Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabyna degişli Köşi massiwiniň ýaşaýjylary bu sebitde alnyp barylýan gurluşyk işler sebäpli özleriniň dürli, şol sanda ýollaryň gazylmagy, suwuň we elektrik energiýasynyň kesilmegi ýaly kynçylyklar bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, häzirki wagt “Älem” kinoteatryny ýykyp, Magtymguly şaýoluny günbatarlygyna tarap dowam etdirýärler we ýoluň iki tarapynda beýik, köp gatly jaýlaryň gurluşygy alnyp barylýar.
“Bu sebitde 10-dan gowrak köp gatly jaýyň gurluşygyny şu ýylyň ahyryna çenli tamamlap, dekabrda tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol sebäpden ýaşaýjylar dürli kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Gurluşyk tehnikalary bir gün suw turbasyny, beýleki gün elektrik simlerini kesýär. Ýaşaýjylar ençeme sagatlap, käte ondan hem köp suwsuz, toksyz oturmaga mejbur bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýük ulaglarynyň yzygiderli gatnaýandygy sebäpli ýollar ber-bibet ýagdaýda. Hemme ýer tozan. Kesilen suw turbalardan agyz suwunyň ýere akýanlygy sebäpli ýollar hem yzygiderli laý-palçykdan doly.
“Alnyp barylýan bu gurluşyklara dul degşik duran 30 sany jaý bar. Bu jaýlarda ýaşaýan ýaşaýjylaryň ählisi diýen ýaly şu problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Adamlar tehnika serişdeleriniň, uly ulaglaryň yzygiderli gatnaýandygy sebäpli çagalaryny daşary goýbermäge gorkýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.
Habarçy ýerli ýaşaýjylaryň käbiriniň gurluşyk tehnikalarynyň gopguny, suw we elektrik energiýasynyň kesilmegi barada etrap häkimligine şikaýat bilen ýüzlenendigini, ýöne häzire çenli oňaýly netije alyp bilmeýändigini hem belledi.
Mundanam başga, habarçy şu günler Aşgabadyň ýene bir sebitiniň ýaşaýjylarynyň oňaýsyzlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Ol ýakynda Aşgabadyň Gurbansoltan eje, Ýerewanskiý, Nurmuhammet Andalyb, Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda ýerleşýän hojalyk jaýlarynyň öňünde köçeleri abatlamak işleriniň geçirilendigini belledi. Şonda habarçy hojalyk jaýlarynyň öňündäki jähekleriň beton guýlup galdyrylandygyny aýtdy we munuň adamlaryň öz howly jaýlaryna awtoulagyny salmagynyň öňüni almak üçin edilendigini belledi.
“Häzir bu beton jähekler sebäpli adamlar ulaglaryny öz howly jaýlaryna salyp bilmeýär. Indi adamlar awtoulaglaryny tölegli duralgalarda goýmaga mejbur bolýar. Bu adamlardan pul almak üçin edilýän ýene bir çäre ýaly bolup görünýär. Sebäbi bu adamlar üçin hem maddy çykdajy, hem-de wagt ýitirmek bolýar” diýip, habarçy aýtdy.
Habarçymyzyň Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna iberen wideo ýazgysynda howly jaýlaryň öňündäki beton jähekleriň beýikliginiň ortaça 20-25 santimetre barabardygyny görse bolýar.
Soňky ýyllarda Aşgabady abadanlaşdyrmak çäreleriniň çäginde şäheriň dürli künjeginde köp gatly we hojalyk jaýlarynyň müňlerçesi ýykylyp, onuň deregine täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler gurulýar we köçeler abatlanýar.
Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar bu gurluşyklar we abatlaýyş işleri sebäpli raýatlaryň ýollaryň ýapylmagy, jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi ýaly wakalar bilen wagtal-wagtal ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar.
Maglumat üçin aýtsak, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işine nägilelik bildirdi. Häkim Şamuhammet Durdylyýewiň paýtagtdaky ýagdaýlar, ony abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gök zolaklary döretmek, dürli maksatlara gönükdirilen obýektleriň gurluşygynyň depgini barada beren hasabatyndan soň, prezident şäher we etrap häkimlikleriniň işinden özüniň nägiledigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.