Türkmenistanda sowet we garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet tarapyndan berilýän pagta planyny dolmagyň aýrylmaz bölegine öwrülen mejbury zähmet dowam edýär we hukuk goraýjylaryň bu praktikany bes etmek baradaky çagyryşlary bu ýylam eşidilmän galana meňzeýär.
Sowet ýyllarynda pagta ýygymynyň agyr ýüki esasan oba adamlarynyň we aýal-gyzlaryň, mekdep okuwçylarynyň we şäherlerden ik-üç aýlap getirilýän studentleriň gerdenine düşerdi, garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýük býujet edaralarynyň işgärleriniň, şol sanda esgerleriň hem gerdenine düşdi.
Azatlyga şu gün Darganatadan, Gyzylrawatdan, Halkabatdan we Gazojakdan gelip gowşan maglumatlara görä, ýerli häkimiýetler işsiz we býujet edaralarynda işleýän adamlary gorkuzyp, pagta ýygmaga mejbur edýärler.
"Döwletiň arzan bahadan goýberýän azyk önümleri pagta ýygylýan döwründe adamlary gorkuzmak üçin ulanylýan atgyr ýaraga öwrülýär, adamlar o ýaragdan gaty gorkýarlar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli žurnalist aýtdy.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan adamlar resmileriň özlerine aýda bir gezek berilýän 3 kg un, 200 gram arassalanmadyk ýag ýaly azyk önümlerinden kesmek haýbatyny atandygyny gürrüň berdiler. Bu haýbat mätäç adamlara garşy ulanylýan iň netijeli usullaryň birine öwrülýär diýip, habarçy aýtdy.
Munuň sebäbi harytlaryň bazar nyrhy bilen döwlet dükanlaryndaky nyrhynyň, ýagny amerikan dollarynyň döwlet kursy bilen "gara bazar" kursunyň arasyndaky tapawut bilen düşündirilýär.
"Hususy dükanlarda arassalanmadyk ösümlik ýagynyň 1 litri 60 manat bahalanýar, 50 kg un almak üçin 5-6 ýüz manat tölemeli. Köp adamyň maşgala býujeti bazar bahasyndan azyk almaga ýetmeýär" diýip, Radionyň söhbetdeşleri gürrüň berýär.
Emma hökümet ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini, adamlaryň durmuş şertleriniň ýokarlandyrylandygyny tekrarlamagy dowam etdirýär. Ýurduň agrosenagat pudagyna jogap berýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň 5-nji oktýabrda beren hasabatyna görä, ilaty azyk bolçulygy, şol sanda ýokary hilli un we çörek önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.
Emma synçylar ilatyň aglaba köplüginiň hökümetiň mejbury zähmet, mejbury çäre, mejbury ýowar ýaly talaplaryny esasan mätäçlik zerarly kabul edýändiklerini aýdýarlar.
Ikinji tarapdan, mejbury zähmet döwletiň pagta tabşyrmak baradaky talabynyň diňe bir meselesi bolup görünýär; onuň ikinji meselesi kärendeçileriň ýylyň-ýylyna diýen ýaly bergili çykmagy bilen bagly.
TDH her ýyl pagta ýygymy ýa galla oragy başlanda, döwlet baştutanynyň kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşmak tabşyrygyny berendigini aýdýar, döwlet TW-si bolsa birazdan ýüzüne pul sylýan adamlary görkezýär, emma durmuş hakykaty başgaça bolmagynda galýar diýip, synçylar belleýär.
Darganataly kärendeçileriň Azatlygyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, resmiler olaryň harmana tabşyran hasyllary üçin tölemeli 10 günlük haklaryny henizem geçirmeýär. Munuň sebäbi kärendeçileriň döwlet öňünde bergili çykmak ähtimallygynyň ýokary bolmagy bilen düşündirilýär.
"Daýhanbankyň" Darganatadaky hasapçysynyň düşündirmegine görä, daýhanlara pagta ýetişdirmek üçin berlen tehniki hyzmatlaryň, mineral döküniň we suwuň bahasy "ýokarlanan hasapda" alynýar.
"Şu sebäpden, eger-de kärendeçiler plany 80% ýerine ýetirmese, döwlet öňünde eden bergisini ýapyp bilmeýär. Eger-de kärendeçi pagta planyny 80% ýerine ýetirse, olaryň 10 günlük ýygym haklary her kg pagta üçin 40 teňňeden plastiki kartlaryna geçirilýär" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hasapçy aýtdy.
Şeýle-de ol bu ýyl kärendeçileriň her gektar ýerden 20 sentnerden hasyl alyp, 2 tonna pagta tabşyrmak barada alan borçnamalarynyň "juda agyr" bolandygyny aýtdy.
Talap edilýän pagta hasylyny ýetişdirmek üçin howa şertleriniň amatly gelmegi, suw, dökün we tehnika problemalarynyň bolmazlygy möhüm, emma bular bolmady; bu ýyl daýhanlar her gektardan 500 kg pagta tabşyrsalar hem razy bolarlar, bu ýagdaýda olaryň döwlete bergili çykjagy ikuçsyz diýip, hasapçynyň aýdanlaryny ýene bir hünärmen tassyk etdi.
Görnüşinden, gowaça ekip, bergili çykjak diňe darganataly kärendeçiler hem däl. Iýun aýynda Murgap derýasyndaky Soltanbendiň böwsülmegi ekin meýdanlarynyň ýüzlerçe gektaryny suw basmagyna getirdi we bent dikeldilýänçä guran ýerlerde gaýtadan gowaça ekmek giç boldy. Bu ýagdaý sebitde gowaça eken kärendeçileriň bir toparynyň bergili çykjagyny aňladýar.
Emma türkmen metbugaty daýhanlaryň howa şertleri ýa beýleki problemalar sebäpli çekýän zyýanlary barada habar bermeýär we olar üçin ähli şertleriň döredilendigini gaýtalaýar.
Şonuň bilen bir wagtda, hökümet başlygy käte oba hojalygyndaky kynçylyklary bölekleýin boýun alýar. Mysal üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda özüniň ikinji oba hojalyk tekliplerini öňe sürdi we isleg bildirýänlere ýer böleklerini 99 ýyllyk bermegi teklip etdi. Şonda aýylmagyna görä, daýhanlar ol ýeriň 70 prosentine pagta, galan 30 prosentine beýleki ekinleri ekip bilmelidi we bu mejbury zähmetiň azalmagyna getirer diýen umytlar edildi.
Azatlyk bilen gürleşýän daýhanlar bu umytlarynyň hem puç bolandygyny gürrüň berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.