Häzir daşary ýurtlarda ýaşaýan Özbegistandan bolan ynsan hukuklaryny goraýjylar hem öňki syýasy tussag edilenler Şweýsariýanyň hökümetini Özbegistana gaýtarylýan Gülnara Kerimowanyň aktiwleriniň täzeden ogurlanmazlygyna çagyryş etdiler. Özbegistanyň ilkinji prezidenti Islam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa ol baýlygy dürli korrupsiýa ulgamlary arkaly gazanypdyr. Şweýsariýa 2012-nji ýyldan bäri döwlet banklarynda duran 131 million dollar möçberindäki ol aktiwleri Daşkent bilen baglaşylan resmi ylalaşyga görä yzyna gaýtaryp berjek diýeninden soň, graždan aktiwistleri şeýle ýüzlenmäni köpçülige ýaýratdylar. Ynsan hukuklary baradaky Özbek-german forumynyň inisiatiwasy tarapyndan taýýarlanan ol açyk hat 16-njy sentýabrda Uzbekforum.orgarkaly köpçülige ýaýradyldy. Aktiwistler Özbegistana gaýtaryljak ol puluň korrupsiýa garşy reformany goldamak üçin harç edilmegini talap edýärler.
Özbegistanly onlarça žurnalist hem ynsan hukugyny goraýjylar Gülnara Kerimowanyň garşysyna jenaýat işi açylanda, Şweýsariýanyň banklarynda doňdurylan puluň gaýtarylmagynyň «açyk» bolmagyny talap edýärler.
Uzbekforum.org saýtynda çap edilen aktiwistleriň açyk hatynda, häzirki wagtda Özbegistanda azda-kände liberallaşmagyň bardygyna garmazdan, hökümetiň korrupsiýa garşy aýgytlaýjy çäre görmeýändigi aýdylýar.
«Şoňa görä korrupsiýa ulgamlary tarapyndan özbek halkyndan ogurlanan puluň ýene-de korrupsionerleriň eline düşmegi mümkin» diýlip,açyk hatda bellenýär.
Şweýsariýanyň hökümetine ýollanan açyk hata ynsan hukuklary baradaky Özbek-german forumynyň ýolbaşçysy Umida Niýazowa, Garagalpagystanda hereket edýän ynsan hukuklaryny goraýjy «Çirok» guramasynyň ýolbaşçysy Azimbaý Ataniýazow, Fransiýada hereket edýän ynsan hukuklaryny goraýjy «Merkezi Aziýada ynsan hukuklary» guramasynyň ýolbaşçysy Nadežda Ataýewa, Özbegistanyň graždan jemgyýetiniň aktiwisti Farida Şarufullina, fotožurnalist Timur Karpow, Şweýsariýada ýaşaýan žurnalist Alişer Taksanow, garaşsyz žurnalist Şahida Tulaganowa we başgalar gol çekipdirler.
Ol gol çekenler Özbegistana gaýtaryljak puluň korrupsiýa garşy reformany goldamak üçin ulanylmagyny talap edýärler.
Ýatlatsak, 11-nji sentýabrda Şweýsariýa Özbegistan bilen hökmany däl çarçuwaly şertnama laýyklykda 131 million dollary Daşkende gaýtarjakdygyny aýdypdy. Ol 2012-nji ýylda Gülnara Kerimowanyň şweýsar banklarynda doňdurylan aktiwleri bolmaly.
Çarçuwaly şertnama laýyklykda, Daşkent açyklygy üpjün edip, yzyna gaýtarylan emläkleriň "Özbegistan halkynyň peýdasyna ulanyljakdygyny" aýtdy. Maglumata görä, Gülnara Kerimowa degişli jenaýat işiniň entegem dowam etmegi sebäpli 650 million şweýsar franky (715 million dollar) möçberindäki pul doňdurylmagynda galýar. Ol puluň hem ýurda gaýtarylmagy üçin şertnama gerek bolar.
Londonda ýaşaýan syýasy bilermen Alişer Ilhamowyň pikirine görä, “haýsy programma üçin harç edilse-de, nähili mukdardaky pul gaýtarylsa-da”, iň esasy zat ogurlanan aktiwiň Özbegistana gaýtarylyp berilmegidir.
«Bir tarapdan, olar Fransiýadan tapawutlylykda, Gülnaranyň aktiwlerini nähilidir bir şert goýmak bilen “yzyna gaýtarýar”, ýagny ogurlanan pullary yzyna berýär. Beýleki tarapdan, Şweýsariýa ol pullaryň nirä harç ediljegi barada azda-kände şert goýýar. Olardan iň möhümi – aýdyňlygyň bolmagy, ikinjiden 131 million dollaryň köp derejesiniň halkyň hyzmatyna harç edilmeginiň aýdyňlygynyň öňe sürülmegidir. Meseläniň şu ikinji tarapy barada, ýagny Şweýsariýanyň ol serişdäniň nähili şertde we nähili maksatlar üçin harç edilmegine gözegçiligi alyp barar diýip umyt edýärin. Eger şu ikinji tarap barada olar şertnama baglaşmadyk bolsalar, ol bir dostlukly memorandum bolup, pul maksada laýyk harçlanmazdy. Ýöne şertnama gol çekilmegi entek onuň 100% amala aşyryljagyna kepil geçmeýär» diýip,Alişer Ilhamow özFacebooksahypasynda ýazýar.
Şweýsariýada, ABŞ-da, Şwesiýada we Gollandiýada geçirilen jenaýat derňewleri Kerimowanyň ençeme ýyllap korrupsion ulgamlar bilen baglanyşyklygalp pullary ýuwandygynyň üstüni açdy. Derňew toparynyň tassyklamagyna görä, Kerimowa alty sany telekommunikasiýa kompaniýalaryndan, Özbegistanda mobil aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmaga lisenziýa almagy üçin, 1 milliard dollar çemesinde para alypdyr. Ol pullar ofşor kompaniýalary arkaly daşary ýurtlara çykarylypdyr.
Ol puluň uly bölegi – 555 million dollary Şweýsariýanyň banklaryndan tapyldy. Galan 200 million beýleki ýurtlardan. 2019-njy ýylda Şweýsariýa ol puluň belli bölegini Özbegistana gaýtaryp bermäge ylalaşdy. Özbegistan indi birnäçe wagt bäri ol pullary ýurda dolamak üçin iş alyp barýar.
2017-njy ýylda Özbegistanyň prezidenti Islam Kerimow aradan çykandan soň, onuň uly gyzy GülnaraKerimowasalgyt tölemekden boýun gaçyrandygy üçin, döwlet emlägini ogurlamakda hem başgalary para bermäge mejbur etmekde, ofşor kompaniýalaryň dokumentlerini ýok etmekde günäli saýylyp, 10 ýyl azatlykdan mahrum edilip, öý tussaglygynda galdyryldy. Ol öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy üçin, 2019-njy ýylyň mart aýynda türmä basyldy. Häzir ol Daşkent welaýatyndaky Zangiata raýonynda ýerleşýän 21-nji koloniýada jeza möhletini geçýär.
Gülnara Kerimowa hem onuň gyzy Iman öý tussaglygynyň şertiniň bozulmadygyny aýtdylar. Mundan soň onuň garşysyna ýene bir jenaýat işi açyldy.
Üçünji jenaýat işine laýyklykda Gülnara Kerimowa 13 ýyl 4 aý azatlykdan mahrum edildi. Ol hem onuň ýanynda bolan birnäçe adam «adamlardan zor bilen pul almak, býujet serişdelerini ogurlamak, lisenziýadan jenaýatçylykly girdeji almak»ýaly aýyplamalar bilen aýyplandylar.
Derňew toparynyň pikirine görä, Gülnara Kerimowa 12 ýylyň dowamynda bir topara ýolbaşçylyk edip, umumylykda 1,5 milliard dollara ýakyn aktiw toplapdyr.
Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.