15-nji aprelde NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen bilelikde Odessa şäherine sapar etdi. Bu Russiýanyň Sumy şäherine eden adam pidaly raketa hüjüminden iki gün soň amala aşyryldy.
Rutte NATO-nyň Ukrainanyň garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny nygtap, soňky aýlarda munuň sorag astyna alnandygyny, emma NATO-nyň goldawynyň üýtgewsizdigini aýtdy.
Rutte Zelenski bilen bilelikde ukrain esgerleriniň bejergi alýan hassahanasyna baryp gördüler. Zelenski ýurduň howa goranyş ulgamlaryna we raketalara bolan zerurlygyny belläp, bu ugurda Ýewropa we Amerikadaky hyzmatdaşlary bilen gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.
Rutte ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Russiýa we Ukraina bilen alyp barýan parahatçylyk gepleşikleriniň çylşyrymlydygyny, emma NATO-nyň Trampyň parahatçylyk tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.