Türkmenistanyň Aşgabat we Türkmenabat şäherleriniň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Bu waka Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary hojalyklarda aşa bulançak we zeňlän suwuň akýandygyny aýdyp, ondan ne içmek, ne-de beýleki zerurlyklar üçin peýdalanar ýaly däldigini belleýärler.
“Türkmenabadyň 1-nji, 2-nji we 5-nji etrapçalaryndaky köp gatly jaýlardaky kranlardan sarymtyl reňkdäki, zeňlän suw akýar. Suwuň düzümindäki korroziýa, ýagny zeň onuň tagamyny-da örän ýakymsyz edýär. Ondan içer ýaly däl, reňki hem sap sary” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji noýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu sebitiň ýaşaýjylary suwuň hiliniň ýaramazdygy barada Türkmenabat şäher häkimligine indi ençeme ýyl bäri şikaýat edýän bolsa-da, olara oňaýly reaksiýa bildirilmeýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri hojalyklara berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygy bilen bagly problemanyň indi ençeme ýyl bäri saklanyp galýandygyny, şol sebäpli maddy mümkinçiligi bolan maşgalalaryň aglabasynyň jaýlaryna suw arassalaýjy filtrleri, süzgüçleri dakdyrýandygyny aýdýar.
“Şäherde hojalyklara berilýän suwuň we turba geçirijileriniň kadaly arassalanmaýandygy barada indi ençeme ýyl bäri gürrüňler bar. Bu iş kadaly amala aşyrylmaýandygy üçin kranlardan zeňlän, poslan suw akýar, onuň düzüminde gum we beýleki garyndylar hem bar. Onuň tagamy hem örän ýakymsyz. Şol sebäpli mümkinçiligi bolan adamlar öýlerine suw arassalaýjy filtrleri dakýarlar” diýip, aşgabatly habarçy 4-nji noýabrda gürrüň berdi.
Ýöne habarçy suwuň düzüminiň aşa hapalygy sebäpli filtrleriň yzygiderli hatardan çykýandygyny, şol sebäpli olary çalt-çaltdan çalyşmaly bolýandygyny aýdyp, munuň köp maşgalalara agram salýandygyny hem belleýär.
“Mundan birnäçe ýyl ozal bir filtr 2-3 aýa çenli çydaýardy. Häzir bir aýa-da ýetenok. Tomusda bolsa, suw köp sarp edilýändigi üçin aýda 2 gezek çalyşmaly bolýar. Öý ulgamynda adatça üç filtr goýmaly. Olaryň her biriniň bahasy 30 manada durýar. Her bir maşgala aýda 90 manady filtrlere sarp edip bilmeýär. Şol sebäpli köp maşgalalar filtr goýman, sarymtyl, zeňlän suwdan içmeli, peýdalanmaly bolýar” diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Aşgabat şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi. Ýöne ýurt raýatlarynyň suwuň hili barada edýän şikaýatlary Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda çap edilen habara görä, 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsüriň Kair şäherinde geçirilen Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, munuň Türkmenistan üçin nämäni aňladýandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygy, şeýle-de ýurduň dürli pudaklaryndaky suw ýetmezçilikleri barada dowamly maglumatlary berip gelýär.
Munuň bilen bir wagtda, tomsuň jokrama yssysynda ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda paýtagt Aşgabatda ýaşaýjylaryň ençeme sagatlap suwsuz galmagy bilen bagly wakalar hem her ýyl diýen ýaly ýüze çykýar.
Bütindünýä Resurslar Institutynyň (BRI) şu ýylyň awgust aýynda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ilaty çenden ‘aşa suw stressinden' ejir çekýär. Dünýäniň 17 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy tas “nola” deň bolup, uzakly günüň dowamynda kranlardan suw akdyrylmaýar diýip, BRI-niň hasabatynda aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda suw ýetmezçiligi we onuň hili hem-de kesilmegi bilen bagly problemalary agzamaýarlar. Bu barada ýerli metbugatda hem gürrüň gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.