Gyrgyzystanda "Ak tamyň", prezident diwanynyň ýerleşýän binasynyň basylyp alnaly bäri üç gün geçdi, ýöne ýurtdaky ýagdaý şindi hem dartgynly bolmagynda galýar.
Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, prezident Soronbaý Jeenbekow 7-nji oktýabrda, ýurtda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň syýasy güýçlerine iki gezek ýüz tutdy. Ol syýasy güýçleri kanun-kada ýoluna dolanmaga çagyrdy we wezipe almak isleýänleriň eýýäm öz maksatlaryna ýetendiklerini belledi.
Sooronbaý Jeenbekow "Ak tam" ele geçirileli bäri üç gezek ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onuň beýanatlarynyň tekstleri döwlet baştutanynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy.
Prezident 7-nji oktýabrdaky ýüzlenmeleriniň birinde adam ömrüni töwekgellige salmaýandygyny, "Ak tamdaky" bina girenlere garşy güýç ulanmak buýrugyny bermändigini, şeýle-de adatdan daşary ýagdaý yglan etmek kararyna gol çekmändigini aýtdy.
“Protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmak barada tutanýerli teklipler edildi. Men muny düýbünden ret etdim. Bu çaknyşyklara alyp geljekdi" diýip, Jeenbekow aýtdy.
Prezidentiň metbugat gullugy Sooronbaý Jeenbekowyň häzir Bişkekde ýerleşýändigini aýtdy, ýöne nirededigini anyklaşdyrmady.
Jeenbekow BBC bilen söhbetdeşlikde özüniň "kanuny prezident bolup galýandygyny" aýtdy.
“Men kanuny prezident we köp zat maňa hem bagly bolup durýar. Şonuň üçin men araçy roluny oýnamaga, ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gepleşikleri geçirmek üçin güýçleriň ählisini bir ýere toplamga taýyn bolmaly. Bu meniň borjum. Häzirki ýagdaý meni gaty alada goýýar. Bu beýle bolmaly däldi. Emma boldy. Indi meniň esasy wezipäm araçynyň borçlaryny ýerine ýetirmek" diýip, prezident aýtdy.
5-nji oktýabr güni Bişkekde 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy miting guraldy. Oňa gatnaşanlar ses berişligiň netijeleriniň ýatyrylmagyny we saýlawyň gaýtadan geçirilmegini talap etdiler.
Demonstrantlar 6-njy oktýabr gijesi parlamentiň we ýurduň prezidentiniň ýerleşýän binalaryny eýelediler, Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň binasyny ele geçirip, birnäçe syýasatçyny türmeden boşatdylar. Şondan bäri prezidentiň syýasy güýçler bilen ol ýa-da beýleki görnüşde duşuşandygy barada maglumat ýok.
Nägilelik bildirýän syýasy güýçler 5-nji oktýabrdan bäri prezidenti işinden gitmäge çagyryp başladylar we impiçment yglan etmegiň zerurdygyny aýtdylar. Bişkekde 7-nji oktýabrda geçirilen demonstrasiýada Ýokarky geňeşiň deputaty Elwira Surabaldiýewa prezidentiň iş ýüzünde öz wezipesini ýerine ýetirmeýändigini öňe sürdi.
“Parlament prezidente impiçment yglan etmeli. Ol häzir prezident däl. Ol halkyna dönüklik edip, olara ok atdy. Indi bolsa kanuny prezidentdigini aýdyp, interwiýu berýär. Hawa, ol de ýure prezident, de-fakto beýle däl. 6-njy oktýabrda oňa garşy 20 müň adam proteste çykdy. Häzir hemme zadyň kanun esasynda bolmagy üçin parlameng agzalary mejlis geçirip, impiçment yglan etmeli" diýip, Surabaldiýewa aýtdy.
Şol mitingde “Respublika” partiýasynyň lideri, Ýokarky geňeşiň deputaty Mirlan Žençoroýew hem impiçment zerurlygyny öňe sürdi.
“Bu häkimiýet gitmese, korrumpirlenen işgärler we garakçylar hiç ýere gitmez. Biz prezidente impiçment yglan etmeli. Jeenbekow işinden çekilmeli! Raýymy türmä basmak zerur! Proseduralaryň ählisi kanun esasynda geçirilmeli, şonuň üçin deputatlar şu gün işe çykmaly" diýip, Žeençoroýew aýtdy.
Prezident we onuň diwany bu aýdylan sözlere häzirlikçe hiç bir jogap bermedi. Döwlet baştutanynyň metbugat gullugy žurnalistleriň telefonlaryna jogap bermeýär. "Azattyk" prezident üçin meýdança hödürlemäge taýyn diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň 8-nji oktýabrda çap eden makalasynda aýdylýar.
Şu geçen günlerde premýer-ministriň wezipesine birnäçe kandidat peýda boldy. "Butun Gyrgyzystan" partiýasyndan Ýokary geňeşe deputatlyga kandidat we Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesini ýerine ýetirýän Omurbek Suwanaliýew hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyrmaga başlady. Ol 7-nji oktýabrda Orsýetiň Federal howpsuzlyk býurosynyň müdiri Aleksandr Bortnikow bilen telefonda gürleşdi we Gyrgyzystandaky ýagdaý barada onuň bilen maslahat etdi.
"Butun Gyrgyzystandan" başga bir kandidat Kursan Asanow Içeri işler ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmäge girişdi. Sebitlerden ýolbaşçylaryň işden boşadylýandygy we olaryň orunlarynyň güýç bilen eýlenýändigi barada habarlar gelýär. Oşda şäher häkimligi üstünde dawa döredi.
Şu aralykda, birnäçe syýasy partiýa we ýaşlar hereketi Sadyr Žaparowyň Gyrgyzystanyň premýer-ministri wezipesine hödürlenmegine garşy boldy.
Olar öz garşylyklaryny onuň arkasynda hökümete täsirini ýitiren uly tireleriň we jenaýatçylaryň bardygyny aýtmak bilen düşündirdiler. Şunuň bilen baglylykda, täze wagtlaýyn hökümet döretmek işleriniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda däl-de, aç-açan we kanun esasynda geçirilmelidigi baradaky talaplar öňe sürüldi.
6-njy oktýabr agşamy bir topar deputat Bişkekde ýygnanyp, Ýokarky geňeşiň täze spikerini saýlady, soňra türmeden boşadylan Sadyr Žaparowy hökümet baştutany wezipesine hödürledi. Mundan biraz öň ýurduň Ýokary sudunyň kollegiýasy syýasatçynyň jenaýat işi bilen baglylykda aklanma hökümini çykardy.
Muňa jogap edip, Ýokarky geňeşiň täze döredilen Utgaşdyryjy geňeşe giren deputatlary kabul edilen kararlaryň bikanundygyny yglan etdiler we kärdeşlerini halk tarapyndan ynanylýan hökümet gurmak üçin adatdan daşary mejlis geçirmäge çagyrdylar.
Raýat aktiwisti Marat Tagaýew merkezdäki "Ala-Too" meýdançasynda geçirilen mitingde eden çykyşynda Sadyr Žaparowyň "tire-taýpa we jenaýat toparlarynyň goldawy bilen häkimiýete geçmäge synanyşýandygyny" aýtdy we munuň öňüni mümkin boldugyça çalt almaga çagyrdy.
Öňki baş prokuror Baýtemir Ibraýew ýurtda emele gelen ýagdaýa şeýle düşündiriş berdi:
“Gyssagly çäreleriň görülmegini talap edýän ýagdaý döredi. Konstitusiýanyň parahatçylyk döwründäki ýaly işlemelidigi baradaky pikir ýalňyş. Emma syýasy güýçleriň ählisi kanunçylyk ýoluna dolanmak üçin tagalla etmeli. Gynansagam, prezident iş ýerinde däl. Şol bir wagtyň özünde, ol kanun taýdan saýlanan döwlet baştutany bolup durýar. Emma onuň işe çykmagyna garaşylsa, ýagdaý günsaýyn erbetleşer. Mundan peýdalanmak isleýän güýçler bolsa köp. Şonuň üçin ýakyn prezident meselesini çözmeli".
Sooronbaý Jeenbekow 2017-nji ýylda geçirilen saýlawda ýeňiş gazandy we esasy garşydaşy Omurbek Babanowdan üstün çykyp, prezident saýlandy.
Jemgyýetde Jeenbekowa öňki prezident Almazbek Atambaýewiň mirasdüşeri hökmünde baha berildi we onuň özünden öňki ýolbaşçynyň täsirinde galjakdygy çaklandy. Emma soň ýüze çykan syýasy jedeller sebäpli olaryň arasy bozuldy we jenaýat başlygy Aziz Batukaýewi bikanun boşatmakda aýyplanýan Atambaýew şu ýylyň iýun aýynda 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
6-njy oktýabrdaky bidüzgünçilikler wagtynda döwlet howpsuzlyk komitetiniň deslapky tussaghanasynda oturan Atambaýew boşadyldy.
Sooronbaý Jeenbekowyň işini tankyt eden syýasatçy Bektur Asanow prezident wezipesini terk etmeli däl diýip hasaplaýar.
“Prezident gaçmady. Onsoň ol işlemegini dowam etdirmeli. "Ak tamda" bejeriş işleri geçirilenden soň, ol işe çykmaly. Onuň muňa doly ahlak hukugy bar, sebäbi halk ony 6 ýyl möhlete prezident saýlady" diýip, ol aýtdy.
2005-nji ýylda bolan ilkinji rewolýusiýa wagtynda şol wagtky prezident Askar Akaýew maşgalasy bilen Orsýete gaçdy we şondan bäri şol ýerde ýaşaýar. Ondan soň häkimiýete gelen Kurmanbek Bakiýew, 2010-njy ýylda bolan rewolýusiýa döwründe, maşgalasy bilen ýurtdan gaçdy. Häzir ol Belarusda ýaşaýar.
Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.