Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta planyny doldurmak zibil dörýänlere galdy. Prezident 'iş bilen üpjünçiligi üpjün etmegi' tabşyrýar


Çagasy bilen plastik gap çöpleýän aýal.
Çagasy bilen plastik gap çöpleýän aýal.

"Gel bärik diýseler, gelýärler, mün awtobusa diýseler, münýärler, sebäbi garyplykda, aç ýaşap, halys lejigip, dilden-agyzdan galan adamlar, käbiri itseň – ýykyljak, zordan aýak üstünde durýar" diýip, habarçy aýtdy.

"Şu gün Mary şäherindäki himiýa zawodynyň bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda zir-zibil çeleklerini dörüp, plastik gaplary, kagyz, iýer ýaly zat gözläp ýören adamlary ýygnadylar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 21-nji oktýabrda habar berdi.

"Türkmenistanda pagta planyny doldurmak indi mätäçlikden zir-zibil çeleklerini dörýän näsag, käbiri zordan aýak üstünde ýören adamlara galana meňzeýär?" diýip, bu maglumaty Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi hem tassyk etdi.

Türkmenistanda diňe pagta ýygymy däl, şugundyr ýygymy hem, bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek hem, pileçilik ýaly aslynda düşewüntli hasaplanan işler hem bireýýäm durşuna mejbury zähmete öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, polisiýa işgärleriniň ýolda saklanan sürüjilerden belli bir möşçberde pagta ýygmagy talap etmegi sowet döwründen uç alýar. Şonuň bilen bir wagtda, sowet döwründe pagta ýygmaga esasan mekdep okuwçylary we aýlap okuwy togtadylan studentler mejbur edilen bolsa, häzir Türkmenistanda harby gulluga çagyrylan esgerler hem pagta ýygýar.

Emma indi ekin meýdanlarynda ýetişdirilendigi aýdylýan "bol pagta hasylyny" gyşdan öň ýygnap almak üçin pagta sürülýän býujet işgärleri-de, esgerler hem ýeterlik bolman, gezek zir-zibilleri dörýän aç, mätäç, işe ýaramaýan adamlara hem gelip ýetdi.

"Mary şäherinde zir-zibilleri dörýän adamlary garawullap, ýeke-ýekeden tutup, mikroawtobuslara ýükläp, sanlary 10-15 adama ýetende, bir ýerlere alyp gidýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Anonimlik şertinde gürleşen hukuk işgäriniň sözlerine görä, ol adamlary polisiýanyň serhoş ýagdaýda saklanan adamlary wagtlaýyn saklaýan ýerine, Peşenaly ýolunyň ugrunda ýerleşýän bölüme eltip ýerleşdirýärler.

Zibil dörýän adamlaryň ýygnalyşyny gözi bilen gören habarçy şeýle gürrüň berdi:

"Ol adamlary ýygnap, awtobusa mündürdiler. Hiç hili güýç ulanmak hem zerur bolmady. Sebäbi ol adamlardan hiç garşylyk ýok, ses-sedalary hem çykanok. 'Gel bärik' diýseler, gelýärler, 'mün awtobusa' diýseler, münýärler, sebäbi garyplykda, aç ýaşap, halys lejigip, dilden-agyzdan galan adamlar, käbiri itseň – ýykyljak, zordan aýak üstünde durýar" diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne habarçy bu ýylyň "pagta başagaýlyklarynyň" diňe zir-zibil dörýän adamlar üçin däl, şähere köneräk egin-başly çykan adamlar üçinem problema öwrülendigini habar berdi.

"Sähel egin-başy köne-küşülräk adam görseler, ogul jigileri bolan ýaly begenýän polisiýa işgärleri, olary hem maşyna basyp, alyp gidýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň Marydyaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa ofiseri bu adamlaryň pagta ýygmaga äkitmek üçin taýýarlanylýandygyny aýtdy.

"Bize öz başlyklarymyz buýurýar, biziň başlyklarymyza bolsa häkim buýurýar" diýip, polisiýa ofiseri şu ýyl her edara pagta ýygmak üçin ýörite gowaça meýdanlarynyň bölünip berlendigini gürrüň berdi.

"Ozal zir-zibil çöpleýänlere ýa şäherde gezip ýören adamlara pagta ýygdyrmazdylar, bu ýyldaky gyssanmaçlygyň sebäbi näme?" diýen soraga ofiser "korrupsiýa" diýip jogap berdi.

Onuň düşündirmegine görä, edaralarda pagta üçin adamlardan pul çöplediler, ýöne ol pullar gutardy.

"Ol pullar daýhanlara, pagta ýygjaga berlip gutarmady, ýolbaşçylaryň öz aralarynda paýlaşyldy. Indi pagta ýygmaga adam tapanoklar. Adam kän, ýöne pul berip bilenokar. Şu sebäpden bize 'arz-şikaýat edip bilmejek, arz etse hem diňlenmejek adamlary tapyp getiriň' diýdiler. 'Öýsüz bolsun, maskaly ýa kaskaly bolsun, ebtine, üsti-başyna seredip tanarsyňyz, garaw görmejek adamyňyz bolsa ýygnaň' diýensoňlar, buýrugy ýerine ýetirýäris" diýip, nobatçylyga çykan polisiýa işgäri radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Jerime töläp bimeýän raýatlar meýdanlarda ‘gul ýaly’ işledilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:26 0:00

Şu aralykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, TDH-nyň ýazmagyna görä, "ilatyň iş bilen üpjünçiligini üpjün etmegiň we halkyň girdejileriniň artmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi".

Türkmenistanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, iş gözläp daşary ýurtlara giden adamlaryň sany, döwlet edaralarynda ýa hususy pudakda işleýän adamlaryň girdejileriniň soňky ýyllarda nähili artdyrylandygy baradaky maglumatlar elýeterli däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG