Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu günler ýurduň welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän adamlary has köp görse bolýar.
Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçylary özleriniň 12-nji noýabrda beren maglumatlarynda zir-zibil dörýänleriň aglabasynyň aýal-gyzlar we çagalardygyny aýdýarlar.
“Olar Aşgabadyň etrapçalaryndaky zir-zibil çeleklerini dörýärler. Olaryň aglabasy şäheriň çetki etraplaryndan ýa-da obalaryndan gelýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy gürrüň berdi.
Habarçy birnäçe gün ozal Parahat-5 etrapçasynda zir-zibil dörýän, 12 ýaşlaryndaky bir oglan bilen söhbetdeş bolandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:
“Oglandan nireden gelendigini soranymda, ejesi we gyz jigisi bilen Gökdepeden gelendigini aýtdy. Şeýle-de, ol ejesi bilen gyz jigisiniň öýlere aýlanyp, ýaşaýjylardan iýmek üçin azyk önümlerini soraýandygyny, özüniň bolsa zir-zibilden derege ýarajak zat gözleýändigini gürrüň berdi” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Balkan we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary şeýle ýagdaýyň Balkanabat, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde hem gaýtalanýandygyny habar berdiler.
Aýdylmagyna görä, zir-zibil dörýän aýallar we çagalar esasan çörek ýa-da derege ýarajak, soňra satyp boljak egin-eşikleri gözleýärler. Ýaşaýjylar gapylaryny kakyp, kömek sorap gelen adamlara pul däl-de, esasan çörek, şeker, gök-bakja önümleri ýaly azyk kömegini ýa-da köne egin-eşikleri, goş-golamlary berýärler.
Azatlygyň habarçylary soňky döwürde zir-zibil dörýän adamlaryň köpelmegi bilen, ýaşaýjylaryň köne azyk önümlerini, şol sanda çöregi çeleklere dökmän, plastik paketlere salyp, zir-zibil çelekleriniň gapdalynda asyp goýýandygyny hem aýdýarlar.
“Ýaşaýjylar ‘biri alyp gider’ diýýärler. Soňky döwürde çelekleriň gapdalynda paketleri has köp görse bolýar” diýip, aşgabatly habarçy aýtdy.
Munuň bilen bir wagtda, soňky aýlarda paýtagtda zir-zibil dökülýän çeleklere we olaryň daşyndaky arassaçylyga üns hem güýçlendirildi.
“Her bir hapa taşlanýan ýeriň daşynda köçe süpüriji oturýar. Ir sagat 8-den agşama çenli gözegçilik edýär, arassa bolar ýaly. Eger kimdir biri hapalary dörüp, çörek gözleýän bolsa gygyrýar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 29-njy oktýabrda gürrüň beripdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň, işsizligiň fonunda, ýaşaýyş oňşugy kynlaşýan adamlary barha köp görse bolýandygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Resmi media türkmenistanlylaryň “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” ýaşaýandygy barada yzygiderli reportažlar görkezse-de, zir-zibil dörmäge we dilegçilik etmäge mejbur bolýan ýurt raýatlary barada mesele gozgamaýar.
Şeýle-de, ýurt resmileri Türkmenistanda işsizligiň derejesi, işini ýitiren adamlaryň sany, olary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada-da maglumat bermeýärler.
7-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi şu ýylyň güýz paslynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan ýurt boýunça 5 müň töweregi işgäriň işinden boşadylandygyny habar berdi. Çeşme bu çäräniň iş orunlaryny kemeltmek boýunça kabul edilen kararyň esasynda amala aşyrylandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.