Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri "Arzuwyň" ganatynda ýa-da olaryň kaşaň uçarlary


Boeing 787-800 Dreamliner. Illýustrasiýa suraty
Boeing 787-800 Dreamliner. Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde prezident uçary Boeing 787-800 Dreamliner üçin penajaý guruldy. Gurluşyga näçeräk çykdajy edileni gizlin saklanýar. Bu uçaryň satyn alnyş bahasy hem gizlin bolmagynda galýar. Täjigistanyň prezidentiniň on millionlarça dollarlyk täze uçarynyň bardygy tötänlik sebäpli aýan boldy. Indi Rahmonyň uçary Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň syýahat edýän kaşaň howa gämileriniň arasynda mynasyp orun tutýar.

Häkimiýetiň kararyna laýyklykda, Täjigistanyň paýtagtyndaky halkara aeroportda prezidentiň uçary üçin eýýäm gurlan penajaý indi döwlet komissiýasy tarapyndan kabul edilmeli. Onuň düzümi haýran galdyrýar: Goranmak ministrliginiň, Arhitektura-binagärlik komitetiniň, Döwlet emlägi komitetiniň we beýleki bölümleriň wekilleri girýär.

Emomali Rahmonyň uçary Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň kaşaň uçarlarynyň arasynda mynasyp orun tutýar.
Emomali Rahmonyň uçary Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň kaşaň uçarlarynyň arasynda mynasyp orun tutýar.

Emma hiç bir dokumentde "arzuw uçary" (Dream – iňlisçe ‘arzuw’, “Dreamliner” – ‘arzuw uçary’ – Red.) üçin gurlan penajaýa näçeräk çykdajy edilendigi hiç ýerde aýdylman, ol sanlar gizlin saklanýar. Şonuň ýaly-da, bu uçaryň diňe bir satyn alnyş bahasy däl, eýsem, ony satyn almagyň özi-de mälim edilmedi.

Mundan öň Emomali Rahmon hususy "Somon Air" awiakompaniýasynda uçýardy. 2023-nji ýylda 92 million dollarlyk möçberde Dreamlineriň satyn alynmagy uly waka boldy.

Täjigistanda şeýle gymmat bahaly uçaryň satyn alnyşy baradaky habar hökümetiň raýatlary tygşytly bolmaga, esasan-da, uly toý dabaralaryny bes etmäge çagyryşlaryň barýan wagtynda ýüze çykdy.

Dreamlineriň satyn alnyş gürrüňi derrew jikme-jiklikleri bilen aýan boldy. Meksikanyň öňki prezidenti Enrique Pena Nietonyň birnäçe ýyldan bäri gymmat bahaly uçaryny ýok etjek bolýandygy mälim boldy, sebäbi ony abat saklamak işlerine döwlet gaznasyndan köp pul harçlanýardy.

Onuň ornuna saýlanan Lopez Obrador munuň kabul ederlikli däl baýlykdygyny aýdyp, uçary ulanmakdan açyk ýüz öwürdi. Şeýle-de, ol satuwdan gelen girdejileri keselhanalaryň gurluşygyna harçlajakdygyna söz berdi.

Meksikanyň prezidenti Lopez Obrador Boeing 787 Dreamliner uçaryny ulanmakdan ýüz öwürýändigini açyk aýtdy.
Meksikanyň prezidenti Lopez Obrador Boeing 787 Dreamliner uçaryny ulanmakdan ýüz öwürýändigini açyk aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalistleriniň hasaplamalaryna görä, Dreamliner üçin tölenen 92 million dollara Täjigistanda 30 sany keselhana, 2 müň kilometr ýol, 333 sany sport kompleksini gurup bolardy ýa-da ýarym milliona golaý garyp adama kömek etmek mümkindi.

Ýöne onuň ornuna bu ýurt prezident üçin uçar satyn aldy. Indi bolsa onuň penajaýy üçin, näçeräk harçlanýandygy belli däl.

Bu uçar Merkezi Aziýanyň beýleki döwlet baştutanlarynyň ulanýan kaşaň we örän baý uçarlarynyň arasynda mynasyp orun tutýar.

Özbegistan: Dreamliner we oligarhyň uçary

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Emomali Rahmonyň satyn alan uçaryna meňzeş Boeing 787-8 Dreamliner uçaryny 2019-njy ýyldan bäri ulanýar. Ýurduň baýdagynyň şekilinde bezelen ol uçar gonmazdan, okeanlardan geçip bilýär.

Mundan öň Mirziýoýew oligarh Alişer Usmanowa degişli bolan Airbus A340 uçarynda syýahat edýärdi. Aýratyn-da, 2017-nji ýylda köpçülikleýin habar serişdelerinde Mirziýoýewiň GDA-nyň sammitine we BMG-niň Baş Assambleýasyna şol uçarda uçandygy habar berildi. “Uzbekistan hawo ýullary” kompaniýasy uçaryň kireýine alnandygyny aýtdy. Munuň sebäbi uçaryň ýokary derejede rahatlygy we tehniki taýýarlygy diýlip görkezildi. Uçary ulanmak üçin, näçeräk çykdajy edilendigi barada hasabat bermediler.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew VIP konfigurasiýaly Boeing 787-8 Dreamliner uçaryny ulanýar.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew VIP konfigurasiýaly Boeing 787-8 Dreamliner uçaryny ulanýar.

Nähili-de bolsa, A340 dünýäde iň gymmat hususy uçarlaryň biridir. Onuň bahasy takmynan 350 million dollara barabar. Ol Usmanowyň kakasynyň adyna "Burhan" diýip atlandyrylýar. Uçar Daşkentde, Moskwada we Nicede radarda yzygiderli peýda bolup, žurnalistleriň we aktiwistleriň soraglaryny oýarýar.

Garaşsyz döwletiň prezidentiniň näme üçin rus milliarderiniň uçarynda uçandygy hem anyk belli däl.

Gazagystan: Nazarbaýewiň mirasy we täze režimiň "ganatlary"

Gazagystanyň №1 howa ýollary köp wagtdan bäri Nursoltan Nazarbaýewiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol gymmat bahaly modernizasiýadan soň bahasy 300 million dollara golaý bolan Airbus A330-243 Prestige uçaryny ulanyp başlady. Ol bir gezekdäki ýangyç bilen 13 müň kilometr ýol geçip bilýär we ähli amatly VIP şertleri üpjün edilen.

2022-nji ýylda barlagçylaryň aýtmagyna görä, ýurduň öňki prezidenti tarapyndan esaslandyrylan birnäçe fondlaryň biri bolan Nursoltan Nazarbaýew gaznasynyň üsti bilen laýner Airbus ACJ320neo Şweýsariýanyň awiakompaniýasyndan, 100 million dollardan gowrak baha Gazagystana import edildi. Barlagçylaryň aýtmagyna görä, uçar Nazarbaýew tarapyndan ulanyldy.

Häzir bu uçar prezidentiň emlägi dolandyrmak bölümine hasabat berýän döwlet eýeçiligindäki Berkut Air awiasiýasynyň sanawynda durýar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Airbus A321 uçary Moskwa gonandan soň, 2019-njy ýyl.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Airbus A321 uçary Moskwa gonandan soň, 2019-njy ýyl.

Kasym-Žomart Tokaýew döwlet başyna gelende, ilki bilen 2013-nji ýylda öndürilen has ýönekeý Airbus A321-211 uçarynda syýahat etdi. Emma 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda (şol ýyl Gazagystan ýanwar aýynda bolan gandöküşikli wakalar bilen bellenildi, şondan soň öňki prezident Nazarbaýew ahyrsoňy kesä çekildi), ol özünden öňki prezidentiň esasy ulagy bolan Airbus A330 uçarynda uçýar.

Gyrgyzystan: Tu-154-den Airbus A320-ä çenli

Gyrgyzystanyň prezidentlik floty köp wagtdan bäri örän sada görünýär. 2024-nji ýyla çenli döwlet baştutany Sadyr Žaparow 1993-nji ýylda öndürilen Tu-154M uçaryny ulandy.

2024-nji ýylyň mart aýynda Bişkek gysga we orta aralykdaky ýollara niýetlenen 2002-nji ýylda öndürilen häzirki zaman Airbus A320 uçaryny aldy. Bu Gyrgyzystanyň Prezidentiniň býujet serişdeleri esasynda satyn alnan ilkinji uçary boldy. Barlagçylaryň aýtmagyna görä, Žaparow bu uçary satyn alnandygy resmi taýdan yglan edilmezinden öň ulanyp başlapdyr. Prezidentiň metbugat gullugy muny ret edýär.

Sadyr Žaparowyň uçary milli reňklerde bezelipdir we yzky ganatda bürgüdiň kellesi bar.
Sadyr Žaparowyň uçary milli reňklerde bezelipdir we yzky ganatda bürgüdiň kellesi bar.

"Manas" aeroportynda Airbus A320 uçaryny kabul eden ýurduň premýer-ministri Akylbek Žaparow: "düýn ýurduň býujetiniň hasabyna beýle maşyny satyn almak barada, pikir hem edip bilmedik, bu gün bolsa dikuçarlary hem uçarlary satyn alýarys" diýdi. Uçar milli reňklerde bezelip, yzky ganatda bürgüt kellesiniň şekili bar. Munuň döwlet gaznasyna näçä düşendigi resmi taýdan aýdylmaýar.

Türkmenistan: altyn ganatda, üstesine ol ýeke-täk däl

Serdar Berdimuhamedow kakasyndan diňe bir häkimiýeti däl, eýsem Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş prezidentlik emlägini, şol sanda kaşaň uçarlary hem miras aldy. Döwlet baştutanynyň esasy uçary Boeing 777-200LR bolup, ol korporatiw ak we ýaşyl reňkde bezelip, yzky ganatda howa ýollarynyň nyşany bar.

Bu uzak aralyga uçýan iň gymmat we güýçli uçarlaryň biridir: VIP görnüşinde onuň bahasy 300 million dollardan ýokary bolup biler. Uçar ýangyç guýman 17 müň kilometrden gowrak ýol geçmäge ukyply. Onda ýatylýan otag we duşuşyk otagyndan başlap, suwa düşülýän otag we konferensiýa zalyna çenli bolup, hemmesi iň ýokary derejede, altyn bilen bezelipdir.

Türkmenistanyň prezidentiniň howa gatnawynda birnäçe Boeing 737 uçarlary bar.
Türkmenistanyň prezidentiniň howa gatnawynda birnäçe Boeing 737 uçarlary bar.

Bu ýeke-täk uçar däl. Türkmenistanyň prezidentlik flotunda azyndan iki sany Boeing 737 bar. Uçarlar türkmen ýolbaşçylarynyň buýsanç serişdesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Öňki prezidenti G. Berdimuhamedowyň döwründe, Boeing uçarlarynda köplenç onuň portreti goýulýardy we gäminiň basgançagyndan alnan suratlar telewideniýe ýaýlymynyň bir bölegi hökmünde ulanylýardy. Hatda uçardan düşülýän ýerdäki myhmanlaryň duşuşygynda hem teatr elementleri bardy: halylar ýazylyp, çagalar toparynyň aýdymlary we baýdaklar goýlardy.

Beýleki awtoritar režimlerde bolşy ýaly, uçarlaryň bahasy, maliýeleşdirme çeşmeleri we nähili ýygylykda ulanylyşy köpçülikleýin habar serişdelerine mälim däl. Ýöne Türkmenistanyň olary ikinji bazardan alman, eýsem öndürijilere göni buýurýandygy we içki bezegleriň doly olara buýrulýandygy mälim.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG