Döwlet eýeçiligindäki metbugat 27-nji iýunda Türkmenistanyň bugdaý planyny doldurandygyny habar berip, dowamly ýagan ýagyşlaryň ekine uly zyýan ýetirendigi aýdylan ýylda oba hojalygyndaky täze özgertmeleriň gowy netije berendigini tassyklady.
Mundan öň, 25-nji iýunda Ahal welaýatynyň,26-njy iýunda bolsa Mary welaýatynyň bugdaý planyny dolandygy habar berildi. 27-nji iýunda Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary hasabat berdiler diýip, TDH ýurt boýunça jemi 1 million 600 müň tonnadan gowrak azyklyk gallanyň harmana tabşyrylandygyny aýdýar.
Bugdaý planynyň ilki Ahal welaýatynda, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň häkim bellenen sebitinde dolmagy türkmen hökümetiniň çap edýän ýokary ösüş sanlaryna şübheli garaýan synçylary ýylgyrtdy. Olaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “indi Ahal welaýatyndaky kemçilikler tankyt edilmez, häkime käýinç we soňky duýduryş hem berilmez” diýdi.
Soňky ýyllarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ýolbaşçylaryny köp çalyşdy. Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän tejribeli agronomlar ýagdaýy kadr çalyşmak bilen däl-de, sistemany düýpden üýtgetmek, ýeri hususy eýeçilige bermek bilen düzedip boljagyny aýdýarlar.
Döwlet eýeçiligindäki metbugat gazanylandygy aýdylýan üstünligi "pudaklaýyn düzümiň täze tehnikalar bilen üpjün edilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, oba zähmetkeşleriniň ýokary hilli tohumlar hem-de zerur bolan mineral serişdeler bilen üpjün edilmegi" bilen düşündirýär.
Mundan öň hem mediada daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigi köp aýdylypdy. Ýöne bu ýyl gazanylandygy aýdylýan üstünlik prezident Berdimuhamedowyň oba hojalygyndaky problemalary bölekleýin boýun alyp, ikinji oba hojalyk reformasyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Täze teklipler onuň 2007-nji ýylyň başyndan bäri öňe süren oba hojalyk reformasynyň başa barmandygyny tassyklady.
Prezidentiň öňe süren teklipleriniň arasynda bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzlar we beýlekiler bar.
Emma ýerli synçylar, şol sanda "Türkmenistanyň Hronikasy" ýaly garaşsyz neşirler Türkmenistanyň oba hojalygynda ýagdaýyň prezidentiň aýdyşyndan hem agyrdygyny we sowet döwründen gelýän artdyryp ýazmalaryň täzeden ýörgünli bolandygyny, 2018-nji ýylda resmi habardakydan has az hasyl alnandygyny aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ahally agronom pagta, bugdaý planlaryny kagyz ýüzünde dolmagyň hemişe bolandygyny, şeýle ýagdaýyň un, çörek, kepek gytçylygyna alyp gelýändigini gürrüň berdi.
Oba hojalygynda emele gelen ýagdaýy käýinçler, wezipeden boşatmalar, türmä basmalar bilen, hökümet hem gytaklaýyn tassyklaýar. Mysal üçin, 2016-njy ýylda pagta ýygym kampaniýasy mahalynda artdyryp ýazmalara ýüz urandygy üçin onlarça emeldar türmä basyldy.
Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, Şwesiýada ýaşaýan pensioner Sapar Yklymow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde artdyryp ýazmalaryň, pripiskanyň öň hem edilendigini, özem bu işiň iň ýokary derejelerden berlen görkezme esasynda, plan dolmak, wezipede saklanmak üçin edilendigini aýtdy. Şol bir wagtda ol sowet döwründe pagtada edilen pripiskanyň köp adam üçin peýdaly bolandygyny belleýär:
“Artdyryp ýazmak daýhandan başlap, birinji sekretara çenli peýdalydy. 100 manat berip, 1000 manat alýadylar-da, üstesine baýraklar... Umumy döwlet üçinem, ykdysady tarapdan peýdaly, moral tarapyny men bir gyra süýşürýän” diýip, ozalky oba hojalyk hünärmeni Azatlyga aýtdy.
Ýöne indi, S.Yklymowyň pikiriçe, Türkmenistanyň ýygnalan hasyl barada Moskwa hasabat bermek aladasy ýok, emma bu iş daýhany aldamak, bir adamyň dolandyryşyny saklamak üçin dowam etdirilýär. Şeýle-de ol bu meselede çözgüt ýeri daýhana bermekden başlanýar diýip pikir edýär.
“Ýeri daýhana bermeseň, daýhançylykdan peýda alyp bolanok, döwlet alyp bilmeýär. Daýhan samsykdyr öýdýärler, daýhan samsyk däl-ä. Näme üçin men Berdimuhamedowyň keýpi üçin der döküp, zähmet çekmelimişim? Daýhan samsykmy näme? Döwlet ýok, hiç zat ýok, bir adam bar-a” diýip, Yklymow aýtdy.
Türkmenistanyň käbir obalaryndan, oba hojalyk pudagynda işleýän adamlaryň gazançlarynyň ýyl-ýyldan azalmagy netijesinde, soňky ýyllarda müňläp adamyň zähmet migrasiýasyna gidendigi habar berilýär.