Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň polisiýasy ýerde azyk önümlerini satýan satyjylary bazaryň golaýyndan kowýar


Ýoluň gyrasynda oturyp, dermanlyk ösümlik we bal satýan söwdagärler.
Ýoluň gyrasynda oturyp, dermanlyk ösümlik we bal satýan söwdagärler.

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Lebabyň polisiýasy ýaşaýjylaryň öz hususy hojalyklarynda öndürýän önümlerini satdyrman, olary bazarlaryň daş-töwereginden kowýar.

“Lebabyň polisiýasy hususy hojalyklaryň öndürýän süýt, gatyk we ýumurtga önümlerini bazarlarda ýa-da şäher merkezlerinde satmaga rugsat bermeýär. Şäher we bazar polisiýasy elin azyk önümlerini satýan satyjylary gören ýerinde kowup başlaýar, käte olary tutup polisiýa merkezine alyp gidýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçymyz 7-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy polisiýa işgärleriniň bazarlaryň golaýynda ýerde oturyp, söwda edýän satyjylara paýyş sözler aýdyp, gödek çemeleşýändigini, hatda olaryň azyk önümlerini ýere döküp, zaýalaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Käbir polisiýa işgärleri hapa, paýyş sözleri aýdýarlar. Satyjylaryň arasynda uly ýaşly daýzalar hem bar. Golaýda polisiýa işgärleri şäheriň ‘Gök bazarynda’ süýt we gatyk satýan bir daýzany erbet kemsidipdir. Daýzanyň eden haýyşyna garamazdan, polisiýa işgärleri onuň süýt we gatyklaryny bazaryň ortasyndaky kanalizasiýa çukuryny açyp, şonuň içine döküpdirler we mundan beýläk bikanun azyk satmazlygy tabşyrypdyrlar” diýip, habarçy waka şaýat bolan lebaply ýaşaýja salgylanyp gürrüň berdi.

Türkmenistanda indi 10 ýyla golaý wagt bäri ilatyň öz hojalyklarynda öndüren gök-bakja, süýt, gatyk we ýumurtga ýaly önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde ýa-da etrapçalaryň aralarynda satmaga rugsat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny, olaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, köçede azyk önümlerini satýanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Şol bir wagtda, öz bag-bakjasynda ýa-da hojalygynda mal-gara saklap, azyk önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde satýan kiçi söwdegärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

“Biziň her birimiz günde ujypsyzja möçberde azyk önümini satýarys. Söwda tekjelerinde otursak, onda bize peýda galmaýar. Galyberse-de, tanşyň bolmasa, rugsatnamany hem almak aňsat däl” diýip, öz hojalygynda öndüren süýt we gatyk önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde satýan lebaply kiçi söwdagär aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy hojalyklarda elin öndürilýän azyk önümleriniň, şol sanda süýdüň, gatygyň we ýumurtganyň her gün halka täzeligine ýetirilýändigini aýdyp, olara ilat arasynda islegiň ýokarydygyny belleýär.

Şeýle-de, habarçy bu söwdagärler tarapyndan satylýan azyk önümleriniň bahasynyň ýerli kärhanalar tarapyndan öndürilýän harytlaryň nyrhlary bilen deňeşdireniňde ep-esli arzandygyny aýdyp, käbir önümleriň bahalary barada maglumat berdi.

“Elin süýdüň 1,5 litrniň bahasy 7 manat bolsa, ýerli telekeçileriň öndüren gaplanan süýdüniň 1 litrniň bahasy 10 manada barabar. Elin gatygyň 1 litriniň bahasy 5 manat bolsa, gaplanan gatygyň bahasy 8 manat 50 teňňä deň” diýip, habarçy belledi.

Daşoguz: Polisiýa satyjylary bazardan kowýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Lebap welaýat polisiýa bölüminden we Türkmenabat şäherindäki “Gök bazaryň” administrasiýasyndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň ýerli ýaşaýjylara bakjalarynda ýetişdiren önümlerini satdyrman, olary bazardan we onuň daş-töwereginden kowýandygy barada Azatlyk Radiosyna mundan öň hem habarlar gelip gowşupdy.

Geçen ýylyň 7-nji awgustynda gowşan wideo ýazgyda Daşoguz welaýatyndaky “Daýhan bazarynda” polisiýa işgärleriniň aýal satyjylaryň üstüne kemsidiji sözler bilen gygyryp, olara berk daraşýan we bazardan çykaryp kowýan pursatlaryny synlasa bolýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG