Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 2019-njy kyn, ‘biz üçin oňat ýyl boldy’ diýýär


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda 27-nji dekabrda Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirilip, gelýän 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýen şygar astynda geçirmek karar edildi.

2019-njy ýyl Türkmenistanda "Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany" diýen şygar astynda geçirilýär.

Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa bu şygary teklip etmek bilen, durşuna döwlet baştutanynyň öwgüsine we alkyşyna öwrülen 5 minutlyk sözünde prezidente 15 gezek “çuňňur hormatlanylýan arkadag prezident”, “mähriban arkadag”, “sarpasy belent prezident”, “arkadag prezident”, “hormatly prezident”... diýen sözler bilen ýüzlendi.

Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa 'Arkadag Prezidenti' alkyşlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:58 0:00

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda 2019-njy ýylyň “ähli ýurtlar üçin örän kyn” ýyl bolandygyny, emma muňa garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3% bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol “dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgininiň haýallap, iň pes derejä çenli baryp ýetendigini”, munuň “bazar ykdysadyýeti emele gelýän ýurtlaryň birnäçesinde makroykdysady kynçylyklary döredýändigini” belledi.

Azatlygyň habarçylarynyň ýurt içinden berýän maglumatlaryna görä, türkmenistanlylar ýylyň dowamynda azyk we manat kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Şonuň bilen birlikde, Berdimuhamedowyň geçirýän hökümet ýygnaklarynda daşary ýurtlardan maýa çekmek talaplary köp gaýtalandy, senagatda, nebit-gaz pudagynda tabşyryklaryň ýerine ýetirilmeýändigi açyk boýun alyndy.


Prezident “käbir ýurtlarda maýa goýumlarynyň möçberiniň peselmegi öndürijiligiň depgininiň pese düşmegine getirýär” diýse-de, emele gelen ýagdaýyň türkmenistanlylaryň durmuşyna ýetirendigi aýdylýan ýaramaz täsirlerini agzamady we ilatyň “ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin” ähli zerur çäräniň görlendigini nygtady.

Ol, bu sözüne delil edip, Ministrler kabinetiniň 41 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15 mejlisiniň, dürli maslahatlaryň 56-synyň geçirilendigini aýtdy, daşary ýurtlara edilen saparlary ýatlatdy.

Prezidentiň sözlerine görä, mejlislerde, halkara derejeli duşuşyklarda "çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş häsiýetli derwaýys meselelere seredildi", "degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi".

Şeýle-de, Berdimuhamedow geljek ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetine oňyn baha berdi, onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene bir gezek 10% ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.


Synçylar hökümetiň her ýyl 10% aýlyk ýokarlandyrmasynyň, barha gymmatlaýan harytlar we durmuş bilen deňeşdirilende, raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň aşak gaçmazlygyna täsir ederden juda ujypsyzdygyny aýdýarlar.

Munuň üstesine, ýurtda işsizligiň hem derejesiniň örän ýokarydygy, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýänleriň, eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýanlaryň barha köpelýändigi aýdylýar.

Bikanun işlere, şol sanda altyn, walýuta gaçakçylygyna ýüz urup, daşary ýurtlarda tutulýan türkmen raýatlarynyň arasynda aýallaryň hem az däldigi habar berilýär. Ýöne türkmen hökümeti jenaýatçylyk maglumatlaryny çap etmeýär, bu mesele barada ne resmiler, ne metbugat tarapyndan gürrüň gozgalýar.

Mundan başga, bankomatlaryň öňünde dowam eden manat nobatlary barada çykan habarlary gytaklaýyn inkär etmek bilen, prezident “zähmet haklaryny tölemekde hiç hili meseläniň ýokdugyny” hem ynandyrmaga çalyşdy.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasyly ýygnalyp, ýurduň azyk howpsuzlygy üpjün edildi; 1 million tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnaldy; umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.


Synçylar Türkmenistanda öndürildi diýilýän gallanyň we pagtanyň möçberlerine juda şübheli garaýarlar. Ikinji tarapdan, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlary biraz ýokarlandyrylan hem bolsa, daýhanlaryň gazanç, maşgala eklemek mümkinçilikleriniň artmaýandygy, gurlan uly desgalaryň bolsa taslama kuwwatynda işlärden juda daşdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti ýylyň jemlerine bagyşlanan sözünde gelýän 2020-nji ýylda ýurduň öňünde “örän möhüm bolan iki çäräni” - Konstitusiýa üýtgetmeleri girizip, iki palataly Parlament döretmegiň, Bitaraplygyň 25 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda bellemegiň durandygyny aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu “wakalara bagyşlanan çäreleri örän ýokary derejede geçirmek" zerur.


Türkmenistanda soňky ýyllar, prezidentiň yzygiderli we ýörite tabşyrmagy netijesinde, köpçülik çärelerini, dabaralary mümkin boldugyça uludan tutmak, olara köp adam gatnaşdyrmak, raýatlary işden, okuwdan, dynç alyşdan kesmek kada öwrüldi. Şol bir wagtda bu çärelere çykarylýan çykdajylar barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG