Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ulaglaryny tehniki barlagdan geçirjek raýatlardan 100 manat para soralýar


Polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat
Polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynda raýatlar ulag serişdelerini döwlet tehniki barlagyndan geçirende resmi töleglerden başga-da, azyndan 100 manat möçberde para bermäge mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Ýylyň aýagynda, has takygy geçen aýdan başlap Lebabyň polisiýa merkezinde ulaglaryna guratlyk hatyny almak isleýän adamlar köpeldi. Bu ýerde ulaglaryň uzyn nobatlaryny görse bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 5-nji dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, raýatlar ulaglarynda kemçilik bolsun ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, polisiýa işgärlerine 100 manat möçberde pul bermese, onda olar guratlyk hatyny alyp bilmeýärler.

“Adamlar guratlyk hatynyň resmi tölegi üçin-de ortaça 400 manat tölemeli bolýarlar. Üstesine-de, para hem bermeli bolýarlar. Para bermeseň, ulagyň reňkinde ýa-da beýleki zatlarynda problema bar diýip, dürli bahanalary tapýarlar we guratlyk hatyny bermeýärler” diýip, habarçy belledi.

Habarçy geçen aýyň dowamynda polisiýa işgärleriniň para almagy ýa-da soramagy bes edendigini aýdyp, bu tejribäniň näme sebäpden wagtlaýyn durzulanyna we gaýtadan başlananyna hiç kimiň düşünmeýändigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu barada Lebap welaýat polisiýasyndan kommentariý almak başartmady. Ýöne bu habar “parahorlyk zerarly ýüze çykan nägileliklerden soň, IIM-niň Lebabyň ähli etraplarynda ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagyny geçirmäge mümkinçilik döretjekdigi” baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

“1-nji we 10-njy noýabrdan Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň özünde raýatlaryň hususy ulaglaryny döwlet barlagyndan geçirip, guratlyk hatyny almaga mümkinçiligiň dörediljekdigi aýdylýar” diýip, Azatlygyň habarçysy 1-nji noýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýat merkezinde polisiýanyň ýeke-täk ulag tehniki gözegçilik merkezi ýerleşýär we onuň ýeke-täk bolmagy parahorlygyň möwjemegine sebäp bolýar.

Şonda habarçy soňky bir aýa golaý wagt bäri welaýatyň çäginde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň “[sürüjilerden para almak babatda] sähel gowşana meňzeýändigini aýdyp, “täze ministriň berk tutýana çalym edýändigini” hem belläpdi.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikow wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Ministrler kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasary Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Munuň yzýany, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň dürli regionlarynda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlendi we olaryň ilatdan para almagy bilen bagly wakalar hem selçeňledi.

Şonda polisiýa işgärlerine edilýän gözegçilik ýerli ýaşaýjylary sähel rahatlatsa-da, türkmenistanlylaryň ençemesi täze ýagdaýyň uzaga çekjeginiň ikuçlydygyny aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG