli ýeten dollar azyk we hojalyk harytlarynyň hususy söwdadaky bahalarynyň hem 10-15 % ýokarlanmagyna getirdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, azyk we nagt ýetmezçiligi, dollaryň iki kursy hem-de bularyň adamlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.