Mary welaýatynyň pensionerleri we döwlet kömek puluny alýan ýaşaýjylary özleriniň azyk we senagat harytlaryny gymmat bahadan satyn almaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş boldy.
Olar munuň sebäpleriniň bankomatlarda pul serişdesiniň tapdyrmaýandygy we şol sebäpli öz pensiýa hem-de kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändikleri bilen baglanyşyklydygyny gürrüň berdi.
“Marynyň ýaşaýjylarynyň pensiýa haklary we kömek pullary 3-nji fewralda plastik bank kartlaryna geçirildi. Ýöne adamlar pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler. Sebäbi bankomatlarda pul ýok. Eger bankomatda pul bolaýan ýagdaýynda-da, ol derrew gutarýar. Banklaryň gapysynda duran bank işgärleri ‘pul ýaňyja gutardy’ diýip, adamlary yzyna gaýtaryp durlar. ‘Biderek nobata durduk’ diýip, yzyna gaýdýan adamlary görse bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 5-nji fewralda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagt adamlar kartlara geçirilen puly nagtlaşdyryp bolmaýandygy sebäpli ondaky maliýe serişdelerinden diňe nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler. Nagt däl bank amallaryny bolsa, diňe döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki käbir dükanlarda amal edip bolýar. Ýöne döwlet dükanlarynda ilat üçin zerur bolan azyk we senagat harytlarynyň köpüsi tapdyrmaýar.
“Döwlet dükanlarynda hökümet tarapyndan goýberilýän harytlar ýok. Mysal üçin, towuk budy, ‘Ahal’ ýagy we gök önümler tapdyrmaýar. Şu günler diňe un paýlanýar. Adamlar paýlanýan unuň hilinden hem nägile bolýarlar. Un gaty gara bolup, ony elände kepek kän çykýar” diýip, habarçy belledi.
Onuň sözüne görä, şol sebäpli adamlar "Belent", "Hoşal" we "Halal" ýaly hususy söwda merkezlerinden azyk harytlaryny satyn almaga mejbur bolýarlar. Ýöne bu dükanlardaky harytlar, bazarlar bilen deňeşdireniňde, azyndan 3-4 manat gymmatdan satylýar.
“Bazarlarda unuň birinji sortunyň 1 kilogramy 7 manatdansatylýan bolsa, hususy dükanlarda 11 manatdan bahalanýar. Greçkanyň 1 kilogramy bazarda 9 manatdan, dükanda 12 manatdan satylýar. Başgaharytlar hem şunuň ýaly” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Habarçy ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylmagy bilen, welaýatda harytlaryň gymmatlap başlandygyny hem aýtdy. Ol bu azyk gymmatçylygyň we gytçylygynyň, şeýle-de bankomatlarda pul ýetmezçiliginiň adamlaryň özarasynda nägileliklerine beýan etmegine sebäp bolýandygyny hem belleýär.
Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi her aý diýen ýaly ýüze çykýar. Adamlar zähmet, pensiýa we talyp haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin ençeme sagatlap ýa-da günläp nobata durýarlar.
Ýurt raýatlary plastik kartlaryndaky maliýe serişdesinden diňe döwlet dükanlarynda we hususy eýeçilikdäki käbir söwda nokatlarynda peýdalanyp bilýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygynyň dowam edýändigi barada soňky birnäçe ýyl bäri dowamly habar berip gelýärler.
Munuň bilen bir wagtda, azyk we senagat harytlarynyň hususy söwda nokatlaryndaky bahalary hem yzygiderli gymmatlaýar.
2-nji ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Täze ýyl baýramy geçenden soňra azyk önümleriniň, şol sanda bananyň, balygyň, süýji-köke önümleriniň we alkogolly içgileriň bahalarynyň azyndan 30% gymmatlandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we munuň bilen bagly problemalary aç-açan boýun almaýarlar. Bu barada döwlet mediasy hem häzire çenli dymyp gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.