Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow 24-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 2022-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň prezidenti nobatdaky ilat ýazuwyny geçirmek hakyndaky karara 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda gol çekdi we onda ýurduň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek planlaşdyrylýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, ilat ýazuwyny geçirmegiň we onuň jemlerini jemlemegiň usullaryny öwrenmek,ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek, onuň netijelerini işläp taýýarlamak üçin programma üpjünçiligini, zerur enjamlary satyn almak, bäsleşik geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Prezident hasabaty diňläp, ilat ýazuwynyň “ilatyň sany, ýaş toparlary, düzümi hakynda doly we dogry maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýandygyny” belledi.
Onuň pikiriçe, ilat ýazuwy netijesinde alnan statistiki maglumatlar türkmen döwletini we jemgyýetini ösdürmegiň esasy bolup hyzmat eder.
Şeýle-de, Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu gezekki ilat ýazuwy "täze sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak" esasynda geçiriler.
Golaýda häkimiýetler ýurduň ilat sanynyň 6 million adamdan geçendigini yglan eden hem bolsa, Türkmenistanyň ilatynyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşi köpler üçin soragly bolmagynda galýar.
Resmi Aşgabat 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini şu wagta çenli yglan etmän gelýär. Ýogsa bu ilat ýazuwyna taýýarlyk görlende hem, "Ilat ýazuwyna ýazylan badyň, Ýurduň taryhyna girer seň adyň" diýlip, oňa gatnaşjak ilat üçin wagyz-nesihat edilipdi. Soňra bu ilat ýazuwy baradaky maglumatlar, belki-de taryha girmezligi üçin, hökümet saýtlaryndan bozulyp aýryldy.
Şu aralykda Aşgabat birden, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dekabrda belleniljek 25 ýyllygy bilen baglylykda açylan täze saýtda ýurduň ilat sanynyň 6.2 million adamdan gowrakdygyny yglan etdi.
Türkmenistanda mundan öň ilatyň sany barada resmi taýdan mälim edilen iň soňky maglumat Döwlet statistika komiteti tarapyndan 2006-njy ýylda çap edildi. Şonda ýurduň ilat sany 2000-nji ýylda 5 million 369 müň 400 adam diýip görkezildi.
Azatlygyň mundan ozalky ýyllarda çap eden maglumatlaryna görä, Döwlet statistika komiteti 2005-nji ýylda ýurduň ilat sanynyň 6 million 746 müň 500 adamdygyny aýdypdy.
BMG-niň Ilat gaznasy 10 ýyl ozalky hasabatynda, resmi maglumatlara salgylanyp, Türkmenistanyň ilatynyň 2007-nji ýylda 6.9 million adamdygyny mälim etdi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 2015-nji ýylda çap eden maglumatlaryna görä, 2012-nji ýylda ýurduň ilat sany 4 751 120 adama barabar boldy.
Türkmenistanyň ilaty soňky onýyllykda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we adam hukuklarynyň tas ähli ugurda basgylanmagy bilen baglylykda, barha köp daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn edýär diýip, ýurt içinden gowuşýan resmi bolmadyk maglumatlarda aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdan gidýän adamlaryň möçberini azaltmak üçin zähmet migrantlaryny uçardan alyp galmak, daşary ýurtlarda işleýän we wiza möhletleri gutaran raýatlaryň garyndaşlaryna basyş etmek ýaly çärelere ýüz urýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär