Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar. Hususan-da, Marynyň bazarlarynda etiň bahasynyň gymmatlandygyny we polisiýanyň nyrhlara gözegçilik edýändigini ýerli habarçymyz aýdýar.
"Mary welaýatynda sygyr we goýun eti gymmatlady. Geçen aýda bahalar 24 we 21 manatdy, indi 30 we 27 manat. 'Gök bazarda', 'Ak bazarda' we "Läle bazarda' graždan eşikli polisiýa işgärleri söwda nokatlary aýlanyp, satyjylardan sygyr etiniň bahasyny 24 manatdan ýokary galdyrmazlygy talap edýär" diýip, habarçymyz 19-njy dekabrda habar berdi.
Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şeýlelikde önümiň hakyky bahasy görkezilen resmi nyrhdan has ýokary.
"Ähli et dükanlarynda sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 24 manat diýlip görkezilýär, emma bu bahadan et satyn aljak bolsaň, süňki çekip berýärler. Satyjydan gowrak et berilmegini sorasaň ol ýuwaşlyk bilen başga bahasyny aýdyp, 30 manat diýýär" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwdagärleriň sözlerine görä, olar eti häkimiýetleriň talap edýän bahasyndan satsalar zyýana galýarlar, sebäbi bu önümiň bahasyny ödemeýär, hususan-da, mal iýminiň gymmatlygy sebäpli.
Habarçymyzyň sözlerine görä, Marynyň döwlet dükanlarynda et satylmaýar, bazarlarda bolsa ýeterli bar, emma alyjy köp göze ilmeýär.
"Bazarlarda et ýeterlik bar, emma alyjy köp däl. Köpüsi et satyn alyp bilmeýärler. Işsizler köp. Köpüsi tomus ýapan tomatlaryny iýip gün görýärler, unaş bişirýärler, käwagt towuk buduny satyn alýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär we bazarlarda köplenç döwlet edara-kärhanalarynda işleýänleriň söwda edip bilýändigini belleýär.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda ýerli býujet edaralarynda işgärlere iki aýyň aýlygy berlipdir. Emma ýerli ilat köpçüliginiň girdejileriniň örän ujypsyzdygyny, tutuş maşgala bolup, garrylaryň pensiýalaryna, çagalaryň we maýyplaryň kömek pullaryna ýaşaýandygyny, käbirleriň daşary ýurtlarda zähmet çekýän migrant garyndaşlarynyň iberýän puluna gün görýändigini habarçylarymyz aýdýarlar.
"Ilat arasynda işleýänlerden işsizler has köp. Köp maşgalalar çagalar üçin berilýän kömek puluna ýaşaýarlar. Daşary ýurtlarda işleýän garyndaşlarynyň iberýän pullaryna ýaşaýanlar hem köp, emma olara bir aýda pul gelse, beýleki aýda gelmeýär. Men türmedäki hossarlarynyň yzyndan täze ýylda azyk eltmek üçin şu günler kösenip ýören hojalyklary bilýärin" diýip, habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanda bahalar iki ýyl bäri yzygiderli galýar, aýratynam bu baýramçylyklaryň öňýany has göze ilýär. Häkimiýetleriň bahalara gözegçilik edýän wagty goşa bahalar döreýär, ýagny hakykat ýüzünde harytlar görkezilen nyrhlardan gymmat satylýar.
Emma bahalaryň dowamly ýokarlanmagynyň we azyk gytçylygynyň iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, ýurduň häkimiýetleri problemalary açyk boýun almaýarlar.
Şol bir wagtda-da, ýurt ýolbaşçysy baýramçylyklaryň öňýany azyk bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrýar.
Prezidentiň ýaňy-ýakynda eden şeýle tabşyrygyndan soň paýtagtyň bazarlarynda gök önümleriň, miweleriň görnüşleri köpelipdir, döwlet dükanlarynda un we şeker satylyp başlanypdyr. Käwagt satuwda ýumurtga bolýar. Mundan öň geçen aýda paýtagtyň ilaty çörek üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolupdy, welaýat ýaşaýjylary bolsa, döwlet dükanlaryndaky çörek, un we ýag gytçylygyna uzak wagtlap duçar bolup gelýärler.
Azyk önümleriniň gymmatlamagy we häkimiýetleriň nyrhlara gözegçilik etmegi bilen bagly ýagdaý geçen ýylda hem bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.