Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda oba hojalyk işgärleriniň aýlyklary berilmeýär. Maryda bankomatlarda pul tapdyrmaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda oba hojalyk pudagyna degişli zawod, fabrikleriň ençemesiniň işgärleri zähmet haklaryny alyp bilmän kösenýärler. Mary welaýatynda bolsa, býujet işgärleri öz bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan welaýatyň oba hojalyk işgärleriniň ençemesi indi dekabrdan bäri zähmet haklarynyň berilmeýändigini aýdýar.

“Işgärleriň zähmet haklaryny tölemeýän zawod, fabrikleriň arasynda Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi, pagta arassalaýjy zawody we himiýa zawody bar. Işgärleriň dekabr, ýanwar we fewral aýlyklary henizem hasaplaryna geçirilmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 12-nji fewralda gürrüň berdi.

Işgärleriň sözüne görä, zawod, fabrikleriň ýolbaşçylary aýlyklaryň näme sebäpden berilmeýändigi barada anyk düşündiriş bermeýärler. Ýöne olar işgärlere bu barada “gürlemezligi, dymmagy berk tabşyrýarlar”.

“Ýolbaşçylar şu aýyň 15-ne çenli aýlyklaryň bank kartlaryna geçiriljekdigini aýdýarlar. Ýöne olar dekabr aýyndan bäri şuňa meňzeş wadalary berip gelýärler” diýip, lebaply oba hojalyk işgärleriniň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol indi tas üç aý bäri aýlyksyz işleýändiklerini aýdyp, munuň özleriniň maşgala býujetine agyr täsir ýetirýändigini hem belleýär.

“Aýlyk ýoklugy sebäpli öýe zerur bolan azyk we senagat harytlaryny hem alyp bilmeýäris. Işçileriň tas ählisi diýen ýaly dogan-garyndaşlaryndan ýa-da tanyş-bilişlerinden alýan karz pulunyň hasabyna ýaşaýar. Hojalygynda başga işleýän adam bolmadyk işçileriň ýagdaýy has-da agyr. Ýöne işgärler işden çykarylmakdan gorkup, seslerini çykarmaýarlar ” diýip, lebaply oba hojalyk işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginden, pagta arassalaýjy zawodyndan we himiýa zawodyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Lebaply oba hojalyk işgärleri aýlyklaryny alyp bilmän kösenýän mahaly, maryly býujet işgärleri bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler.

“Adamlar kartlaryndaky aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin welaýatyň dürli künjeginden Mary şäherine gelýärler. Şu gün irden şäheriň hiç bir bankomadynda pul ýokdy. Adamlar uzak gününi puluň gözleginde geçirdiler. Howa sowuk. Olar ýagşyň aşagynda ezilip, şäheriň bankomatlaryna aýlandylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 11-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, öýlän sagat 15:00 töwereginde şäheriň bankomatlarynyň käbirine pul salyndy. Olaryň arasynda “Belent” söwda merkeziniň öňündäki “Türkmenistan” bankynyň daş ýüzünde ýerleşýän bankomatlaryň 3-si we Mollanepes köçesiniň ugrundaky "Senagat", "Daýhan" we "Türkmenbaşy" banklarynyň bankomatlary bar. Ýöne bulardaky pul serişdesi-de tiz wagtda gutardy.

“Bu bankomatlaryň her birinden göni 10 adam pul alyp bildi. Ýöne her bankomadyň öňünde azyndan 60 adam nobata durdy. Nobata duran adamlar öz tanyşlaryna jaň edip, bankomatda pul bar diýdiler, ýöne ol adamlaryň özlerine hem pul ýetmedi” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, pul ýetmedik adamlar “ýene pul salynar” diýen umyt bilen, uzak gün bir bankomatdan beýleki bankomadyň öňüne gatnadylar.

Şuňa meňzeş kynçylyklary lebaplylaryň hem başdan geçirýändigini, Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysy habar berdi. Onuň sözüne görä, Türkmenabat şäherindäki bankomatlaryň köpüsinde pul ýok. Şeýle-de, olaryň köpüsi işlemeýär.

"Aýyň başyna kartlaryna geçirilen pensiýa we kömek pullaryny henizem nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar bar” diýip, lebaply habarçy 12-nji fewralda gürrüň berdi.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmezligi we bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Bu barada döwlet metbugaty hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG