Russiýanyň harby güýçleri 8-nji aprele geçilýän gije Ukrainanyň Harkiw sebitine ballistik raketa bilen hüjüm etdi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleg Sinegubow Telegram-kanalynda habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, Russiýa “Iskander-M” kysymly raketany atypdyr. Bu raketa häzir ulanylmaýan bir dynç alyş merkeziniň çägindäki dört gatly binanyň üstüne düşüpdir. “RBK-Ukraina” neşiriniň ýazmagyna görä, bu hüjümde adam pidasy bolmandyr, ýöne birnäçe adamda güýçli stres ýüze çykypdyr.
Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa sişenbe gününe geçilýän gije ýurda 46 sany “Şahed” kysymly drony we birnäçe imitasiýa pilotsyz enjamy atypdyr. Olaryň 9-sy ýok edilipdir, 31-si bolsa nyşana ýetmändir. Şeýle hem, “Iskander-M” ballistik raketasynyň atylandygy bellenilýär. Hüjümleriň netijesinde Harkiw, Dnipropetrowsk we Donetsk sebitleri zyýan çekipdir.
Dnipropetrowsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Sergeý Lysakyň maglumatyna görä, Samarow etrabyna edilen dron hüjümi netijesinde, köp öýli alty sany ýaşaýyş jaýyna we bir dükana zeper ýetipdir.
Russiýanyň harby ýolbaşçylary bu wakalar boýunça resmi beýanat bermediler. Moskwa uruş döwründe parahat ilata we raýat infrastrukturasyna garşy ýörite matlap bilen zarbalary urýandygy baradaky aýyplamalary boýun almaýar.