AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.
Merkezi Aziýa
Ýurduň günortasyndaky Oş sebitinde koronowirus ýokuşandygy tassyklanan adam ýogalandan soň, Gyrgyzystan özüniň COVID-19-dan ölen ilkinji resmi pidasyny hasaba aldy.
Saglyk resmileri 3-nji aprelde 61 ýaşyndakyerkegiň, “ozaldan hem birnäçe çynlakaý derdi bolan” raýatyň daşary ýurda eden saparyndan yzyna dolanyp gelenden soň, näsaglygy sebäpli gözegçilik astyna alnandygyny aýtdylar. Ol soňra koronowirus barlagynda oňyn netije görkezdi we hassahana ýerleşdirildi.
“Dogrusyny aýtsak, ol jaýlananda, onuň garyndaşlarynyň hiç biri ol ýerde bolmady” diýip, etrap komandiri Malik Nurdinow hökümet tarapyndan girizilen adatdan daşary ýagdaý esasynda birnäçe şäheriň, şol sanda paýtagt Bişkegiň içinde adamlaryň hereket etmek mümkinçiliginiň çäklendirilendigini nazarda tutup aýtdy.
Gyrgyz resmileri Merkezi Aziýa ýurdunda hasaba alnan koronowirus hassalarynyň sanynyň 130-a ýetendigini aýtdylar.
Goňşy Gazagystanda, goranmak ministri Nurlan Ermekbaew 3-nji aprelde ätiýaçdaky harbylaryň müňlerçesiniň, koronowirusa garşy göreşde kömekleşmek we kärhanalaryň ýapylmagy zerarly işsiz galanlara ýardam bermek üçin, üç aýlyk harby gulluga çagyryljakdygyny aýtdy.
Nebite baý ýurduň saglyk resmileri 3-nji aprelde koronowirus näsaglarynyň sanynyň 448 bolandygyny, üç adamyň bolsa bu keselden ölendigini aýtdylar.
Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy Özbegistanda koronowirus hassalarynyň sany 221 boldy. Bu ýerde wirusdan iki adam heläk boldy.
Regionyň beýleki iki ýurdunda, Täjigistanda we Türkmenistanda resmiler şu wagta çenli hiç bir koronowirus hassasyny hasaba almady.
Azerbaýjan
Koronawirusyň ýaýramagyny gözegçilikde saklamaga ýardam bermek üçin 2-nji aprelde yglan edilen goşmaça talaplara görä, azerbaýjanlylar diňe şahsy belgilerini we daşary çykmagyň sebäbini SMS arkaly ugradandan soň köçä çykyp bilerler.
Resmileriň aýtmaklaryna görä, 5-nji aprelden başlap, azerbaýjanlylar daş çykmak üçin öz şahsy belgilerini hem-de saparyň sebäbinine gabat gelýän sany 8103 belgisine mugt SMS arkaly ugratmaly bolarlar.
Lukmançylyk hyzmatlary üçin 1; azyk, dermanhana, bank we poçta hyzmatlary üçin 2; ýakyn garyndaşy jaýlamaga gatnaşmak üçin 3 belgisini ugratmaly.
Geçen hepde Azerbaýjan koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin karantin düzgünlerini has hem berkitdi – tiz kömek ulaglary, sosial hyzmatlara we oba hojalyga degişli ulaglar ýaly käbir kadadan çykma ulaglardan daşgary ähli ulaglara ýurduň regionlarynyň we şäherleriniň arasynda hereket etmek gadagan edildi.
Baku metrosy günde bary-ýogy bäş sagat işleýär we dünýäniň köp ýerinde bolşy ýaly, supermarketlerden, azyk dükanlaryndan we dermanhanalardan başga ähli restoranlar, kafeler, çaýhanalar we dükanlar ýapyldy.
Bu Günorta Kawkaz ýurdunda 400 koronawirus näsagy hasaba alyndy we bäş adam wirus sebäpli aradan çykdy.
Russiýa
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Russiýadan lukmançylyk serişdelerini kabul edendigini hem-de bu hereketiň propaganda hökmünde ulanylmagyndan özüniň alada galmaýandygyny aýtdy.
2-nji aprelde Tramp bu serişdeleriň hepdäniň başynda koronawirus keseline garşy göreşi ara alyp maslahatlaşmak üçin telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Wladimir Putiniň hödürländigini hem-de bu hereketi özüniň “ýagşy hereket” hasaplaýandygyny aýtdy.
“Men ‘ýok, sag bol’ diýip bilerdim ýa-da ‘sag bol’ diýip bilerdim we ... men aljak diýdim” diýip, Tramp Ak tamyň brifinginde aýtdy.
Birleşen Ştatlary howa geçirijileri we şahsy gorag enjamlary ýaly lukmançylyk serişdelerini daşaýan rus uçarynyň 1-nji aprelde Nýu-Ýork şäherine gelendigini tassyklady.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Morgan Ortagus bu enjamlaryň satyn alnandygyny aýtdy ýöne olara ABŞ-nyň tölän töleginiň möçberini mälim etmedi.
Tramp Russiýanyň bu hereketi propaganda üçin ulanmagyndan “sähel hem bolsa” alada galmaýandygyny aýtdy.
Putin “bir topar ýokary hili zatlary, lukmançylyk serişdelerini hödürledi, men olary kabul etdim we olar bir topar adamy halas edip biler” diýip, Tramp aýtdy. “Men muny her gün alaryn” diýip, ol belledi.
Russiýanyň BMG ilçisiniň orunbasary Dmitriý Polýanskiýniň “Interfaks” habar gullugyna aýtmagyna görä, heniz hiç zat ylalaşylmadyk hem bolsa mundan beýläk hem ýükleriň ugradylmak ähtimallygy “aradan aýrylmaýar”.
Tramp has köp ýüküň gelmeginiň mümkindigini aýtdy. “Biz haýyş etsek, Putin has köp ýardam iberip biler” diýip, ol aýtdy.
Kremliň tankytçylary Moskwanyň öz mätäçiliklerini kanagatlandyryp bilýändigi barada soraglaryň bar wagty, onuň näme üçin daşary ýurtlara enjam iberýändigini sorag astyna aldy.
“Men ilki bu Birinji aprel degişmesidir öýtdüm, ýöne soň bu dogry bolup çykdy. Russiýa ýurt boýunça lukmanlar we şepagat uýalary bir-birlerine kesel ýokuşdyryp, maskasyz işleýän wagty ABŞ-a lukmançylyk serişdelerini satdy. Bu elhenç. Putin sag däl” diýip, oppozisiýa lideri we Putiniň belli tankytçysy Alekseý Nawalny Twitterde ýazdy.
Resmi maglumatlaryň takyklygy sorag astyna alynýan Russiýada tassyklanan koronawirus keseliniň sany soňky günlerde köpeldi, ýöne beýleki Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende heniz hem pes ýaly bolup görünýär.
Resmi sanlara görä, 2-nji aprele çenli ýurtda 3,548 adama kesel ýokuşdy hem-de 30 adam wirusdan aradan çykdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.