Prezident Şawkat Mirziýoýew pagta önümleri üçin onlarça ýyl ozal girizilen pagta kwotalaryny ýatyrmagy buýurdy, hukuk aktiwistleri munuň Özbegistanyň mejbury zähmet bilen bagly uzaga çeken problemalaryny çözmäge kömek etjek uly özgerişlikdigini aýdýarlar.
Özbek lideriniň bu karary goňşy Türkmenistanda pagta hasylyny ýygnamak baradaky döwlet tabşyryklarynyň artdyrylyp, 200 müň tonna köpeldilen ýylyna gabat geldi.
Mirzoýewiň 6-njy martda gol çeken kararyna laýyklykda, 2020-nji ýyldan başlap, ýurtda gowaça ekmek we pagta satmak kwotalary, döwlet tarapyndan pagta we däne ýygnamak boýunça berilýän tabşyryklar ýatyrylýar.
Şeýle-de buýruk daýhanlary pagta öndürmäge gatnaşmak borçlaryndan halas edýär, ekspertler bu ýagdaýyň daýhanlara beýleki düşewüntli ekinleri ekip, nagt pul gazanmaga has kän mümkinçilik berjekdigini belleýärler.
Pagta eksporty Özbegistanyň onlarça ýyllap, sowet döwründen şu güne çenli esasy girdeji çeşmeleriniň biri bolup geldi.
Merkezden düzülýän planlar, ýurduň yssy we gurak klimatyna garamazdan, pagta hasylynyň uly möçberlerde ösdürilip ýetişdirilmegini buýurýardy. Netijede, hökmany önümçilik kwotalary zähmet eden-etdiliklerine alyp geldi, özbekleriň köpüsi agyr işe, pagta ýygymyna kömekleşmäge mejbur edildi.
Pagta ýygmaga çagalar hem mejbur edildi. Hukuk toparlarynyň Pagta kampaniýasy ady bilen tanalýan halkara koalisiýasy özbek hökümetiniň mejbury zähmeti soňlamagy üçin ýyllap tagalla etdi.
Şeýle-de bu kampaniýa esasy eşik brendlerine mejbury zähmet esasynda ýetişdirilen pagtany ulanmazlyk babatda kän basyş görkezdi. ABŞ-nyň hökümeti hem bir zaman, mejbury zähmet bilen baglylykda,özbek pagtasyndan öndürilen harytlaryň importyna çäklendirme girizdi.
Adam hukuklary boýunça Özbek-German forumynyň aklawçysy Lynn Schweizfurz Özbegistanda döwlet pagta kwotasy ulgamynyň sökülmegini gutlap, munuň daýhanlara öz islän ekinlerini ekmekde has kän erkinlik berjekdigini aýtdy.
Ýöne ol Özbegistanyň ‘klasterler’ ulgamynyň - ýurduň oba hojalygyny has netijeli we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ulgamyň daýhanlara zyýan ýetirilmeginiň soňuna çykyp biljekdigini hem duýdurdy.
Halkara Zähmet guramasy bolsa, bu özgerişligi öwmek bilen, ony “taryhy ösüş” hökmünde häsiýetlendirdi.
Özbegistanyň duldegşir goňşusy Türkmenistan hem pagtaçylykda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýär.
Özbegistandaky ýaly, Türkmenistanda hem howa yssy we gurak klimatly. Emma muňa garamazdan, sowet ýyllaryndan bäri kada öwrülen pagta planlary, garaşsyzlyk ýyllarynda ýerli dokma kärhanalarynyň gurulmagy we pagtanyň daşary ýurtlara eksport edilmegi bilen, şindi hem saklanyp galýar we, hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, mejbury zähmetiň esasy ulanylýan ýeri bolup durýar.
Türkmenistanda pagtaçylyk, ekspertleriň pikirlerine görä, suwuň bisarpa ulanylmagy netijesinde ýerleriň uly möçberlerde şorladylmagyna, arrykladylmagyna we hasyllylygyň diňe pagtaçylykda däl, beýleki ekinler babatynda hem örän pese gaçmagyna, oba adamalrynyň durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşmagyna alyp geldi.
Mundan başga, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Türkmenistanyň garaşsyzlyga çykandan soň sebitde iň bir yzagalak, awtoritar dolandyryşly we garyp ilatly ýurtlaryň birine öwrülmeginiň hem bir sebäbi pagtaçylykdaky mejbury zähmet, sowet ýyllarynda çagalaryň we studentleriň gowaça meýdanlarynda ýitiren wagty we wagtynda "almadyk bilimleri" bilen bagly.
Şol bir wagtda, ýerleriň şorladylandygy, hasyllylygyň pesdigi resmi taýdan boýun alynsa hem, türkmen häkimiýetleri pagtaçylykdaky mejbury zähmeti, soňky onýyllyklarda daýhanlaryň garyp düşmegine getiren plan-borçnama praktikalarny dowam etdirýärler.
Bu ýagdaý oba ýerleriniň adamlarynyň iş, gazanç gözläp, şäherlere we daşary ýurtlara barha kän migrasiýa gitmegine sebäp bolýar diýip, ýerli synçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistan mejbury zähmet esasynda ýygnalýan pagta hasylyny has-da köpeltmegi niýet edinýär.
TDH-nyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda bugdaý öndürmek plany azaldylyp, pagta plany artdyrylar, has anygy, täze gurlan zawodlar we eksport üçin öndürilýän pagtanyň möçberi 1 million 250 müň tonna ýetmeli.
Türkmenistan geçen ýyl 550 müň gektar ýere gowaça ekip, 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny alandygyny aýtdy.