Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda telekeçiler bank hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyryp bilmeýär


Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky
Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky

Aşgabadyň döwlet banklarynyň öňünde bank hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyrmak isleýän telekeçileriň uly nobatlary döredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.

"Şu gün "Türkmenistan", "Türkmen-türk", "Daşary ykdysady iş" we "Senagat" banklarynyň öňünde onlarça telekçi üýşdi. Bu ýerdäki adamlaryň üýşmeleňi märekä meňzeýärdi. Olar özleriniň bank hasaplaryndaky puly almak isleýändiklerini, ýöne hiç hili pul berilmeýändigini aýtdylar. Telekeçiler bu pul bilen öz işgärleriniň aýlyklaryny tölemelidiklerini hem bellediler" diýip, waka şaýat bolan habarçy 1-nji aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bank resmileri pul berilmezliginiň sebäplerini düşündirmän, telekeçilere erte ýa-da birigün gelmegi tabşyrdylar.

"Telekeçiler özaralarynda nägileliklerini beýan edensoň dargadylar. Ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi adaty bir zada öwrüldi. Ýöne telekçileriň öz bank hasaplaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmezligi bilen bagly ýagdaý az gaýtalanýardy. Olar diňe wagtal-wagtal çäklendirilýärdi" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosyna bu barada agzalan banklardan kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda ýurt raýatlary özleriniň zähmet, pensiýa we talyp haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler. Şol bir wagtda, telekeçilere öz kärhanalarynyň bank hasaplaryndaky puly döwlet banklary arkaly belli bir derejede nagtlaşdyrmak mümkinçiligi berilýär.

Ýöne Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň banklarynda we bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Muňa ýurduň bank ulgamynda girizilýän çäklendirmeler we bankomatlaryň öňündäki uly nobatlar şaýatlyk edýär.

"Bankomatlar bilen bagly problema tutuş mart aýynda dowam etdi. Adamlaryň köpüsi kartlaryndaky zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändikleri sebäpli pullaryny kartlarda galdyrdylar. Häzir adamlar pullaryny nagt däl sowdada harçlamaga synanyşýarlar. Ýöne töleg terminallarynyň işlemeýändigi ýa-da ýokdugy sebäpli nagt däl söwdany-da hemme ýerde amal edip bolmaýar" diýip, aşgabatly habarçy 1-nji aprelde gürrüň berdi.

Telekçileriň we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bu kynçylyklarynyň fonunda, 1-nji aprelden başlap ýurtda walýuta bank hasaplarynyň eýelerine pul serişdesiniň dollaryň resmi kursy boýunça diňe manatda beriljekdigi habar berildi.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň banklaryna dil üsti bilen görkezme ýaýradyp, Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň walýuta hasaplaryndaky zähmet haklaryny walýutada däl-de, dollaryň döwlet kursy boýunça​ diňe manatda bermegi tabşyrdy diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeleri we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny agzap, aç-açan çykyş etmeýärler.

XS
SM
MD
LG