ABŞ Ysraýyla Siriýadan goşunlaryny iki aýyň dowamynda tapgyrlaýyn çykarmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Bu barada Ysraýylyň Ynet habar portaly maglumat berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, Ysraýyl bu kararyň öňüni almak üçin synanyşdy, emma Waşington meýilnamalaryny üýtgetmek niýetiniň ýokdugyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, Ysraýylyň harby ýolbaşçylary bu kararyň täzeden gözden geçirilmegi üçin ABŞ bilen gepleşikleri dowam etdirýärler.
Ysraýylyň ýokary derejeli resmileriniň biri, şol sanda Amerikan esgerlerini bölekleýin çykarmak meselesine hem garalýandygyny aýtdy. Ysraýyl ABŞ-nyň bu ädimi netijesinde Türkiýäniň sebitdäki täsiriniň artmagyndan howatyrlanýar.
NBC News habar gullugynyň entek fewralda beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ähli goşunlaryny çykarmagy meýilleşdirýändigi aýdylypdy. Pentagonyň 2024-nji ýylyň dekabr aýyndaky maglumatlaryna görä, Siriýada takmynan iki müň amerikan harby gullukçysy bar. ABŞ harbylarynyň esasy wezipesi, bu “Yslam döwleti” atly terroristik topar bilen göreşmekden we Waşingtonyň hyzmatdaşlaryny, şol sanda “Siriýanyň Demokratik Güýçleri” atly kürt güýçlerini goldamakdan ybarat.