Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzan bahaly gymmat gaz. Russiýa bilen Ukrainanyň soňky ‘gaz urşy’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukraina soňky ýyllarda öz üstünden geçýän rus gazynyň tranzit bahasynyň pesliginden şikaýat edip, Stokgolm arbitraž suduna täze talap arzasyny berdi. Bu ýerde 12 milliard amerikan dollary barada talap barýar. Şeýlelik bilen Kiýew «tranzit saklanaýan ýagdaýynda» öz çykdajylarynyň belli bölegini ýapmak isleýär diýip, «Naftogazyň» ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Witrenko aýdýar. Rus gazyny Ukrainanyň üstünden Ýewropa akdyrýan häzirki 10 ýyllyk kontrakt ýyl ahyrynda tamam bolandan soň, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze kontraktyň baglaşyljakdygyna Kiýew ynanmaýar. Bu diňe bir tebigy gaz boýunça oktýabr aýynda Brýusselde geçen üç taraplaýyn gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagy bilenen bagly däl, ol Daniýanyň öz üstünden "Demirgazyk akym - 2" gaz geçiriji gurluşyga rugsat bermegi bilenem bagly.

Mundan on ýyl öň Russiýanyň hem Ukrainanyň şol wagtky premýer-ministrleri Wladimir Putin bilen Ýuliýa Timoşenko Ýewropadaky gaz ulanyjylar üçin, Ukrainanyň üstünden geçmeli akym barada 10 ýyllyk memoranduma gol çekipdiler. Wiktor Ýanukowiç döwlet başyna gelensoň, ol kontrakt üçin Timoşenkony türmä oturtdy. Timoşenko ukrain prezidenti Orsýete gaçyp gidensoň, türmeden halas boldy. Ýewromaýdanda bolan goh-galmagalyň yz ýany Moskwa 2009-njy ýylyň kontraktynda göz öňünde tutulan arzanlaşygy ýatyrdy hem «Gazprom» müň kubmetr gaz üçin, Ukrainadan 485 amerikan dollaryny talap etdi. Bu bolsa Ýewropa bileleşigindäki gazy sarp ediji ýurtlaryň töleginden iki essä golaý ýokarydy. Şondan bäri Ukraina Orsýetden gaz satyn almaýar, iki döwletiň gaz dawasy bolsa Stokgolmdaky arbitraž sudunyň jaýynda geçýär.

Gaz dawasyna indi dört ýyldan gowrak wagt bäri seredilýär. Netijede halkara sudýalary «al hem töle» ýörelgesini ýatyrdylar, Ukraina diňe bir peýdalanan gazy üçin däl, eýsem kontraktda hasaba alnan ulanmadyk gazy üçin hem tölemeli boldy. «Gazprom» Stokgolmda bu işi ýeňip, «Naftogazdan» 4,6 milliard dollar talap etdi, ýöne sud işlerindäki çykdajylary nazarda tutup, «Gazprom» ol möçberi 2,6 milliarda getirdi. Suduň kararyndan soň, ýyllar geçse-de Ukraina ol puly Russiýa tölemedi. Ýöne ony häzir, 2009-njy ýylda baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp barýarka ýatladylar. Moskwa Ýewropa bileleşigindäki ýurtlara Ukrainanyň üstünden geçjek tranzit gazyň täze şertnamasy üçin, ol puly Kiýewe bagyşlap biljekdigini aýdýar, ýagny Moskwa ýene-de Ukraina üçin bähbitli bolmadyk talapy öňe sürýär.

«Gazprom» öz talabyny oktýabryň aýagynda Brýusselde bolan üç taraplaýyn gepleşikde öňe sürdi. Muňa Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç gaty «lapykeç» bolandygyny aýtdy. Arbitraž sudunyň talap edýän puluny üzlüşmek barada aýdylanda, bu işi anbandling – «Naftogaz» kompaniýasyna garaşly bolmadyk, diňe Ukrainadan geçýän transgaz ulgamyny dolandyrýan kompaniýanyň döredilmegini öňe sürdüler. Bu meseleler garaşylyşyna görä, dekabryň ortalaryna çözülmeli edildi. Eger Moskwa tranzit şertnamasyny Ýewropa bileleşigindäki kabul edilen kanuny şertlere laýyk ylalaşaýan ýagdaýynda-da, «Gazpromyň» talap edýän bergisiniň üzülişilmegini aradan aýyrmaýar.

«Demirgazyk akym – 2» turba geçirijisiniň kebşirlenişi.
«Demirgazyk akym – 2» turba geçirijisiniň kebşirlenişi.

“Moskwa hem Kiýew özara dawa-talaplary aradan aýyrmaly hem şertnamanyň üstüne düşjek agramdan el çekmeli. Şeýle bolanda taraplar kommersiýa bähbitlerinde deňagramlygy saklap bilerler hem işjeň gatnaşyklary ‘ak kagyzyň ýüzünden’ ýagny täzeden ýola goýarlar” diýip, «Gazpromyň» başlygy Alekseý Miller aýdýar. Şeýle hem Miller Ukrainanyň 2015-nji ýylyň ýanwarynda Antimonopol komitetiniň çykaran kararynyň ýatyrylmagyny talap edýär. Ol kararda gazyň tranzit bazaryndan diňe belli bir toparyň peýdalanan ýagdaýynda, oňa jerime salmak göz öňünde tutulýardy. Bu mejbur ediji jerime 2017-nji ýylyň iýunynda «Gazpromyň» garşysyna, şeýle hem Ukrainadaky «Gaztranzit» kompaniýasynagirizilipdi. Sebäbi «Gaztranzit» belli derejede «Gazproma» degişlidi. Şol karar ýatyrylan ýagdaýynda Moskwa 3,8 milliard dollarlyk jerimäni hasapdan öçürip biljegini aýdýar.

Orsýetiň talaplary barada «Naftogazyň» ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Witrenko Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, geçen ýyllarda Ukrainanyň rus gazyny tranzit etmegi hem ulanmagy diňe Russiýa üçin bähbitli bolupdyr. “Ukrainanyň tranzitden gelen girdejisi bilen deňeşdireniňde, «Gazprom» Ukrainanyň talap edýän gazyny satyp, 46,6 milliard dolar peýda gördi. Şeýlelikde, deňagramlylyk kimiň tarapynda?” diýip, Witrenko ýazdy.

Ýewropanyň dürli ýurtlaryna tranzit edilen gazyň «Нафтогаз» tarapyndan çap edilen grafigi.
Ýewropanyň dürli ýurtlaryna tranzit edilen gazyň «Нафтогаз» tarapyndan çap edilen grafigi.

Ýewropa gaz akdyrmagyň iň pes bahasy Ukrainanyň üstüne düşýär diýip, «Naftogaz» hasap edýär. Şu ýylyň aýagyna çenli döwür üçin baglaşylan şertnamanyň şertleri geçen ýyllarda birnäçe gezek seredilenem bolsa, netijesiz tamamlandy. Ondan daşary-da «Türkiýe akymy» diýlen gurluşygy alyp barýan South Stream Transport BV kompaniýasy barada Amsterdam suduň çykaran kararyny-da peýdalanmakçy bolýar. Amsterdam sudy ol kompaniýanyň aksiýasyny tussag edipdi, sebäbi kompaniýa gözboýagçylyga ýüz urup, hiç bir kanuna esaslanmazdan, ol aksiýany Transgaz Krasnodar LLC kompaniýasyna geçirmekçi boldy.

Şeýle meseleleriň bardygyna garamazdan, Russiýanyň prezidentiniň metbugat-sekretary Dmitriý Peskow Orsýet Ukrainanyň üstünden geçjek gaz tranzitinden ýüz öwürmeýär diýdi.

– Meniň pikirimçe, ýylyň ahyryna çenli kontrakta gol çekilmez. Biz ýanwar-fewral aýlarynda täze “gaz urşuny” göreris – diýip, kiýewli ykdysady kommentator Sergeý Fursa aýdýar. – Moskwa gaz tranziti barada «Naftogazyň» ýa-da «Gazpromyň» gepleşmegini däl, Putin bilen Zelenskiniň gepleşmegini isleýär, onda-da Putin özlerine gowy şertleri gazanmakçy bolýar. Biz eýýäm Timoşenko hem Putin şertnamasynyň nähili gymmada düşendigini gördük, biz ýyllar boýy milliardlarça dollary olara töledik. Tebigy gaz biz üçin Germaniýadaky bahasyndan gymmat. 2009 -2013-nji ýyllar aralygynda Ukraina öz goňşularyna garanda, gaz üçin has köp tölemeli boldy. Diňe Maýdanda öňe sürlen talapdan soň, Ukraina Stokgolm arbitraž suduna ýüz tutdy. Häzir «Gazprom» kontraktda göz öňünde tutulan bazar bahasyndan gaz satmakdan ýüz öwürýär.

Ukrainadan tranzit edilmeli gaz boýunça şertnama gol çekilmedik şertinde nähili ýagdaýyň ýüze çykyp biljekdigi dogruda, Ukrainanyň A. Razumakow adyndaky Ykdysady hem syýasy barlaglar merkeziniň direktory Wladimir Omelçenko şeýle pikir ýöredýär.


– Hiç bir öňden edilen çaklama 100% takyklygy aýdyp bilmez. Meniň pikirimçe, ol şertnama öz wagtynda baglaşylmasa gerek, sebäbi taraplaryň göz öňünde tutýan bähbitleri hem oňa çemeleşişi gapma-garşylykly. Ukraina şertnamanyň uzak möhletli bolmagynyň tarapynda hem-de öňünden ýa-da goşmaça şertler goýulmazdan, Ýewropanyň hukuk kadalaryna laýyk bolmagyny isleýär. Sebäbi beýle şertler hukuk kadalaryna laýyk gelmeýär. Orsýetiň garaýşy başgaça, owaly bilen Moskwa şertnama gysga möhletleýin bolmaly diýýär. Bu düşnükli ýagdaý, Russiýa «Demirgazyk akym - 2» gurlup gutarýança wagt utmak gerek. Ikinjiden, Russiýa kabul ederliksiz şerti öňde goýýar, Ukraina Stokgolm arbitraž sudunyň kararyndan, ýagyny üç milliard dollardan ýüz öwürmeli. Şuňa görä biz garaýyşlaryň garşylyklydygyny görýäris – diýip, bilermen aýdýar.

Russiýanyň teklip edýän bir ýyllyk şertnamasy baglaşylyp bilinmezmi diýen sowala ol şeýle jogap berdi.

– Belli sebäplere görä, Ukraina «Gazproma» bil baglap bilmez, sebäbi ol öz üstüne alan borçnamasyny birnäçe gezek bozdy, hatda Stokgolm arbitraž suduň kararyny-da ýerine ýetirmedi. «Gazpromyň» maksady düşnükli, ol «Demirgazyk akym - 2» geçirijini tamamlajak, şonuň üçin oňa Ukraina bilen uzak möhletli şertnamanyň geregi ýok. Onda Ukraina öz üstünden geçýän ulgamy näme üçin saklamaly, ondan girdeji gelmese? Şoňa görä Ukraina gaz geçiriji ulgamyň ähli çykdajylaryny ödär ýaly şertnamanyň bolmagyny öňe sürýär. Diňe şol ýagdaýda Ukraina ol ulgamy peýdalanyp biler. Munuň üçin azyndan 60 milliard kub metr gaz gerek.

«Demirgazyk akym - 2» Ukrainanyň häzirki akdyrýan gazyny öz üstünden geçirip bilermi diýen sowala Ykdysady hem syýasy barlaglar merkeziniň direktory Wladimir Omelçenko şeýle jogap berdi.

– Elbetde, ýok, onuň mümkinçiligi Ukrainadaky gaz geçirijiden üç esse pes. «Demirgazyk akym - 2» 50 milliard kubmetr çemesi gazy akdyryp biler, Ukraina bolsa ýylda 150 milliard kubmetre çenli tebigy gazy akdyrýar. Ol ýollarda tehniki bökdençligiň döremegi mümkin, şonuň üçinem Ukrainadan geçýän gaz akymy Ýewropa bileleşigi üçin goşmaça bir çeşme bolup durýar.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky şertnama başa barmadyk, ýagny Ukrainanyň üstünden gaz akdyrylmadyk ýagdaýynda, Ýewropa bileleşigindäki ýagdaý nähili bolar diýlen sowala ol şeýle jogap berdi.

– Ýewropa bileleşigi Ukrainadan gaz akdyrylmanda-da oňup biler. Elbetde, käbir ýurtlara – Bolgariýa, Makedoniýa hem Balkan ýurtlaryna agyr düşer. Gaz üçin olar häzirkisinden 15 -20% köp tölemeli bolarlar. Bu onlarça milliard dollara baryp ýeter. Şonuň üçinem Baltika döwletleri, Polşa, Slowakiýa Russiýadan diňe Germaniýa gaz akdyrylmagyna garşy. Bu proýektiň Ýewropa bileleşigine bölünişik getirmegi mümkin, ýagny täze gaz geçirijiden zyýana galjak döwletler ol proýekti gowy kabul etmeýär. Germaniýa bilen Russiýa bolsa bilelikde 2-nji gaz geçiriji proýekti amala aşyrmak bähbitli. Meniň pikirimçe, «Demirgazyk akym - 2» tranzitiniň töwekgelçiligi Ukrainanyň hem Merkezi we Gündogar Ýewropanyň üstüne düşýär – diýip, Ukrainanyň A. Razumakow adyndaky Ykdysady hem syýasy barlaglar merkeziniň direktory Wladimir Omelçenko aýdýar.

Soňky ýyllarda Ukraina öz serhedinden günbatardaky ýurtlary tranzit gazy bilen üpjün edip geldi. Ol gazyň möçberi ýylda 110 milliard kubmetr boldy. Onuň tranzitiniň bahasy ýylda takmynan 3 milliard dollar, bu bolsa Ukrainanyň sarp edýän import gazyndan çärýek esse köpdür.

XS
SM
MD
LG