Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Gyrgyz prezidenti iki ministri boşatdy, Gazagystanda üçünji adam öldi, Türkmenistan daşary ýurt ýük ulaglaryny geçirmeýär


Maskaly gyrgyz polisiýa işgärleri.
Maskaly gyrgyz polisiýa işgärleri.

AÝ/AR Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky koronawirus bilen bagly ýagdaýlara syn etmegini dowam etdirýär.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň prezidenti Soronbaý Jeenbekow, koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy ýeterlik çäre görmändigi üçin, premýer-ministriň orunbasary Altynaý Omurbekowany we saglyk ministri Kosmosbek Çolponbaýewi wezipelerinden boşatdy. Jeenbekow bu baradaky kararlary 1-nji aprelde çykardy.

Mundan öň, gyrgyz prezidenti ýurtda koronawirusyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri ýiti tankytlapdy. Gyrgyzystanda 111 adamyň, şol sanda 11 çaganyň hem koronawirusa ýolugandygy tassyklandy.

Jeenbekow “öňüni alyş çäreleriniň talaba laýyk alnyp barylmandygy” sebäpli, adamlaryň wirusa ýokuşandygyny aýtdy.

Gazagystan

Gazagystanda wirus sebäpli ölen üçünji adam hasaba alyndy.

Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň 1-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurtda 369 adam wirusa ýokuşypdyr.

Özbegistan

Özbegistanda Baş prokuratura ýurduň gündogaryndaky Kokon şäherinde koronawirus bilen bagly ýalan maglumatlary ýaýratmakda şübhelenip, ýerli kanunçykaryja garşy iş gozgady.

Maglumata görä, şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk şäher geňeşiniň agzasy iki adamyň wirusa ýolugandygy barada sosial mediada ýalan maglumatlary ýerleşdiripdir.

1-nji apreldäki maglumatlara laýyklykda, Özbegistanda wirus bilen 173 adam keselläpdir. COVID-19 sebäpli iki adam aradan çykypdyr.

Türkmenistan

Türkmenistanda häkimiýetler häzire çenli koronawirusa ýolugan ýeke ýagdaý barada hasabat bermediler. Şol bir wagtda, ýurtda 1-nji maýa çenli daşary ýurt ulaglarynyň tranzit geçişi gadagan edildi.

Täjigistan

Täjigistanda 31-nji martdan başlap türmelerdäki we deslapky tussaghanalardaky saklanýanlary baryp görmek gadagan edildi.

Täjigistan wirusa ýokuşan ýeke ýagdaý barada hasabat bermedi.

XS
SM
MD
LG