Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilat ýazuwy: Netije nämälimligine galýar


Ilat ýazuwy geçirilen mahaly ugradylan sms
Ilat ýazuwy geçirilen mahaly ugradylan sms
Geçen ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda Türkmenistanda ilat ýazuwy geçirildi. Bu çäräniň deslapky netijesiniň 2013-nji ýylyň iýul aýynda we doly netijesiniň bolsa 2014-nji ýylyň başlarynda yglan ediljekdigi aýdylypdy. Iýuldan bäri üç aý gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu barada maglumat ýok.

Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen bu ählihalk sanawy Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň geçirilen ikinji ilat ýazuwydyr. Mundan ozal 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda Türkmenistanyň jemi ilat sany 4 million 483,3 müň adam diýlip mälim edilipdi.

Resmi taýdan ilat ýazuwy yzygiderli geçirilmedik hem bolsa, Türkmenistanyň jemi ilat sany barada wagtal-wagtal dürli hem köp halatlarda gapma-garşylykly maglumatlar peýda bolýar.

6,5 million

Meselem, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2004-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda eden çykyşynda şol wagt ýurduň ilat sanynyň 6,500,000 adama barabardygyny aýdyp, ilatyň ösüşi şeýle dowam etse, onda Türkmenistanyň ilatynyň 2009-njy ýyla çenli 9 milliona ýetjekdigini aýdypdy.

Aradan bir ýyl geçensoň, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow 2005-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda sözlän sözünde ýurduň jemi ilat sanynyň 6, 600,068 adama barabar bolandygyny we şol ýylyň 31-nji dekbarynda-da ilatyň jemi sanynyň 6,800,000 adama ýetendigini aýdypdy.

“Şu ýyl halkymyzyň sany 6, 800,000-den geçdi. 6, 800,000-den geçen 7 milliona barabar. Men bir wagtlar diýenimde, başlanymyzda, 2010-nji ýylda 10 milliona barar diýenimde, köp adamlar, halkymyz ynanmaýardy. Indi ondan öňrägem boljak 10 million, üç göterimden ösüp barýar halkymyz” diýip, ol 2005-nji ýylyň 31-nji dekabrynda eden çykyşynda belläpdi.

Emma Nyýazow Türkmenistanyň ilatynyň 2009-njy ýylda 9 milliona ýetjekdigini aýdan hem bolsa, bu çaklama BMG-niň bütin dünýäde ilatyň ösüşi boýunça iş alyp barýan edarasynyň 2009-njy ýylda ýaýradan maglumatynda berlen sanlardan düýpli tapawut edýär. Agzalýan edaranyň 2009-njy ýylyň 12-nji martynda çap edilen maglumatynda Türkmenistanyň ilat sany şol ýyl 5,125,693 adama barabar diýlip çaklanypdyr.

Soňky ilat ýazuwy

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri, prezident Berdimuhamedow ýurduň ilat sany barada takyk maglumat bermekden saklanyp gelýär. 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijesi barada hem henize çenli takyk maglumat berilmedi.

Ilat sany barada berlip gelinýän biri-birine çapraz maglumatlar, şeýle-de soňky gezek geçirilen ilat ýazuwy baradaky çäräniň netijesiniň yglan edilmezligi, halk arasynda dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolýar. Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Ýaýlym Begow bu meselede şeýle pikirde: “Ilat ýazuwy geçirilmäge taýýarlyk görülýärkä göz öňünde tutulan sandan azrak gelip, ýa-da ýazuw geçirilýän döwri käbir säwlikler bolup, hemme ýerdäki adamlaryň sanyny anyk doly ýazyp bilmedik bolmaklary mümkin”.

Nyýazowyň döwründe ilat sany barada çaklama derejesinde hem bolsa, käbir maglumatlar öňe sürlerdi. Emma 2007-nji ýyldan bäri bu barada aýdylýan zat ýok, gum-gukluk. Hatda her ýyl neşir edilýän Türkmnenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk statistik ýygyndysynda-da ilatyň takyk sany barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwy barada maglumatyň çap edilmezligi bilen birlikde, hatda ol çap ediläýende-de, ýurduň ilatynyň sany baradaky nätakyklygyň doly aradan aýryljagyna şübheli garaýanlar bar. Ýerli synçy Ýaýlym Begow onuň sebäpleri barada şeýle diýýär: "Ilat ýazuwyny geçirmäge ygtyýarly adamlaryň raýatlaryň öýlerine barmandygy, käbir adamlaryň ilat ýazuwyndan çetde durmagy, dürli sebäpler bilen başga ýurtlara gidenler, zähmet migrantlary, göçüp gidenleriň doly sanynyň belli bolmazlygy bu ýazuwa doly we takyk diýmäge, meniň pikirimçe, esas ýok".

Eger ilat ýazuwynda nätakyklyklar goýberilse, bu, elbetde, döwletiň býujet serişdeleriniň adalatly paýlanmagyna-da päsgelçilik döreder. Türkmenistanda býujet we käbir beýleki döwlet serişdeleri, her welaýatyň ilat sanyna görä kesgitlenýär. Onsoň iş gözläp daşary ýurtlara giden raýatlary köp bolan käbir etrapdyr welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň hakyky sanynyň ilat ýazuwynda görkeziljek sandan köp bolmagy mümkin diýen garaýyşlar bar. Bu ugurdan, esasanam, Daşoguz we Lebap welaýatlary hakda gürrüň etmek mümkin.

2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda Lebap welaýatynyň Sakar etrap häkimliginde geçirilen ýygnaklaryň birinde edilen çykyşlarda bir ýylda 111 müň 260 adamyň daşary ýurtlara gidendigi, olardan 34 müň adamyň Lebap welaýatyndandygy habar berildi.

Ýöne ilat ýazuwynyň netijeleri barada maglumat berilmeýşi ýaly, bu çärede adamlary sanawa alyş düzgünleri hakda hem häzirlikçe resmi maglumat ýok.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde Türkmenistan diýlip atlandyrylýan territoriýada birinji gezek ilat ýazuwynyň geçirilenine şu ýyl dogry 100 ýyl dolýar.

Resmi çeşmelerde patyşa Russiýasy döwründe Zakaspiý oblasty diýlip atlandyrylan bu territoriýada ilkinji ilat ýazuwynyň 1913-nji ýylda geçirilendigi, şol wagt Zakaspiý oblastynyň ilatynyň jemi sanynyň 1 million 41,7 müň adama barabar bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG