Türkmenistanda dowam edýän ykdysady, azyk we maliýe kynçylyklarynyň, şeýle-de pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda, ýene bir döwlet edarasynda iş orunlary azaldylyp, 100-den gowrak işgär işden çykaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.
"Şu günler Lebabyň etraplarynda, hususanda Farapda "Türkmenpoçtanyň" işgärleriniň sany azaldylýar. Her etrapda jemi 5-6 işgär işinde galýar. Soňky günlerde welaýatyň etraplarynda jemi 120-den gowrak poçta işgärini işden çykardylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Işinden boşadylan poçta işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy iş orunlarynyň azaldylmagy netijesinde Farabyň 10 daýhan birleşigine bir sany poçta işgäriniň bellenendigini hem aýtdy.
"Indi ýurduň dürli künjeginden daýhan birleşiklerine geljek we iberiljek hatlar hem-de beýleki poçta hyzmatlary diňe bir poçta işgäri tarapyndan amala aşyrylar. Poçta dolandyryş edarasynda bir başlyk we resminamalara seredýän bir işgär oturýar. Şeýle-de, iki sany garawul öz işinde galdy. Bu iki garawul ýylylyk, bag, hojalyk we arassaçylyk işlerini ýerine ýetirýär" diýip, habarçy belledi.
Onuň sözüne görä, poçta resmileri iş orunlarynyň azaldylmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Şeýle-de, işsiz galan adamlara başga hiç bir iş hödürlenmeýär we täze iş tapýança kömek puly hem berilmeýär.
Şol bir wagtda, habarçy poçta resmileriniň ýokary wezipelerde tanyşy ýa-da ortaça 40 müň manat möçberinde parasy bolan işgärleri işde galýan raýatlaryň sanawyna goşýandygyny hem aýtdy. 40 müň manat dollaryň resmi kursunda $11428-a, "gara bazaryň" nyrhynda ortaça $1600-a barabardyr.
"Türkmen üçin 40 müň ummasyz pul. Emma çagasy daşary döwletlerde okaýan adamlar býujet işinde galmaga synanyşýarlar. Başga alaçlary ýok. Sebäbi olar türkmen banklary arkaly daşary ýurtlara pul ibermek mümkinçiliginden peýdalanmak isleýärler. Türkmen banklary diňe býujetden aýlyk alýan raýatlaryň bu mümkinçilikden peýdalanmagyna rugsat berýärler" diýip, habarçy belledi.
Habarçy işsizligiň ýiti derejede duýulýan şu günlerinde bir poçta ýa-da býujet işgäri işinden boşadylanda, munuň azyndan bäş adama täsir ýetirip, olaryň eklençsiz galmagyna getirýändigini aýdýar.
Üstesine-de, ol iş orunlarynyň azaldylmagynyň "öňden hem öwerlikli bolmadyk poçta hyzmatlarynyň hiline ýaramaz täsir ýetirjekdigini" hem belleýär.
Azatlyk Radiosynyň bu barada “Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasynyň Lebap welaýat we Farap etrap bölümlerinden goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.
Türkmenistan soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Soňky ýylllarda ýurtda onlarça döwlet edarasy ýapylyp, iş orunlarynyň müňlerçesi ýatyryldy. Seyle-de, koronawirus pandemiýasy başlany bäri döwlet pudagyndaky işgärler tölegsiz rugsada köpçülikleýin iberildi.
Geçen aý ýurduň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky orta mekdeplerde pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlaryň öz islegi bilen işden çekilmäge mejbur edilýändigini ýerli habarcylarymyz habar berdiler.
Şeýle-de, iýulyň başynda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 500 töweregi işgäriniň hem iş orunlaryny ýitirendigi barada maglumat berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we onuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun almaýarlar. Şeýle-de, ýurtdaky pandemiýa çäklendirmeleriniň näçe adamyň işine täsir ýetirendigi hem mälim edilmeýär.
Hökümetiň sekiz aýdaky işiniň netijelerine bagyşlanyp, 4-nji sentýabrda geçirilen mejlisde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow indi, iş orunlaryny saklamak üçin, ýurt içinde öndürip boljak önümleri daşardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.