Ol öz web sahypasynda çap eden beýanatynda "kanuny ýerine ýetiriji häkimiýetler tassyklanandan we Gyrgyzystan “kanunçylyk ýodasyna dolanyp gelenden” soň, özüniň “Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti wezipesinden gitmäge taýýardygyny” aýtdy.
Bu beýanat 4-nji oktýabrda geçirilen dawaly parlament saýlawynda ýeňlendigi aýdylan partiýalaryň ýolbaşçylygyndaky gazaply protestlerden soň, syýasy liderler bilen geçirilen gepleşikleriň arasynda, Jeenbekowyň edarasy prezidentiň işden çekilmeginiň “sorag astynda däldigini” aýtmagyndan birnäçe sagat soň çap edildi.
Bu teklip häkimiýetiň geçirilmegini ýeňilleşdirmäge kömek ederli görünse-de, onuň şertlerini ýerine ýetirip boljakdygy belli däldi.
Bu aralykda, Jeenebekowdan öňki prezident Almazbek Atambaýew Jeenbekowy wezipeden “parahatçylykly” çekilmäge çagyrdy. Korrupsiýa aýyplamalary bilen 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen hem-de geçen ýyl polisiýa ganly garşylyk görkezmegi sebäpli ýene bir kazyýet jogapkärçiligine garaşýan Atambaýew protestleriň arasynda türmeden boşadyldy.
Atambaýew Bişkekde 9-njy oktýabrda geçirilen ýörişe gatnaşdy. Ol ýörişde eden çykyşynda “Jeenbekowy häkimiýet başynda saklap galmaga synanyşýan toparlaryň bardygyny” aýtdy.
“Häkmiýeti zor bilen almak erbet soňlanar. Hemme zat parahatçylykly ýagdaýda edilmeli. Men Jeenbekowy işden çekilmäge çagyrýaryn we men onuň häkimiýet başynda galan adamlaryny gatyşmazlyga çagyrýaryn” diýip, Atambaýew aýtdy.
Jeenbekow 9-njy oktýabrda permana gol çekip, iş başyndan gidýän hökümeti hem-de protestlerden soň özüniň wezipeden çekilýändigini yglan eden premýer-ministr Kubatbek Boronowy resmi taýdan işden boşatdy.
Şeýle-de, ol Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Orozbek Opumbaýewi wezipeden boşatmak barada permana gol çekdi.
Gyrgyzystan hökümete tarapdar partiýalara ýeňiş getiren saýlawlarda ses satyn almak we beýleki bidüzgünçilikler baradaky aýyplamalar sebäpli tolgunyşyklara sezewar boldy. Oppozisiýa partiýalary saýlaw netijelerini kabul etmekden ýüz öwürdi. 5-nji oktýabrda müňlerçe demonstrant köçelere döküldi we ertesi gün oppozisiýa tarapdarlary hökümet binalaryny basyp aldylar.
Birnäçe syýasy güýç 9-njy oktýabrda täze demonstrasiýalary meýilleşdirdi.
Oppozisiýa toparlary şu wagta çenli Ministrler kabinetini we saýlaw toparyny saýlawyň netijelerini ýatyrmaga mejbur etdiler, ýöne wagtlaýyn hökümete kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi barada ylalaşyp bilmediler.
9-njy oktýabrda Merkezi saýlaw topary, kanuna laýyklykda, gaýtalanýan saýlawlaryň ondan öňki saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyndan soň bir aýyň dowamynda planlaşdyrylmalydygyny aýtdy.
“Şonuň üçin, Merkezi saýlaw topary 6-njy noýabrda möhletiň dolmagyndan öň, gaýtadan geçiriljek parlament saýlawlaryny planlaşdyrar” diýip, Merkezi saýlaw toparynyň metbugat gullugy aýtdy.
Şeýle-de, öňki Soýuz respublikasynyň işden gidýän parlamenti ýygnanmady we wagtlaýyn lider hem bellemedi.
Hökümete degişli bolmadyk “Adalat” hukuk toparynyň başlygy Çolpon Ýakupowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna häzirki häkimiýet boşlugyndan hem-de başly-baratlykdan Jeenbekowyň jogapkärdigini aýtdy.
Özüniň nirededigi näbelli Jeenbekow “bolýan zatlara göz ýumdy we sessiz galdy” diýip, Ýakupowa aýtdy. Ol 5-nji oktýabrda protestler başlanynda konstitusiýa laýyklykda hem-de kanuny ýollar bilen ýagdaýy çözüp bilerdi diýip, Ýakupowa belledi.
“Krizis wagtlarynda syýasatçylar ýyldyrym çaltlygynda reaksiýa bermeli” diýip, ol aýtdy.
Jeenbekow 8-nji oktýabrda parlamentiň agzalary bilen gepleşik geçirdi diýip, parlamentiň metbugat gullugy aýtdy.
Jeenbekow Myktybek Abdyldaýew özüniň impiçment ähtimallygyny ara alyp maslahatlaşdy. Abdyldaýewi kanun çykaryjylaryň bir topary protestlerden soň parlamentiň täze spikeri atlandyrdy.
Gepleşikler günorta Oş şäherinde hem-de onuň golaýyndaky Kara-Suu şäherçesinde ýüzlerçe adamyň Jeenbekowa goldaw bildirip, ýöriş geçirýän wagty boldy.
Gyrgyz kanun çykaryjylary Jeenbekowa ynamsyzlyk bildirilmegini hem-de syýasy krizis bilen bagly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin zerur adam sanyny, kworumy ýygnap bilmedi.
Kanun çykaryjy Ryskeldi Mombekow 8-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda parlamentiň adatdan daşary mejlisiniň senesini kesgitlemek, wagtlaýyn premýer-ministr saýlamak we täze hökümet düzmek, prezident Soronbaý Jeenbekowa impiçment yglan etmek barada karara gelmek üçin bir gijede diňe 40 agzanyň Bişkek myhmanhanasyna ýygnanandygyny aýtdy.
Kanun çykaryjylaryň kararlarynyň kanuny bolmagy üçin parlament mejlislerine azyndan 61 deputat gatnaşmaly.
Bu gapma-garşy taraplardan durýan we iş başyndan gitmeli parlamentiň krizisi çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin eden ikinji ýygnanyşyk synanyşygy boldy.
Beýleki bir kanun çykaryjy Elwira Surabaldiýewa Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Jeenbekowa ynamsyzlyk bildirilmegini ýygnagyň gün tertibine girizmekden ýüz öwreniň Abdyldaýewdigini aýtdy.
Oppozisiýa toparlary ýakyn aýlarda gaýtadan geçiriljek ses berişlige gözegçilik etmeli wagtlaýyn premýer-ministriň wezipesine dalaşgärleri teklip etdi.
9-njy oktýabrda birnäçe oppozisiýa partiýasy özleriniň syýasy blok döredendiklerini hem-de premýer ministr wezipesine ozal hökümet başlygy wezipesini eýelän Omurbek Babanowy, premýer-ministriň orunbasary wezipesine iş adamy Tilek Toktogaziýewi hödürleýändiklerini mälim etdiler.
Sadyr Žaparow şu hepde bu wezipä bolan islegini açyk-aýdyň etdi. Adam alyp gaçmak aýyplamalary bilen türme tussaglygyna höküm edilen Žaparow protestlerden soň, türmeden boşadyldy.
6-njy oktýabrda berlen habarlarda Gyrgyzystanyň Ýokary sudunyň Žaparowy aklandygy aýdyldy. Ýöne 9-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň Ýokary sudy Žaparowyň özüniň aklanmagy barada beren arzasy boýunça heniz gutarnykly kararyň alynmandygyny aýtdy.
9-njy oktýabrda günüň birinji ýarymynda ýüzlerçe adam Žaparowyň premýer-ministr wezipesine hödürlenmegine goldaw bildirip, Bişkekdäki hökümet binasynyň öňünde ýöriş geçirdi.
Ýöriş barada habar berýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary özlerine näbelli adamlar tarapyndan hüjüm etmek haýbaty atylandan soň, ol ýeri terk etmeli boldy.
Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti beren beýanatynda ýurtdaky häzirki ýagdaýy “çylşyrymly” hem-de “başly-baratly” häsiýetlendirdi. Komitet özüniň hiç bir syýasy toparyň tarapyny tutmaýandygyny, ýurtda kanuny we tertip-düzgüni goramaga gönükýändigini aýtdy.
Şeýle-de, beýanat syýasy toparlary, kanun çykaryjylary, syýasy partiýalaryň hem-de ýaşlar guramalarynyň liderlerini “kanuny häkimiýet edaralaryny dikeltmekde umumy çözgüt tapmak üçin” tiz wagtda dialoga girişmäge çagyrdy.
Şeýle-de, Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti goňşy Özbegistan häkimiýetleriniň, öňki ýokary derejeli gümrük resmisi hem-de baý täsirli tüçjar Raimbek Matraimowyň inisini gyrgyz resmilerine berendigini aýtdy. Protestçiler Matraimowy hökümete tarapdar “Mekenim Gyrgyzystan” partiýasy üçin saýlaw seslerini satyn almakda aýyplady.
Ondan ozal Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Tilek Matraimowyň hem-de onuň başga-da birnäçe garyndaşynyň we egindeşiniň protestler başlanan wagtlary gyrgyz-özbek serhedinden bikanun geçmäge synanyşanda özbek serhetçileri tarapyndan saklanandygyny habar berdi.
Raimbek Matraimow hem-de onuň täsirli tiresi geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda uly protestleriň nyşanasyna öwrüldi. Demonstrantlar korrupsiýa we ýurtdan köp mukdarda pul gaçmagy baradaky aýyplamalaryň derňelmegini talap etdiler.
Täsirli tüçjar, ony Gyrgyzystanda köpler Jeenbekowyň adamy hasaplaýar, AÝ/AR-yň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň hem-de “Kloop” gyrgyz habar saýtynyň bilelikde üstüni açan korrupsiýa dawasynyň merkezindedir.
Bu aralykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary gyrgyz wakalaryna reaksiýa bildirdi. Gazagystanyň prezidentiniň web sahypasynda Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar barada bilelikdäki beýanaty çap edildi. Onda Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalaryň çynlakaý alada döredýändigi bellenilýär.
Ýöne Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Gyrgyzystanda bolýan wakalar barada hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň bilelikde bildiren reaksiýasy barada habar bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.