Wladimir (ady üýtgedilen) eýýäm birnäçe ýyl bäri zir-zibil taşlanýan ýerlere aýlanyp, satyp boljak zatlary gözleýärdi. Ýaňy-ýakynda ol ýene-de şol ýere gitdi, emma yzyna dolanmady. Birnäçe gün geçensoň onuň hossarlary gözelege çykyp, onuň jesedini Aşgabadyň morglarynyň birinden tapdylar, onuň bedeninde ençeme şikes, kellesinde ýara bardy. Şeýle-de bolsa, lukmanlar onuň infarkdan ölendigini aýtdylar.
Türkmenistanda zir-zibil dörmegiň köpler üçin gün görmegiň çeşmesine öwrülendigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek ýazypdy. Ýurt ilatynyň barha erbetleşýän ykdysady şertlerinde hapa taşlanýan gapyrjaklardan zat gözlemek Türkmenistanyň şäherlerinde giň ýaýran ýagdaýa öwrüldi, zibil taşlanýan ýerlerde satyp ýa-da iýip boljak zatlaryň üstünde dawa turýar.
Wladimiriň ýakynlarynyň pikirine görä, onuň şeýle dawalaryň pidasy bolmagy ähtimal.
70 ýaşynda bolan Wladimir soňky birnäçe ýylyň dowamynda öz maşgalasy, ýagny aýaly we maýyp gyzy bilen Aşgabadyň Parahat-8 etrapçasynda ýaşaýardy. Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň başlanmagyndan öň maşgalanyň 30-njy etrapçasynda-da jaýy bardy. Olar jaýy kireýe berip, şol pula ýaşaýardy. Emma bir-iki ýyl mundan öň jaýy satmaly bolupdyr, ykdysady şertleriň tiz agyrlaşýan döwründe jaýyň kireýi ýeterlik girdeji getirmändir.
Ýeter-ýetmezçilik zerarly Wladimir soňky ýyllaryň dowamynda Parahat-8 etrapçasyndaky hapa taşlanýan gapyrjaklara baryp, plastik gaplary, çüýşeleri we satyp boljak beýleki zatlary toplapdyr.
Soňky aýlarda Wladimir zibil taşlanýan ýerlerde adamlaryň köpelendigini öz tanyşlaryna birnäçe gezek gürrüň beripdir we şol adamlary "konkurent" diýip atlandyrypdyr. Ol şolaryň arasynda agressiw adamlaryň hem bardygyny, onuň şol "nokatlarda" görünmezligini talap edýändiklerini aýdypdy.
9-njy maýda irden Wladimir ýerli zibilhanalara nobatdaky "saparyna" gitdi we gaýdyp gelmedi. Birnäçe günläp ony ýakynlary gözledi we paýtagtyň etrapçalaryndaky "zibil uruşlarynyň" howpunyň güýçlenendigi sebäpli uly alada galdy. Haýp olaryň aladasy birnäçe günden tassyklandy. Wladimir Aşgabadyň morglarynyň birinden tapyldy.
Wladimiriň aýalynyň sözlerine görä, merhumyň bedeniniň ähli ýeri gan öýmelerde bolup, kellesi gandy. Emma medisina edarasynda onuň ölüminiň sebäbini infarkt diýip görkezdiler. Zenan öz adamsynyň bedenindäki gan öýmeleri we şikesleri barada sorap başlanda, lukmanlar bedendäki gan öýmeleriň meýit tegmilleridigini, kellesinde bolsa trepanasiýa edilip, açylandygyny aýdypdyrlar. Şeýlelikde, 70 ýaşly Wladimiriň ölüminiň kriminal sebäpleri kanun goraýjylaryň derňewine ýetmänkä, medisina edarasy tarapyndan ret edilipdir.
Wladimir diňe bir hepdeden soň 18-nji maýda jaýlandy, sebäbi onuň ýakynlaryna berlen düşündirişe görä, sol günlerde jaýlaýan kärhanalarda "ölenler köp üýşüpdir" we pata geçirmek üçin ýerli naharhanalarda birnäçe günlük ýer bolmandyr.
Bellemeli ýeri, ýerli ýaşaýjylar, şol sanda soňky wagtda ölenleriň ýakynlary, ölümiň köpelmeginiň koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly bolup bilmegini çak edýärler. Sebäbi lukmanlar tarapyndan tassyklanmasa-da, ýogalanlarda COVID-19 keseline mahsus simptomlar, şol sanda demgysma bolupdyr.
Wladimiriň bir hepdeden jaýlanmagyna garamazdan, onuň jesedi morgdan gana bulaşan görnüşde berlipdir. «Morgyň işgärleri jenaýatçylygyň yzlaryny hatda ýaşyrmakçy hem bolmadylar», diýip, merhumy jaýlamak çäresine gatnaşan tanyşlarynyň biri Wladimiriň ölümine getiren bolmagy çak edilýän ýagdaýy agzady.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etrapçalarynda we beýleki şäherlerde zibil taşlanýan ýerleriň näderejede "gyzgalaňly" nokatlara öwrülendigi barada ençeme gezek habar beripdi. Bu ýerde zat gözleýän adamlaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň häzir başdan geçirýän taryhyndaky iň agyr krizis döwründe bu iş olaryň özleri we maşgalalary üçin ýeke-täk gazanç çeşmesine öwrülipdir.
«Durmuş derejesi çaltlyk bilen pese gaçýar, bahalar bolsa galýar, uçdantutma işsizlik, çagalary nädip eklejek. Başda elbetde utanýarsyň, emma indi biz köplük, nämeden utanjak. Aýratynam soňky ýarym ýylda men ýalylar köpeldi. Indi utanamok, emma degerli zatlary tapmak kynlaşdy, şonuň üçin dawa köp bolýar», diýip, Aşgabadyň hapa taşlanýan gapyrjaklarynyň biriniň golaýynda ýemşerilen plastik gaplary özüniň eleme-deşik bolan kirlije haltasyna salyp duran adam gürrüň berdi.
Aprelde Azatlygyň habarçylary paýtagtyň zibil taşlanýan ýerlerinde dawalaryň köpelendigini habar beripdi. Onuň sözlerine görä, hapa taşlanýan ýerlerde adamlar iýip boljak zatlary hem gözleýärler, emma karton, plastik gaplar we çüýşeler has köp islenilýär. Olary soň tabşyryp, ujypsyzja pul gazanyp bolýar.
«Olaryň ugrunda aýratyn bir göreş gidýär. Plastik baklažkalary köçe süpürýän aýallar we erkekler, ýaşaýjylar ýygnaýarlar. Soňky wagtda köçe süpürijileriň arasynda talaňçylyk göze ilýär. Her kimiň nobatçylyk edýän döwründe toplan möçberi bar. Indi erkekler aýallaryň üýşürenlerini aç-açan ogurlap başladylar» - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji aprelde habar berdi.
Türkmenistandaky barha güýçlenýän ykdysady problemalaryň, şol sanda işsizlik, ilatyň gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara girmegi, bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň durmuşynyň agyrlaşmagy ýaly kynçylyklaryň dowamynda ýurt resmileri garyplygy boýun almaýarlar. Döwlet mediasy halkyň problemalaryny gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.