Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adam Türkmenistany terk edipdir.
"Döwlet statistika komitetiniň köp wagtlap ýygnan ýapyk informasiýasyna görä, 2008-2018-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň 413 adam hemişelik ýaşamaga ýa-da işlemäge gidipdir, bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar" diýip, çeşmelerimiziň biri mälim etdi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny belleýär.
Çeşmämiziň sözlerine görä, bu agzalan san 2019-njy ýylyň başyna degişli ýagdaýy görkezýär.
Şu çaka çenli köpçülige mälim bolmadyk bu sanlary Türkmenistanyň dürli döwlet edaralaryndaky üç çeşme Azatlyga tassyklady.
"Netijeler gizlinlikde saklanýar. Ilat ýazuwynyň çap edilmeýändiginiň sebäpleri hem hut şonuň üçin. Ilat ýazuwyny taýýarladylar we netijeleri berdiler, emma netijeler prezidentiň göwnünden turmady we ol başga kriteriýalar boýunça jikme-jik derňew geçirmegi we öý dolandyryş edaralary, çagalar baglary, mekdepler we beýlekiler boýunça hasap çykarmagy tabşyrdy. Netijede soňky 10 ýylyň içinde ilatyň sanynyň aktiw azalandygy, tas 2 million adamyň gidendigi anyklandy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.
Azatlygyň ýene bir çeşmesiniň sözlerine görä, ilatyň sanyna we migrasiýanyň möçberine degişli sanlar Türkmenistanyň hatda hökümeti üçin-de garaşylmadyk bir ýagdaý bolupdyr.
"Bu sanlar prezidente görkezilende onuň özünden çykandygyny gürrüň berdiler. Onuň ýolbaşçylygy üçin mundan beter biabraýçylyk ýok bolsa gerek" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Şeýle-de, Azatlygyň çeşmeleri ilatyň emigrasiýasyny öwrenmek boýunça işe gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň öňki ýolbaşçylaryndan ikisiniň Lýudmila Amanniýazowanyň we Aýna Oraýewanyň häzirki wagtda häkimiýetleriň aýratyn gözegçiliginiň astynda saklanýandygyny we olaryň daşky dünýä bilen kontaktlarynyň çäklendirilýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň döwlet statistika komitetinden resmi taýdan kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň daşyna gidýän raýatlarynyň sanyny resmi derejede çap etmeýär, ýurt ilatynyň umumy sanyna degişli resmi statistikany hem bermeýär.
Ýatlatsak, Türkmenistanda ilat ýazuwy soňky gezek 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabr aralygynda geçirilipdi, emma onuň netijeleri köpçülige mälim edilmändi. Şondan bäş ýyl geçensoň 2017-nji ýylda türkmen hökümeti täze ilat ýazuwyny geçirjekdigini we onuň 2022-nji ýylda göz öňünde tutulýandygyny yglan edipdi.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň ilat sanyna degişli açyk çeşmelerde duş gelýän sanlarda 5,5 million adam diýlip görkezilýär, emma Azatlygyň çeşmeleri ilat sanynyň 3,3 million adamdan geçmeýändigini aýdýarlar.
Häzirki wagtda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini aýdýarlar.
"Emigrasiýanyň täze tolkuny döredi we ýagdaý örän gözgyny. Ýurt hakykatda boşap galdy. Hut şu sebäpden goşuna alynýanlaryň sany az bolup, harby gullugyň möhletini uzaltmak göz öňünde tutulýar. Obalarda hem iş güýji ýetenok. Ýurduň demirgazygy we gündogary Özbegistana gidýär. Emma has köp barylýan ýurtlar Türkiýe, Orsýet we Ukraina" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.
Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň migrasiýa edaralarynda daşary ýurt pasportyny almak isleýänleriň uly nobatlary ýygy-ýygydan döreýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda synçylar ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşýandygyny belleýärler. Agyr işsizligiň fonunda ýurtda ministrlikler, döwlet edaralary ýapylýar, iş orunlary azaldylýar, hususy biznes üçin mümkinçilikler çäklendirilýär. Munuň bilen bir wagtda-da, häkimiýetler ilata gözegçiligini güýçlendirip, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde päsgelçilikleri döredýär.
- "Bu ýerden göterilmäge wagt ýetdi" diýen sözleri ýygy-ýygydan eşitse bolýar. Adamlar häkimiýetleriň her bir hereketinden soň ýurdy terk etmek kararyna gelýärler. Hut sanlyja günüň dowamynda tanyşlarymdan 10 golaý maşgalanyň daşary ýurtlara gitmäge taýýarlanýandygyny bilip galdym diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 28-nji maýda habar berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa temasyny resmi derejede açyk gozgamaýarlar, statistika sanlaryny resmi taýdan çap etmeýärler. Emma ilatyň ýurduň daşyna çykmagyna degişli migrasiýa düzgünlerini pugtalandyrýarlar, raýatlar yzygiderli uçardan düşürilýär, howpsuzlyk wekilleri raýatlaryň ýurtdan gitmezligi üçin söhbetdeşlikleri geçirýärler, şeýle-de raýatlaryň emlägini satmak işini kynlaşdyrýan täze düzgünler girizilýär.
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň bahasy esli pese gaçdy.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda paýtagtda ýaşaýyş jaýlar ortaça 30% arzanlapdyr. Sosial mediada çap bolýan bildirişlerden çen tutulanda Aşgabatda 3 otagly jaýyň häzirki bahasy ortaça 21-35 müň amerikan dollaryna barabar.
Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly rieltoryň, ýagny emläk dellalynyň sözlerine görä, ulanylan jaýlaryň bazarynda soňky üç ýylda jaýlaryň bahasy iki esse pese gaçyp, jaýlaryny esasan ýurdy terk edýänler satýarlar.
Türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň çap edýän sanlaryna görä, türkmen raýatlarynyň şol döwletlerdäki sany köpelip barýar.
Türkiýäniň hökümetiniň ýakynda çap eden maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň diňe bir mart aýynda Türkiýä 23 müň türkmenistanly barypdyr.
Türkmenistandan Orsýete barýanlaryň sany hem artýar. Hususan-da 2018-nji ýylda Orsýet Federasiýasynyň diňe bir Wolgograd regionynda türkmenistanlylaryň sany bir ýylda 81% köpelipdir. Soňky aýlarda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde uly nobatlar saklanýar. Ilçihana ýüz tutýanlaryň köpüsi Orsýete göçmek isleýär, olaryň ençemesini etnik türkmenler emele getirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. Rus dilinde hem okaň