Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB import paçlary boýunça ABŞ bilen ylalaşyga gelmegi ileri tutýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlarynyň söwda ministrleri 7-nji aprelde Lýuksemburgda geçiren duşuşygynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlaryny ýatyrmak boýunça Waşington bilen gepleşikleriň ÝB-niň esasy ileri tutulýan ugruna öwrülmelidigi bilen ylalaşdylar. Şol bir wagtda-da, Bileleşik garşy çäreleriň ilkinji toplumyny taýýarlap başlady.

Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

ABŞ häzirki wagtda ÝB-niň 27 agza ýurduna garşy polat, alýumin we awtoulaglara 25%, beýleki harytlaryň aglaba köplügine 20%-lik gümrük paçlaryny girizdi. Bu çäreler Trampyň, amerikan eksportyna aşa ýokary päsgelçilik döredýän ýurtlara garşy alyp barýan syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar.

Lýuksemburgdaky duşuşyga gatnaşan köp ministrler, doly göwrümli söwda urşunyň öňüni almak üçin ABŞ bilen gepleşikleriň başlanmagynyň ÝB-niň esasy maksadyna öwrülmelidigini nygtadylar.

Ýewropa Bileleşiginiň şu hepde ABŞ-dan getirilýän dürli harytlara – diş ýüplüginden başlap göwher daşlaryna çenli – 28 milliard dollarlyk jogap çärelerini ornaşdyrmagyna garaşylýar.

2024-nji ýylda ABŞ-dan ÝB ýurtlaryna eksport edilen harytlaryň umumy bahasy 334 milliard ýewro boldy. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ Ýewropa Bileleşiginden 532 milliard ýewrolyk haryt import etdi.

XS
SM
MD
LG