Aşgabatda zenan sürüjileriň täze sürüjilik şahadatnamalaryna eýe bolmakda we möhleti geçen dokumentini täzelemekde çekýän kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
- Aşgabatda zenan sürüjilere 10 ýyllyk möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny köpçülikleýin bermeýärler. Möhleti dolansoň olar hasaba alyş-ekzamenasion bölüme ýüz tutýarlar, şeýle-de bu edarany GAI-niň 4-nji bölümi diýip hem atlandyrýarlar, olar resmi sanaw boýunça ähli dokumentleri alyp barýarlar. Emma ol ýerde dokumentleri kabul etmekden ýüz öwürýärler we "bolanok" diýip, ýeke-täk düşündiriş berýärler - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, aýallar sürüjilik şahadatnamalaryny ýylyň başyndan bäri täzeläp bilmän gelýärler, emma mundan öň olaryň sürüjilik şahadatnamasy üçin tabşyrýan arzalary kabul edilýärdi. Indi bolsa doly ret edilýär.
Sürüjilik şahadatnamasy üçin arzalary ret edilen zenanlaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, polisiýanyň käbir işgärleri sebäplerini düýpden düşündirmeýän bolsalar, beýlekiler ýokardan edilen tabşyryga salgylanýarlar.
- Aýal sürüjileriň hukuklaryny kemsidýän bu gadagançylyk baradaky dokumenti görkezmek talabyna ol munuň ýokardan dilden edilen gadagançylykdygyny açyk aýtdy. "Men dokumentleri kabul edip biljek däl, maňa düşüniň" diýdi. Haçan beriljek diýlip berlen sowala bu maýor: "Berlip başlanda, şäherde gürrüň ýaýrar, şonda eşidersiňiz" diýip jogap berdi - diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz polisiýa resmisi bilen gürrüňdeşligini mälim etdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasyndan resmi maglumat we gadagançylygyň sebäpleri barada düşündiriş almak boýunça eden ençeme synanyşygy şu çaka çenli netije bermedi.
Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň habarçylarynyň bellemegine görä, käbir ýagdaýlarda polisiýanyň işgärleri dokumentleri kabul etmek meselesinde göni boýun gaçyrmakdan saklanýarlar, emma goşmaça resminama getirmegi talap edip başdan sowýarlar, ýa-da başga edaralara ugradýarlar.
-Haçan-da zenanlar şikaýatlary bilen öňki içeri işler ministri I.Mulikowa ýüz tutanlarynda, olara ýazmaça görnüşde jogap bermeýärdiler, emma jaň edip, Çoganlydaky polisiýa edarasyna ýüzlenmegi maslahat berýärdiler. Ol ýerde olaryň işi boýunça iş geçirilýändigini aýdýardylar. Emma iki hepdeden zenanlara ýol gözegçilik polisiýasynyň ýolbaşçysynyň adyndan hat gelip, ähli zerur dokumentleri toplamak we ýene-de şol başda dokument kabul etmekden ýüz öwren hasaba alyş-ekzamenasion bölüme ýüzlenmek teklip edilýärdi. Zenanlar dokumentlerini gaýtadan toplap, ol edara baranlarynda, olary ýene-de kabul etmeýärler - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Oktýabrda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy çalyşdy. Öňki ministr Mulikowyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň aşgabatly zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalaryna eýe bolmak umydy güýçlendi diýip, habarçymyz belleýär.
- Köpler içeri işler ministri Mulikowyň jenjelli işden kowulmagyndan soň aýallara sürüjilik şahadatnamalarynyň berlip başlanmagyna garaşypdy. Indi bolsa olar täze ministre netijesiz ýazýarlar. Bu dilden edilen görkezmäniň ministrlerden çykmaýana meňzeýär, olar diňe tabşyrygy ýerine ýetirýän bolara çemeli - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Şol bir wagtda-da, Azatlygyň söhbetdeşleri dürli döwlet edaralaryna ýüz tutmagyny dowam etdirýärler.
- Käbirler oz hukuklarynyň bozulmagyndan şikaýat edip, prokuratura ýüzlenýärler, emma dokumentlerini toplap şol bir hasaba alyş-ekzamenasion bölüme ýüz tutmaly diýen jogap alýarlar - diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri aýtdy.
Şol bir wagtda-da, Azatlygyň habarçysy soňky wakalaryň birinde ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekili Ombudsmene edilen ýüzlenmäniň meseläni çözmese-de, belli bir netije berendigini aýtdy.
"Haçan-da, uly sürüjilik tejribesi bolan zenan ýol polisiýasyna we IŞM-ne eden ýüzlenmelerinden soň Ombudsmene hat ýazanda, ondan jogap bolmandyr, emma bir hepdeden soň oňa ýol gözegçilik polisiýasyndan jaň edip, Ombudsmene gaýdyp ýüzlenmezlik soralypdyr, we oňa wagtlaýyn bir aýlyk sürüjilik şahadatnama bermek wada edilipdir. Bu zenan bu teklipden ýüz öwürdi we şeýle problema uçran ähli zenanlary Ombudsmene köpçülikleýin ýüzlenmäge ündedi" - diýip habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanly zenanlar şu ýylyň başyndan bäri sürüjilik şahadatnamalaryny köpçülikleýin alyp bilmän gelýärler. Mundan daşary, ulag sürüp barýan zenanlaryň köpçülikleýin saklanmagy, olaryň şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy ýaly wakalar yzygiderli ýüze çykýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.