Türkiýe “Yslam döwleti” (YD) toparynyň 959 sany daşary ýurtly agzasyny öz döwletlerine ekstradisiýa edýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň 6 sany raýaty bar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.
“Hürriyet” neşiriniň 13-nji noýabrda çap eden habaryna görä, türk hökümeti öz ýurtlaryna ekstradisiýa ediljek “Yslam döwleti” ekstremist toparyň agzalarynyň sanawyny çap etdi.
Bu sanawa görä, Merkezi Aziýa döwletlerinden Türkmenistanyň 6, Özbegistanyň 82, Gyrgyzystanyň 23, Täjigistanyň 21 we Gazagystanyň 10 raýaty öz ýurtlaryna ekstradisiýa ediler.
Şeýle-de, sanawda beýlekiler bilen bir hatarda, Russiýanyň 99, Germaniýanyň 17, Ukrainanyň 4, Azerbaýjanyň 29, Owganystanyň 11, Pakistanyň 6 we Eýranyň 3 raýaty hem bar.
Türkiýäniň daşary ýurtly raýatlary öz döwletlerine ibermek boýunça iş alyp barýan merkezinde saklanýan “Yslam döwleti” toparynyň agzalaryny öz ýurtlaryna ibermek işleriniň şu aýyň aýagyna çenli amala aşyryljakdygy hem habarda bellenilýär.
Aýdylmagyna görä, bu adamlar Türkiýä baran “Yslam döwletiniň” agzalaryny tussag etmek boýunça 2019-njy ýylyň dowamynda geçirilen 1201 sany operasiýanyň çäginde saklanyldy.
“Bu operasiýalarda 2 müň 782 adam saklandy, olardan 843 sanysy tussag edildi. Şol döwürde ÝD-nyň 191 sany agzasy serhetden geçmäge synanyşan mahaly saklandy. YD-nyň 98 agzasy bolsa Siriýadan gaçyp, özlerini türk howpsuzlyk güýçlerine tabşyrdylar” diýip, “Hürriýet” neşiriniň habarynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkiýäniň migrasiýa gullugy bilen habarlaşyp, “Yslam döwletiniň” agzasydygy aýdylýan türkmenistanlylaryň şahsyýetleri we olaryň haçan hem-de nirede saklanandygy barada maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden hem kommentariý alyp bilmedi.
Bu Türkmenistanyň raýatlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň düzümine goşulandygy ýa-da onuň çäginde söweşýändigi barada köpçülige ýaýran ilkinji maglumatlar däl.
24-nji maýda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda Owganystanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjysy Kudratulla Farýap welaýatynyň çäginde YD toparynyň özüni türkmenistanly diýip tanyşdyran dört söweşijisine duşandygyny gürrüň beripdi.
20-nji martda ANF habar agentligi “Yslam döwletiniň” hatarynda Siriýada ele salnan türkmenistanlynyň wideosyny ýaýratdy. Wideoda özüni Ýusup atlandyrýan adam “Yslam döwleti” toparynyň hataryna Stambuldan baryp goşulandygyny aýdýar. Ol Stambula Türkmenistandan barypdyr.
5-nji martda bolsa, Reuters habar agentligi Siriýanyň gündogar anklawynda ýüzlerçe jyhadçynyň, şol sanda türkmenistanly söweşijileriň hökümet güýçlerine tabyn bolandygyny habar beripdi.
“Söweşijiler dürli ýurtlardan bolup, olaryň arasynda Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň raýatlary hem bar” diýip, “Reuters” neşiri aýdypdy.
2015-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkiýäniň “Anadolu” resmi habar agentligi türk harbylaryna salgylanyp, ýurtda şol ýylyň dowamynda Siriýa barýan 29 sany türkmenistanlynyň tussag edilendigini habar berdi. Agzalýan adamlar Siriýa bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşýan mahaly tussag edilipdir.
Hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän “The Soufan Group” toparynyň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ýaýradan hasabatynda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 400 sany adamyň Siriýa we Yraga gidendigi bellenilýär.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň metbugatynda hem maglumat berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.