Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Aşgabadyň we Marynyň döwlet dükanlarynda adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Aşgabatda satylýan towuk budy sanlyja adama ýetýär. Maryda un, ýag hepdede bir gezek satuwa çykarylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Marydan habar berýärler.
“Şu gün sagat 12 töwereginde ‘Teke bazardaky’ döwlet dükanynda towuk budy satuwda peýda boldy. Ýöne aradan 15 minut geçmänkä, bir guty towuk budy satylyp gutardy. Ol 10-dan gowrak adama ýetdi. Öýlan sagat 4 töwereginde towuk budy 32-nji dükanda-da satyldy. Satuwa çykarylan towuk butlarynyň sany 15-den köp däldi. Olam dessine gutardy. Towuk buduny günüň dowamynda iki-üç sapar satýarlar we onuň wagty hem näbelli” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji fewralda gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, towuk budy satuwa çykarylanda, ondan her adam iki sanysyny satyn alyp bilýär. Onuň 1 kilogramy 10 manatdan bahalanýar. Ýöne ortaça 1 kilogram 200 gram bolýan bu iki towuk budundan adatça 250-300 gram buz çykýar.
Habarçy döwlet dükanlarynda un, ýumurtga, şeker we ösümlik ýagy ýaly ilatyň uly isleg bilen alýan azyk harytlarynyň hem käte satuwa çykarylýandygyny, ýöne onuň dessine gutarýandygyny aýdýar.
Azatlygyň Marydaky habarçysy şuňa meňzeş ýagdaýyň bu welaýatda hem gaýtalanýandygyny belleýär. Onuň sözüne görä, un hepdede diňe bir sapar satuwa çykarylyp, şonda 20 halta un getirilýär. Onuň bir haltasy 50 kilogram bolup, adam başyna 5 kilogram un satylýar.
“Ýag hepde-de bir sapar satuwa çykarylýar. Şonda 30 boklaşka ‘Ahal’ ýagy getirilýär. Adam başyna 1 litr satýarlar. Ýöne ol hemme adama ýetmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy aýtdy.
Şeýle-de, ol gyt harytlar satuwa çykarylanda, satyjylaryň “nobatlary gizlemek” üçin alyjylardan arka tarapdaky gapylarda nobata durmagy talap edýändigini hem belleýär.
“Paýokly harytlar gelende, dükanyň baş gapysyny içinden gulplaýarlar we arka gapdaldaky gapydan haryt satýarlar. Nobatlary ýaşyrmak üçin görülýän bu çäre Mary şäheriniň Oguz han köçesindäki 44-nji, Kemine köçesindäki 1-nji we “Mir” köçesindäki 10-njy dükanlarda gaýtalanýar. Bu ýere paýokly harytlar gelende nobatlar has-da artýar. Adamlar daňdan sagat 5-den nobat belleýärler. Esasan-da un berlende azyndan 50 adam üýşýär” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň welaýatlaryndaky hem-de paýtagt Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary hususy söwda nokatlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalarynyň döwlet nyrhlary bilen deňeşdireniňde telim esse gymmatdygyny habar berýärler. Olar işsizlik, aýlyklaryň öz wagtynda berilmezligi we bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilatyň döwlet dükanlaryndan azyk harytlaryny satyn almaga ýykgyn edýändigini aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, dükanlaryň öňündäki nobatlary aç-açan boýun almaýarlar.
Ýurtda towuk etiniň we ýumurtgasynyň ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, 11-nji fewralda döwlet metbugaty guş etini we ýumurtga öndüriji “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň şu ýyl önümçilik görkezijilerini iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.