70 ýaşly aşgabatlynyň 'zibil üstündäki urşuň' pidasy bolan bolmagy ähtimal
Wladimir (ady üýtgedilen) eýýäm birnäçe ýyl bäri zir-zibil taşlanýan ýerlere aýlanyp, satyp boljak zatlary gözleýärdi. Ýaňy-ýakynda ol ýene-de şol ýere gitdi, emma yzyna dolanmady. Birnäçe gün geçensoň onuň hossarlary gözelege çykyp, onuň jesedini Aşgabadyň morglarynyň birinden tapdylar, onuň bedeninde ençeme şikes, kellesinde ýara bardy. Şeýle-de bolsa, lukmanlar onuň infarkdan ölendigini aýtdylar.