Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda gaz töleglerini öz wagtynda ýygnamadyk işgärlere işden kowulmak haýbaty atylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Marynyň etrap gaz edarasynyň işgärleri gaz sarp edijilerden her aý 23000 manat möçberde pul ýygnap, ony edara ýolbaşçysyna tabşyrmaga mejbur edilýär. Muny berjaý etmedik işgärlere işden kowulmak haýbaty atylýar.

“Her bir işgäre bir daýhan birleşik tabşyrylýar. Olar her aý oba aýlanyp, ilatyň sarp eden gazynyň töleglerini elin ýygnaýarlar. Etrap gaz edarasynyň başlygy işgärlerden her aý 23000 manat möçberdäki plany dolmagy talap edýär. Eger dilden aýdylan bu plany dolup bilmeseň, düşündiriş ýazmaga mejbur edýär we işden kowaryn diýip haýbat atýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gaz edaranyň işgärleriniň ençemesine salgylanyp, 4-nji dekabrda gürrüň berdi.

Işgärleriň sözüne görä, borçnamanyň ýerine ýetirilmezliginiň sebäpleri özleri bilen däl-de, käbir hojalyklaryň sarp eden gazy üçin tölegleri öz wagtynda töläp bilmezligi bilen baglanyşykly.

“Bir daýhan birleşikden her aýda onça pul ýygnap bolmaýar. Sebäbi güzerany örän garyp maşgalalar bar. Olar sarp eden gazynyň tölegini öz wagtynda töläp bilmeýärler. Başlyk adamlaryň ýagdaýyny bilse-de, olara düşünmedik bolýar. Ol şu talaplary bahana edip, her 6 aýda bir gezek işgärleri kowup, olaryň deregine täze işgärleri alýar” diýip, anonim şertde maglumat beren işgärleriň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän etrap gaz edarasy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Bu barada agzalýan edaranyň ýolbaşçysyndan kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmaýar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli etdi.

Şondan bäri ýurt resmileri bu hyzmatlaryň tölegleriniň öz wagtynda geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirdiler. Tölegleri öz wagtynda tölemedik raýatlaryň işiniň kazyýete geçiriljekdigi hem duýduryldy.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli künjeginde tölegleri öz wagtynda töläp bilmedik hojalyklaryň elektrik togunyň, gazynyň kesilendigi barada ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan döwründe maşgalalaryň alýan aýlyk-günlüginiň güzeran aýlamaga köplenç ýetmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar ilatyň gün-güzeranynyň barha kynlaşýandygyny, işsiz raýatlary we zir-zibil dörüp, derege ýarajak zat gözleýän adamlary has köp görse bolýandygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG